Announcements

Last announcements

📅 22.10.2026

“Logistika” boýunça onlaýn bäsleşigi

Hormatly Prezidentimiziň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň (CICA) 7-nji sammitinde eden çykyşynda öňe süren başlangyçlarynyň we teklipleriniň ähmiýetini giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilýär.I.UMUMY DÜZGÜNLER Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda ulag-logistika düzümini ösdürmek we kämilleşdirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, hereket edýän ulag-aragatnaşyk ulgamyny giňeltmek we täzelerini döretmek boýunça giň möçberli maksatnamalar amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy bilen, önümçiligiň ähli görnüşiniň taýýar önümi çykarmaga bolan ukybynyň artdyrylmagy, bazar hyzmatlarynyň köptaraplaýyn ýola goýulmagy we innowasion ösüşleriň düýbüniň tutulmagy, ilkinji nobatda, adam maýasyny yzygiderli kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilmegine esaslanýar. Ulag-logistika ulgamy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm bölegi bolup durýar. Şonuň üçin bu ugurda milli ykdysadyýetimiziň esasy ugry ösen we täsirli ulag ulgamyny döretmek, hyzmatlaryň hilini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmak, içerki we daşarky bazarlarda onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we üstaşyr mümkinçilikleri giňeltmek esasy wezipe bolup durýar. Şoňa görä-de,bu maksatlary durmuşa geçirmekde logistiki gurşawyň esasy ugurlaryň biri - bu ýaýlymda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakdyr. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde öňde goýulýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin logistler, programmaçylar, inženerler, tehnologlar ýaly hünärmenlere zerurlyk göz öňünde tutulyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň maksatnamalaryna täze ugurlary öwrenmek, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hünärler boýunça hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly wezipeler girizildi. Ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda “Logistika” boýunça onlaýn bäsleşiklerini yzygiderli geçirmek ýaşlarymyzyň logistikadan, sanly tehnologiýalardan netijeli peýdalanmakda ukyplaryny açyp görkezer, şeýle hem sanly özgertmeleri başdan geçirýän ýurdumyzda intelektual tehnologiýalary ulanmagy, çylşyrymly meselelerde bulary işjeň peýdalanmagy başarýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam eder. II.BÄSLEŞIGIŇ ESASY WEZIPELERI Ulag we logistika ýaly geljegi uly ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmak şertlerinde giňeldilmegi we durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçiriljek “Logistika” boýunça onlaýn bäsleşiginiň esasy wezipeleri talyp ýaşlaryň öwrenen nazary bilimlerini kämilleşdirmeklerine, amaly endiklerini ýokarlandyrmaklaryna, häzirki döwürde ýüze çykýän ylmy we amaly meseleleri üstünlikli çözmäge, sanly tehnologiýalary özleşdirmeklerine, täze ylmy taglymatlary, öňdebaryjy barlaglary we tehnologik tejribeleri öwrenmeklerine, ukyply ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, zehinleri has-da ýokarlandyrmaga, terbiýeçilik ähmiýetli işleri alyp barmaga gönükdirilendir.III. BÄSLEŞIGIŇ GEÇIRILIŞ TERTIBI WE ŞERTLERI 1. Bäsleşik 2026-njy ýylyň noýabr aýynyň 20-ne sagat 14:00-da hasaba alnan ýokary okuw mekdeplerinde bir wagtda geçiriler we ähli gatnaşýanlar wideoşekilli aragatnaşyk arkaly görkeziler.2. “ Logistika” boýunça onlaýn bäsleşigi ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilip, her bir ýokary okuw mekdebinden 5 (bäş) talyp gatnaşyp biler we guramaçy institutyň sanly bilim portalynyň binýadynda her ýokary okuw mekdebiniň özünden onlaýn görnüşinde gatnaşmak arkaly geçiriler.3. Olimpiada gatnaşýan ýokary okuw mekdebi olimpiada 30 sany test soragy we 4 sany mesele hödürläp biler. Hödürlenýän meseleler anyk çözüwi bilen guramaçylyk toparyna olimpiadanyň geçiriljek senesinden 10 gün öňünden ugradylmaly.4. Teklip edilýän soraglar logistikanyň we logistiki modelirlemegiň dürli ugurlaryna degişli bolup biler. Olimpiadany gurnaýan ýokary okuw mekdebi hödürlenen meseleleriň içinden 30 sany test soragy we 4 sany mesele saýlaýar. Her bir test soragy 2 ball bilen bahalandyrylýar. Her bir mesele 10 ball bilen bahalandyrylýar we bäsleşikde jemi 100 ball gazanmak mümkinçiligi bar.5. Gatnaşyjylara olimpiadanyň dowamynda 30 sany test soragy we 4 sany mesele çözmeklik üçin 2 sagat wagt berilýär.6. Gatnaşyjylara bäsleşigiň geçýän wagtynda öz ýany bilen mobil we elektron hasaplaýjy gurluşlary, foto, audio we wideo enjamlaryny, gözükdirji seriş-deleri, maglumat göterijileri we beýleki sanly serişdeleri ulanmaga rugsat berilmeýär.7. Bäsleşige gatnaşýan talyplar sowallary özbaşdak işlemeli. Bäsleşigiň geçirilýän wagtynda goşmaça kömek edilen, töweregindäki adamlar bilen gürrüň eden ýa-da kitap-gazet makalalaryny ulanan ýagdaýynda gatnaşyjy bäsleşge gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylýar.8. Bäsleşige gatnaşýan talyplarynyň işleriniň netijesi boýunça düşünişmezlik ýüze çykan ýagdaýynda talyplara ýolbaşçylyk edýän mugallym guramaçylyk bahalandyryş toparyna arz-şikaýat bilen elektron poçta arkaly ýüz tutup biler: olousolymp@gmail.сom9. Arz-şikaýat ýüz tutmalar guramaçylyk-bahalandyryş topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni toparyň başlygy kesgitleýär, onuň ahyrky çözgüdi kabul edilýär.10. Bäsleşige gatnaşjak talyplar we jogapkär mugallym baradaky maglumatlary 2026-njy ýylyň noýabr aýynyň 15-na çenli aşakda görkezilen nusga laýyklykda (*.docх) faýlynda olousolymp@gmail.сom salgysyna ugratmaly. Ýokary okuw mekdebiniň ady T/bTalybyň familiýasy, ady we atasynyň adyÝyly,hünäriEl telefony,elektron poçtasynyň salgysy1 2 3 4 5 Jogapkär mugallymyň familiýasy,ady we atasynyň ady,wezipesi,telefon belgisi, elektron poçtasynyň salgysy IV. BÄSLEŞIGIŇ NETIJELERINI JEMLEMEK WE ÝEŇIJILERI SYLAGLAMAK 1.Bäsleşikde gazanyljak ballaryň iň ýokary mümkinçiligi 100 ball.2.Bäsleşigiň netijesi her gatnaşyjynyň toplan ballarynyň jemi boýunça kesgitlener.3.Bäsleşigiň netijesi beýanlar arkaly resmileşdiriler, guramaçylyk-bahalandyryş toparynyň netijenamasy esasynda tapawutlanan talyplar ýeňiji diýip yglan ediler we olar I,II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanar. Habarlaşmak üçin telefonlar:+99363762276E-mail: olousolymp@gmail.сom

