Lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň kafedra müdiri,fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty-Nuryýew S.


Salgysy:Aşgabat ş,Arçabil şaýoly,18, biologiýa binasy,2-nji gat,3333-otagy;

Tel.: (+99312) 48-99-31

e-mail: tdlutm@tdlu.edu.tm 




Medisina we biologik fizika kafedrasy 1932-nji ýylda esaslandyryldy. Kafedrada 6 sany okuw otagy we 5 kompýuter otagy, 2 sany barlaghana, uly we kiçi beýan zaly bar. Ähli okuw otaglary geçirilýän derse degişlilikde görkezme esbaplar bilen üpjün edilen. Barlaghana otaglarynda goýlan enjamlar ýürek-gan damar, dem alyş ulgamlarynyň we suwuklyklaryň häsiýetlerini öwrenmäge mümkinçilik berýär, munda fizioterapewtik enjamlar ýerleşdirilendir.

Kafedrada “Medisina we biologik fizika hem-de lukmançylyk enjamlary”, “Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary”, “Sanly ykdysadyýet”, “Ýokary matematika”, “Telemedisina” dersleri boýunça sapaklar okadylýar. Kafedranyň mugallymlary tarapyndan 100-den gowrak ylmy-usuly işler çap edildi, şol sanda: “Lukmançylyk we biologik fizika”, “Bioenergetikanyň esaslary”, “Lukmançylyk enjamlary”, “Lukmançylyk statistikasynyň esaslary”, “Antioksidantlar we erkin radikallar”, “Induktotermiýa. Defibrillýator. Kardiostimulýator” we başg., şeýle hem ähli dersler boýunça beýan sapaklaryň ýygyndylar toplumy we olaryň elektron görnüşleri taýýarlandy.

Kafedranyň mugallymlary tarapyndan aşakda görkezilen temalar boýunça ylmy işler alnyp barylýar: “Innowasion usulda şypaly palçyklar bilen elektroforeziň geçirilişi”, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleriniň fiziko-himiki we farmako-biologik aýratynlyklary”. Ylmy işleriň netijeleri Türkmenistanyň dürli ylmy žurnallarynda, ylmy-amaly maslahatlaryň ýygyndylarynda çap edilýär.

Kafedrada ukyply we bilesigeliji ýaşlary jemleýän “Fizika” dersi boýunça talyplaryň gurnagy hereket edýär. Has işjeň we zehinli talyplar “Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary” Internet-olimpiadasyna gatnaşýarlar.




Esasy görkezijiler
5543
Talyplar
57
Ugurlar
447
Mugallymlar