Detail ›
📅 22.10.2026

Maliye hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýokary hünär bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de ösdürmek baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, talyplaryň ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda nazary bilimlerini çuňlaşdyrmak we amaly başarnyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyny guramak we geçirmek boyunça şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.I. Umumy düzgünler1. Şu Düzgünnama ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda «Maliye hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça Açyk halkara internet olimpiadasyny guramagyň we geçirmegiň tertibini kesgitleýär.2. Açyk halkara internet olimpiadasynyň geçirilmegi «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersine degişli meseleleri özbaşdak çözmegi başarýan zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam eder.3. Açyk halkara internet olimpiadasynyň maksady şu aşakdakylardan ybarat:a) «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boyunça ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň nazary bilimlerini çuňlaşdyrmak we amaly başarnyklaryny kämilleşdirmek;b) «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boyunça talyplaryň pikirlenmelerini we dünýägaraýyşlaryny ösdürmek;c) ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň arasynda özara pikir alyşmalary guramak;d) amatly dolandyryş çözgütlerini kabul etmäge ukyply ýaş hünärmenleri taýýarlamak.4. Açyk halkara internet olimpiadasynyň wezipesi şu aşakdakylardan ybarat:a) sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersine degişli meseleleri çözmeklige gyzyklanma döretmek;b) zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň intellektual taýdan ösüşi bilen bagly oňyn şertleri döretmek;c) sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiyalary arkaly ýokary okuw mekdepleriň arasynda özara gatnaşyklary alyp barmak.II. Açyk halkara internet olimpiadanyň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi5. Ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça Açyk halkara internet olimpiadasyny guramak we geçirmek boyunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk toparynyň düzümi Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanýar.6. Guramaçylyk topary:a) ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary> dersi boyunça Açyk halkara internet olimpiadasyny geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de olimpiadany guramak we geçirmek boyunça guramaçylyk işlerini ýerine ýetirýär;b) Açyk halkara internet olimpiadany geçirmegiň tertibini we möhletini kesgitlemek boyunça teklipleri, usulyýet we gözükdiriji gollanmalary taýýarlaýar;c) Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen Açyk halkara internet olimpiadanyň meselelerini işläp taýýarlamak boyunça zerur işleri alyp barýar.III. Açyk halkara internet olimpiadany guramagyň we geçirmegiň tertibi7. Açyk halkara internet olimpiada Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň bilim maksatnamalary boyunça dürli taýýarlyk ugurlarda/hünärlerde okaýan talyplary gatnaşyp bilerler;8. Açyk halkara internet olimpiada her ýokary okuw mekdebinden 4-den (dörtden) köp bolmadyk talyp gatnaşyp biler.9. Açyk halkara internet olimpiadanyň resmi iş dilleri - türkmen, iňlis we rus dilleridir.10. Yokary okuw mekdepleri Açyk halkara internet olimpiada gatnaşýan talyplar baradaky maglumatlary Türkmen döwlet maliye institutynyň tdmai.tbm@gmail.com elektron poçtasyna 2026-njy ýylyň 21-nji noýabryna çenli ibermelidirler.11. Açyk halkara internet olimpiada 2026-njy ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň resmi internet sahypasynda «Moodle» platformasy arkaly geçiriler. Başlanýan wagty sagat 12:00 (Aşgabat wagty).12. «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boyunça geçiriljek Açyk halkara internet olimpiadada 10 (on) sany ýumuş hödürlener we olary çözmek üçin 120 (bir ýüz ýigrimi) minut wagt berler.13. Açyk halkara internet olimpiada gatnaşýan her bir talyp berilýän ýumuşlary özbaşdak ýerine ýetirmelidir. Açyk halkara internet olimpiadanyň geçýän wagtynda talyplara biri-biri bilen gepleşmäge, dürli neşir önümlerinden peýdalanmaga rugsat berilmeyär. Şu düzgünleri berjaý etmeýän talyplar olimpiada gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylar.14. Açyk halkara internet olimpiadanyň Eminler toparynyň düzümine Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylym-bilim edaralarynyň wekilleri girer. Eminler toparynyň düzümi webaşlygy Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanýar.15. Eminler topary olimpiada gatnaşýan talyplaryň işlerini bahalandyrýar we netijelerini jemleýär.16. Arz-şikayatlara Eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni Eminler toparynyň başlygy kesgitleyär. Çykarylan gutarnykly netije üýtgedilmeyär.V. Açyk halkara internet olimpiadanyň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi17. Açyk halkara internet olimpiadanyň netijesi şahsy bäsleşikde toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenýär.18. Açyk halkara internet olimpiadanyň netijeleri beyanlar arkaly resmileşdirilýär we Eminler toparynyň netijenamasy esasynda ýeňijileriň düzümi Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.19. Yeňijileriň umumy sany gatnaşyjylaryň 50%-den geçmeli däldir. Diplomlar 1:2:3 gatnaşykda kesgitlenilýär.20. Açyk halkara internet olimpiadanyň ýeňijileri I, II we III derejeli Diplomlar bilen sylaglanylýar.21. Açyk halkara internet olimpiadada 6 (alty) sany meseläni doly çözen, ýöne baýrakly orna mynasyp bolup bilmedik talyplar höweslendiriji Hormat haty bilen sylaglanylýar.

Detail ›
📅 22.10.2026

“Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar, emeli aň we kiberhowpsuzlyk: ylmy-tehnologik ösüşiň häzirki zaman ugurlary” atly utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahaty

Utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahatyny guramak we geçirmek hakyndaDÜZGÜNNAMA Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda”, şeýle hem bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” we “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil nesli kemala getirmek, zehinli talyplary ylma çekmek we ylmy derejeli işgärleri taýýarlamak boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek, ylym-bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, ylmy işgärleriniň, aspirantlarynyň, magistrleriniň, talyplarynyň şeýle hem kompaniýalarynyň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda “Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar, emeli aň we kiberhowpsuzlyk: ylmy-tehnologik ösüşiň häzirki zaman ugurlary” atly utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahatyny (mundan beýläk-ylmy maslahat) döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak we geçirmek üçin şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy. I. Umumy düzgünler 1.1. Şu Düzgünnama ylmy maslahaty guramagyň we geçirmegiň tertibini kadalaşdyrýar we Türkmenistanyň Bilim ministriniň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidentiniň bilelikdäki buýrugy bilen tassyklanan “Ýokary hünär bilimi edarasynda ylmy çäreleri geçirmegiň Tertibine” laýyklykda işlenilip düzüldi. 1.2. Ylmy maslahat ylym-bilim ulgamynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy edaralarynyň we kompaniýalarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge, özara tejribe alyşmaga we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berer. 1.3. Ylmy maslahatyň gurnaýjysy hökmünde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Kiberhowpsuzlyk, Informatika we maglumat tehnologiýalary we Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary kafedralary çykyş edýär. 1.4. Ylmy maslahatyň geçirilýän möhleti we şertleri uniwersitetiň www.iogu.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölüminde ýerleşdirilýär. 1.5. Ylmy maslahatyň resmi iş dilleri – türkmen, rus we iňlis. II. Ylmy maslahatyň maksady we wezipeleri Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, talyplarynyň, şeýle hem ylmy edaralaryň alymlarynyň we kompaniýalaryň hünärmenleriniň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we özara bähbitli ylmy maglumatlary alyş-çalyş etmek hem-de tejribe alyşmak. Dünýäniň öňdebaryjy sanly tehnologiýalaryny we innowasiýalaryny ylym-bilim ulgamyna we önümçilige ornaşdyrmak. Ylmy maslahatyň wezipeleri:a) Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek;b) Türkmenistanyň Prezidentiniň strategik maksatnamalarynyň çäklerinde «ylym-bilim-önümçilik» arabaglanyşygyndan ugur alyp, bilim ulgamynyň ylym we önümçilik bilen utgaşmagyny gazanmak;ç) ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň we talyp ýaşlarynyň arasynda ylmy pikir alyşmalaryny guramak;d) zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmak, ylma çekmek we ylmy derejeli işgärleri taýýarlamak;e) okatmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, ýaşlara berilýän bilimiň hilini we derejesini ýokarlandyrmak;ä) ýurdumyzda we daşary ýurtlarda ylmyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmak;f) ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we işjeňleşdirmek;g) ýurdumyzyň ylmy-barlag, önümçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak;h) önümçilik we ylmy-barlag, gözleg işlerinde ýüze çykýan derwaýys ylmy hem-de amaly meseleleri çözmäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmek; III. Ylmy maslahatyň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi Ylmy maslahaty talabalaýyk geçirmek üçin uniwersitetiň abraýly we tejribeli professor-mugallymlaryndan düzülen Guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk topary:a) ylmy maslahaty ýokary derejede guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar;b) ylmy maslahaty guramaçylykly geçirmek boýunça teklipleri taýýarlaýar;ç) uniwersitetiň uly mejlisler zalyny sanly serişdeler bilen üpjün edýär;d) ylmy maslahatyň netijelerini jemleýär we hasabat görnüşinde Türkmenistanyň Bilim ministrligine iberýär. IV. Ylmy maslahaty guramagyň we geçirmegiň tertibi 4.1. Ylmy maslahat 2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda 09:00-da Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Mejlisler zalynda dabaraly açylýar we geçirilýär. 4.2. Gatnaşyjylaryň çykyşlary onlaýn tanyşdyryşlaryň üsti bilen amala aşyrylýar we olaryň many-mazmuny ylmy maslahatyň ugruna doly laýyk gelmelidir we çykyş edýäniň hünär ussatlygynyň aýratynlyklaryny açyp görkezmelidir. 4.3. Tanyşdyryşyň 1-nji slaýdynda Ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň we kompaniýalaryň doly atlary, çykyş edýäniň temasynyň doly ady, familiýasy, ady, atasynyň ady we wezipesi görkezilýär. 4.4. Tanyşdyryş (prezentasiýa) Power Point programmasynda taýýarlanylýar we onuň jemi sahypa sany 10 slaýddan az bolmaly däldir; 4.5. Çykyşyň dowamlylygy 15 minutdan, gatnaşyjylaryň soraglaryna jogap 5 minutdan köp bolmaly däldir. V. Ylmy maslahatyň işiniň jemini jemlemek 5.1. Guramaçylyk topary 2026-njy ýylyň noýabr aýynyň üçünji on günlüginde ylmy maslahatyň işiniň jemlerini jemleýär we resmi web sahypasyna ýerleşdirýär. 5.2. Ylmy maslahatda tapawutly çykyş edenler we gatnaşyjylar degişlilikde diplomlar, sertifikatlar bilen sylaglanylýarlar we olaryň elektron poçtalaryna iberilýär. 5.3. Ylmy maslahatyň netijeleri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we uniwersitetiň web sahypalarynda ýerleşdirilýär, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryny, ylmy işgärlerini, magistrlerini, aspirantlaryny, talyplaryny, şeýle hem kompaniýalaryň hünärmenlerini ylmy-amaly maslahata işjeň gatnaşmaga çagyrýarys. Resmi iş dilleri: türkmen, rus we iňlis dilleri. Gatnaşmagyň görnüşi: şahsy we uzak aralykdan. Daşary ýurtly gatnaşyjylar üçin Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ähli amatlyklary bolan umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşamak, naharlanmak we Aşgabat şäheriniň çäginde gatnaw hyzmatlary çagyrýan tarapyň hasabyna üpjün edilýär. Aşgabada gelmek we Aşgabatdan gitmek bilen bagly çykdajylar bolsa ugradýan tarapyň hasabyna tölenýär. Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmak üçin, Goşundyda görkezilen çykyş edijileriň hasaba alyş görnüşini taýýarlamaly we çykyşyň teksti hem-de tanyşdyrylyşy bilen bilelikde 2026-njy ýylyň 15-nji noýabryna çenli iogu.digitalconference@gmail.com elektron salgysyna ibermeli.Habarlaşmak üçin:Tel.: +993 12 39 13 03, +993 12 39 13 36, +993 12 39 14 47, +993 65 87 80 16, +993 65 88 54 45, +993 65 67 51 31 Guramaçylyk topary

Detail ›
📅 22.10.2026

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara açyk informatika internet olimpiadasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2026-njy ýylyň 30-njy ýanwaryndaky 1671 belgili Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem bilimiň hiline garaşsyz monitoringi amala aşyrmak maksady bilen, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara açyk informatika internet olimpiadasyny geçirmek üçin şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy. 1. Umumy düzgünler 1.1. Şu Düzgünnama Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara açyk informatika internet olimpiadasyny (mundan beýläk - olimpiada) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara açyk informatika internet olimpiadasyny geçirmek, Türkmenistanyň okgunly ösýän bazar ykdysadyýetinde innowasion tehnologiýalary ulanmagy we çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözmegi başarýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam eder. 1.2. Olimpiada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti tarapyndan Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň binýadynda onlaýn görnüşde geçirilýär. 1.3. Olimpiada aşakdaky ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we magistrantlarynyň arasynda geçirilýär:- Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti;- Hytaýyň nebit uniwersiteti (Pekin ş.);- Sian nebit uniwersiteti;- Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersiteti. 1.4. Olimpiada 2026-njy ýylyň 5-nji noýabrynda geçirilýär. 1.5. Her bir okuw mekdebinden Olimpiada gatnaşýanlaryň sany 30 adamdan köp bolmaly däldir. 1.6. Olimpiada talyplar we magistrantlar gatnaşyp bilerler. 1.7. Olimpiada şahsy we toparlaýyn bäsleşik görnüşinde geçirilýär. Şol bir wagtyň özünde okuw mekdepleriniň arasynda toparlaýyn bäsleşigiň netijeleri hem kesgitlenilýär. 1.8. Olimpiadanyň resmi iş dilleri türkmen, rus we iňlis dilleridir. 1.9. Olimpiada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti tarapyndan döredilen we dolandyrylýan Moodle platformasynyň binýadynda işlenip taýýarlanylan sanly onlaýn platformanyň üsti bilen geçirilýär. 1.10. Olimpiadanyň geçirilmeginiň obýektiwligini üpjün etmek maksady bilen gatnaşyjylara wideo gözegçilik we wideomaslahatlaşma serişdeleri arkaly uzak aralykdan gözegçilik edilip bilner. 2. Olimpiadanyň maksatlary we wezipeleri 2.1. Olimpiadanyň maksatlary: a) talyplaryň we magistrantlaryň sanly tehnologiýalara, informatika, programmirleme we emeli aň tehnologiýalaryna bolan gyzyklanmasyny ösdürmek; b) sanly tehnologiýalar we emeli aň ugurlarynda ukyply we taýýarlyk derejesi ýokary bolan ýaşlary ýüze çykarmak; ç) algoritmiki pikirlenmek, çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözmek we programmirlemek endiklerini ösdürmek; d) programma üpjünçiligini taýýarlamakda häzirki zaman emeli aň tehnologiýalaryny netijeli ulanmak endigini kemala getirmek; e) gatnaşýan ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylmy-bilim we hünär hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak; ä) sanly bilim, programmirleme we emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak boýunça tejribe alyşmak. 2.2. Olimpiadanyň wezipeleri: a) gatnaşyjylaryň informatika we sanly tehnologiýalar boýunça bilimlerini we amaly başarnyklaryny barlamak; b) algoritmiki meseleleri özbaşdak seljermek we çözmek ukybyny bahalandyrmak; ç) emeli aň serişdelerini ulanyp programma çözgütlerini taýýarlamak ukybyny bahalandyrmak; d) programma çözgütleriniň dogrulygyny, ýerine ýetiriliş tizligini we kodyň göwrümini göz öňünde tutup, olary kämilleşdirmek endigini ösdürmek; e) ylmy, bilim we halkara taslamalaryna gatnaşmaga ukyply talyplary we magistrantlary ýüze çykarmak; ä) talyplaryň, mugallymlaryň we bilim edaralarynyň arasynda halkara gatnaşyklary ösdürmek. 3. Olimpiadanyň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi 3.1. Olimpiadany guramak we geçirmek boýunça Guramaçylyk topary döredilýär. 3.2. Guramaçylyk toparynyň düzümi we başlygy Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanýar. 3.3. Guramaçylyk topary: a) Olimpiadanyň taýýarlygyna we geçirilmegine umumy ýolbaşçylygy amala aşyrýar; b) Olimpiadanyň geçiriljek möhletlerini we guramaçylyk tertibini kesgitleýär; ç) gatnaşýan bilim edaralary bilen özara hyzmatdaşlygy üpjün edýär; d) gatnaşyjylaryň hasaba alynmagyny guraýar; e) Moodle onlaýn platformasynyň tehniki taýdan taýýarlanmagyny we işlemegini üpjün edýär; ä) gatnaşyjylara Olimpiadanyň geçiriljek tertibi barada maglumat berýär; f) usulyýet we gözükdiriji materiallary taýýarlaýar. 3.4. Olimpiadanyň ýumuşlaryny taýýarlamak üçin iş topary döredilýär. 3.5. Ýumuşlar talyplaryň we magistrantlaryň taýýarlyk derejesini göz öňünde tutup işlenip taýýarlanylýar we bellenilen tertipde tassyklanylýar. 3.6. Olimpiadanyň netijelerini bahalandyrmak üçin Eminler topary döredilýär. 3.7. Eminler toparynyň düzümi we başlygy uniwersitetiň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar. 3.8. Eminler topary: a) bahalandyrmagyň bellenilen ölçegleriniň berjaý edilişine gözegçilik edýär; b) ikinji tapgyryň netijelerini tassyklanan ölçeglere laýyklykda bahalandyrýar; ç) jedelli ýagdaýlara seredýär; d) şahsy we toparlaýyn netijeleri kesgitleýär; e) Olimpiadanyň jemleýji teswirnamasyny taýýarlaýar. 4. Olimpiadany guramagyň we geçirmegiň tertibi 4.1. Gatnaşyjylary hasaba almak 4.1.1. Her bir bilim edarasy Olimpiada gatnaşjaklaryň tassyklanan sanawyny taýýarlaýar we guramaçylara iberýär. 4.1.2. Her bir okuw mekdebinden 30 adama çenli talyp we magistrant gatnaşyp biler. 4.1.3. Olimpiada başlamazdan öň her bir gatnaşyja Moodle platformasyna girmek üçin şahsy hasap maglumatlary berilýär. 4.1.4. Her bir gatnaşyjy tehniki birikmäni barlamaly we Olimpiadanyň geçiriljek tertibi bilen tanyşmalydyr. 4.2. Olimpiada iki tapgyrdan ybaratdyr: Birinji tapgyr – “Sanly tehnologiýalar we informatika”; Ikinji tapgyr – “Emeli aň we programmirleme”. 4.3. Islendik gatnaşyjynyň arza-şikaýat bilen ýüz tutmaga hukugy bardyr. Arza-şikaýat bilen diňe topara ýolbaşçylyk edýän mugallym eminler toparyna elektron poçta arkaly ýüz tutup biler. 4.4. Arza-şikaýatlar eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni eminler toparynyň başlygy kesgitleýär hem-de bu gutarnykly netije üýtgedilmäge degişli däldir. 5. Olimpiadanyň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi 5.1. Şahsy bäsleşigiň ýeňijileri I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanylýar. 5.2. Ýeňijileriň umumy sany gatnaşyjylaryň 50%-den geçmeli däldir. Diplomlar 1:2:3 gatnaşykda bolmaly. 5.3. Toparlaýyn bäsleşikde I, II we III orunlary eýelän toparlar degişli derejeli diplomlar bilen sylaglanylýar. 5.4. Guramaçylyk toparynyň karary boýunça goşmaça ugurlar boýunça sylaglar döredilip bilner:“Birinji tapgyryň iň ýokary netijesi”;“Emeli aňdan peýdalanyp taýýarlanan iň gowy çözgüt”;“Iň çalt dogry çözgüt”;“Iň netijeli programma kody”. 5.5. Olimpiadanyň netijeleri Eminler toparynyň teswirnamasy bilen resmileşdirilýär we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanýar. 5.6. Ýeňijiler we Olimpiadanyň netijeleri baradaky maglumatlar uniwersitetiň we gatnaşyjy bilim edaralarynyň resmi maglumat serişdelerinde ýerleşdirilip bilner. Habarlaşmak üçin tel.: 39-14-57 (el.tel.: +99365-62-59-33), 39-13-36 (el.tel.: +99365-67-51-31), 39-13-18 (el.tel.: +99364-02-25-21), 39-16-18 (el.tel.: +99361-99-98-99). E-mail: hngu.olimp@gmail.com

Detail ›
📅 20.10.2026

Türkmen oba hojalyk instituty 2026-njy ýylyň 11-12-nji noýabrynda “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly sanly ulgam arkaly III halkara ylmy-taslama bäsleşigi

Türkmen oba hojalyk instituty 2026-njy ýylyň 11-12-nji noýabrynda “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly sanly ulgam arkaly III halkara ylmy-taslama bäsleşigine talyplaryňyzy gatnaşmaga çagyrýar. Bäsleşigiň resmi dilleri: türkmen, iňlis we rus. Bäsleşigiň maksady – talyplary BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryndan gelip çykýan, oba hojalygynyň durnukly ösüşine ýardam bermek we suw çeşmelerinden rejeli peýdalanmak ýaly oba hojalygynyň möhüm meselelerini özbaşdak çözmeklige çekmeklik bilen, olaryň ylmy taýdan pikirleniş, ylmy-barlag ukyplaryny we döredijilikli çemeleşme endiklerini ösdürmek bolup durýar. Bäsleşigiň wezipeleri: oba hojalygynyň durnukly ösüşine ýardam bermek we suw çeşmelerinden rejeli peýdalanmak boýunça talyplaryň bilimlerini giňeltmek; ylmy çemeleşmeler boýunça talyplaryň düşünjelerini çuňlaşdyrmak we olary oba hojalyk meselelerini çözmekde ulanmaklygyny gazanmak; talyplary Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde oba hojalygynyň orny bilen tanyşdyrmak; oba hojalygynyň meselelerini ýüze çykarmak we seljermek arkaly talyplarda pikirleniş we ýüze çykýan meseleleri gysga wagtda çözmeklik ukyplaryny ösdürmek; talyplarda durnukly ösüş babatynda jogapkärçilik duýgylaryny terbiýelemek; oba hojalyk pudagy üçin innowasion we amaly çözgütleri işläp taýýarlamak; talyplaryň takyk we tehniki ylymlar, tehnologiýalar we matematika (STEM) babatynda gyzyklanmasyny ýokarlandyrmak. Bäsleşigiň ugurlary:1. Oba hojalyk taslamalary2. IT-taslamalary3. Işewürlik taslamalary Taslamanyň ýazgysyna we prezentasiýasyna bildirilýän talaplar hem-de talyplaryň ylmy-taslama işleriniň baha beriş görkezijileri barada maglumatlar bilen düzgünnamada giňişleýin tanyşyp bilersiňiz. Ähli görkezijiler boýunça toplanan ballaryň jemi esasynda her ugur boýunça I, II we III orunlar kesgitlenilýär. Bäsleşigiň ýeňijileri institutyň rektory tarapyndan I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanýar.Habarlaşmak üçin: Türkmen oba hojalyk instituty, tel: (+993322) 9-34-59; faks: (+993322) 9-27-48 e-mail: tohi_tm@sanly.tm; tohi.tm.info@gmail.com baba.kur@gmail.com “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly sanly ulgam arkalyIII halkara ylmy-taslama bäsleşigine gatnaşýan talyplar baradaMAGLUMAT Ýurdy: Ýokary okuw mekdebi: Gatnaşyjynyň familiýasy, ady we atasynyň ady: Okaýan hünäri we ýyly: Habarlaşmak üçin telefon belgiler: Elektron salgysy: Taslamanyň degişli ugry: Ylmy-taslamanyň temasy: Ylmy ýolbaşçysynyň familiýasy, ady we atasynyň ady: Ylmy ýolbaşçysynyň wezipesi:

Detail ›
📅 20.10.2026

«Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljekki ugurlary» atly III halkara ylmy-amaly maslahat

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlaryny 2026-njy ýylyň 27-nji noýabrynda utgaşykly görnüşinde geçiriljek «Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljekki ugurlary» atly III halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrýar. Bu maslahatyň özara bähbitli ylmy we amaly bilimleri we tejribäni öwrenmäge mümkinçilik döretjekdigine ynanýarys.Maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler çykyşlarynyň tezislerini 2026-njy ýylyň 12-nji noýabryna çenli şu aşakdaky elektron poçta ibermeli:tsiem.conference@gmail.comMaslahatyň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus. Halkara ylmy-amaly maslahat 3 sany bölümde geçiriler: I bölüm. Ykdysadyýeti durnukly ösdürmegiň geljekki ugurlary.II bölüm. Ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmekde maliýe mehanizminiň orny.III bölüm. Ykdysadyýetiň durnukly ösüşinde menejmentiň we marketingiň orny. Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmak üçin tezisleri, annotasiýalary we çykyşlary Guramaçylyk toparyna ýollamaly (5-10 minutlyk çykyş, nutugyň gysgaça beýanynyň möçberi 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly, şrifti — Times New Roman, ölçegi — 14 pt, setir arasy — 1).Tapawutlanan tezisleri çap etmek hukugy Guramaçylyk toparyna degişlidir.Maslahat bilen baglanyşykly goşmaça maglumatlar we bildirişler institutyň https://tsiem.edu.tm/ web-saýtynda ýerleşdiriler.Habarlaşmak üçin maglumatlar:telefon: (+99312) 48-62-71, +99365 65 55 35elektron poçta: tsiem.conference@gmail.comTezislere talaplar.docx

Detail ›
📅 19.10.2026

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti 2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Hasyl toýy mynasybetli sanly ulgam arkaly geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrýar

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti 2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Hasyl toýy mynasybetli sanly ulgam arkaly geçiriljek “Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrýar. Ylmy-amaly maslahatyň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus. Ylmy-amaly maslahatyň tematik ugurlary: 1. Agronomçylyk, bagbançylyk we ekologiýa; 2. Oba hojalyk önümlerini öndürmek we gaýtadan işlemek tehnologiýasy; 3. Zootehniýa we weterinar lukmançylygy; 4. Agrosenagat toplumynda ykdysadyýet we dolandyryş; 5. Agroinženerçilik; 6. Oba hojalyk uniwersitetinde ynsanperwer we matematika ylymlary; 7. Ýeňil we dokma senagaty; 8. Suw gorlaryny dolandyrmakda we ulanmakda innowasion tehnologiýalar. Maslahata gatnaşmagyň görnüşleri: çykyş bilen uzak aralykdan (distansion) gatnaşmak ýa-da gaýybana gatnaşmak. Ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler zerur maglumatlary tabşyrmak üçin degişli şertleri we talaplary berjaý etmelidirler. Ylmy-amaly maslahata gatnaşmagyň şertleri: 1. Maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänleriň her biri diňe bir nutuk hödürläp biler we awtorlar ikiden köp bolmaly däldir. Işiň mazmuny özbaşdak ylmy-barlag häsiýetli we ady bilen kybapdaş bolmaly. 2. Maslahata gatnaşmak üçin nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalary taýýarlanylmaly. Nutugyň gysgaça beýany ylmy-amaly maslahatyň iş dilleriniň birinde, annotasiýalar bolsa beýleki iki dilde bolmaly. 3. Maslahata daşary ýurtly gatnaşyjylaryň nutuklarynyň annotasiýalarynyň terjimeleri Guramaçylyk topary tarapyndan ýerine ýetiriler. 3.1 Maslahata ýerli gatnaşyjylar annotasiýanyň iňlis we rus dillerine terjimelerini ýokary okuw mekdepleriniň degişli kafedralarynda ýa-da terjime edaralarynda tassyklatmaly. 4. Daşary ýurtly gatnaşyjylar maslahatda etjek çykyşlarynyň tekstini taýýarlamaly we Guramaçylyk toparyna ibermeli (5-10 minutlyk çykyş, 5-6 sah.). 5. Maslahata ýerli gatnaşyjylaryň ylmy işiniň gysgaça beýany we annotasiýalar awtoryň işleýän edarasynda seredilmeli we Guramaçylyk toparyna iberilmeli. Hata nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalaryň elektron görnüşleri goşulmaly. 6. Iberilen resminamalaryň mazmunyna awtorlar şahsy jogapkärçilik çekýärler. 7. Maslahata gatnaşmak üçin hasaba alnyş görnüşi doldurylmaly (adaty şrift, Times New Roman, 12 pt): 1Familiýasy 2Ady 3Atasynyň ady 4Wezipesi 5Alymlyk derejesi, ady 6Işleýän ýeriniň doly ady 7Işleýän ýeriniň salgysy (poçta indeksini hem görkezmeli) 8Iş telefony, elektron salgysy 9Nutugyň ady 10Nutugyň tematiki ugry 11Nutuk haýsy dilde taýýarlandy 12Maslahata gatnaşmagyň görnüşi 8. Daşary ýurtly gatnaşyjylar hasaba alnyş görnüşini, degişli resminamalary, ylmy işiň gysgaça beýanyny, annotasiýasyny we dokladyny elektron görnüşde aşakdaky elektron salga ýollamaly: science.tm2024@gmail.com Nutuklaryň gysgaça beýanlaryna we annotasiýalaryna bildirilýän talaplar: 1. Nutugyň gysgaça beýanynyň möçberi A4 (210×297 mm) formatda 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň her biriniň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly. 2. Sahypa ölçegleri: ýokary we aşak taraplarda – 2,0 sm, çep tarapda – 2,5 sm, sag tarapda – 1,5 sm. Oriýentasiýasy – “kitap” görnüşli, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1. 3. Ylmy işiň aýratynlyklaryna baglylykda nutugy şekiller, formulalar we tablisalar görnüşinde beýan etmäge ýol berilýär. Bu ýagdaýda her bir şekil sahypanyň görkezilen ölçeglerinden çykmaly däl, şrifti bolsa 14-den kiçi bolmaly däl. Nutugyň gysgaça beýanynyň umumy göwrümi şekiller, formulalar we tablisalar bilen bilelikde A4 formatdaky 1,5 sahypadan geçmeli däl. 4. Maslahata elektron görnüşde tabşyrylýan ähli materiallar diňe Word for Windows formatynda kabul edilýär (doc we docx giňeltmesi bilen). 5. Nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlda saklanylmaly hem-de aşakdaky görnüşde bolmaly: - awtoryň ady, familiýasy sahypanyň sag gyrasy boýunça deňlemek bilen 14-lik şriftde setir harplar bilen goýy gara ýazylmaly, döwletiň ady ýaýyň içinde görkezilmeli; - eger nutugyň iki awtory bar bolsa, ilki çykyş edýäniň ady, familiýasy görkezilmeli; - nutugyň, gysgaça beýanyň we annotasiýalaryň atlary baş harplar bilen 16-lyk şriftde goýy gara görnüşde ýazylmaly we setiriň merkezi boýunça deňlenilmeli; - nutugyň gysgaça beýanynyň tekstini ýazmazdan öň 1 setir goýbermeli. 6. Nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalaryň tekstleri setiriň ini boýunça deňlenilmeli. Matematiki deňlemeler degişli formula redaktorlarynyň kömegi bilen ýazylmaly. 7. Nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalarynyň sahypalary belgilenilmeýär. 8. Iş tabşyrylandan soňra hödürlenilen düzedişler we goşundylar kabul edilmeýär. 9. Guramaçylyk toparynyň karary boýunça iş ylmy-amaly maslahata goýberilmän bilner. 10. Tabşyrylan resminamalar yzyna gaýtarylmaýar. 11. Ylmy-amaly maslahata gatnaşmak üçin degişli resminamalar, nutuklaryň gyçgaça beýanlary we annotasiýalary 2026-njy ýylyň 5-nji oktýabryna çenli kabul edilýär. 12. Bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän we bellenilen möhletden soň tabşyrylan işlere seredilmeýär. 13. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý. 14. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99365647291; +99362360336; +993 12 34-26-80. Üns beriň! - Nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlyň içinde ýerleşdirilmeli. Faýlyň ady çykyş edýäniň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «tez» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, çykyş edýän – Ataýew Nurmyrat, faýlyň ady – «Ataýew N. tez». Nutuk aýratyn faýlda iberilmeli. - Hasaba alnyş görnüşleri nutugyň ähli awtorlary tarapyndan doldurylýar we bir faýlda ýerleşdirilýär. Ilki bilen, ylmy-amaly maslahatda çykyş edýäniň, soňra awtordaşyň hasaba alnyş görnüşleri ýerleşdirilýär. Hasaba alnyş maglumaty üçin faýlyň ady awtoryň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «reg» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, «Ataýew N. reg». - Faýllary arhiwlemeli däl! Halkara ylmy-amaly maslahatyň Guramaçylyk topary

Detail ›
📅 19.10.2026

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak – ykdysady ösüşleriň özeni» atly II halkara internet olimpiadasy barada bildiriş

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy 2026-njy ýylyň noýabr aýynyň 28-ne ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ulgam arkaly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak – ykdysady ösüşleriň özeni” atly II halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrýar. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak – ykdysady ösüşleriň özeni» atly II halkara internet olimpiadasynyň geçirilmeginiň esasy maksady ýaş nesliň ykdysady düşünjelerini has-da giňeltmekden, olara dünýäde parahatçylygy we birek-birege bolan ynanyşmagy berkitmegiň zerurlygyny wagyz etmekden şeýle hem parahatçylygyň we birek-birege bolan ynanyşmagyň ykdysady ösüşdäki möhüm ornuny görkezmekden, netijede ýaşlaryň döredijilikli, ykdysady taýdan pikirlenmek ukyplaryny has-da ösdürmekden ybaratdyr. Olimpiadanyň resmi iş dilleri türkmen, rus we iňlis dilleridir. Internet olimpiadasynyň ýumuşlary Makroykdysadyýet, Dünýä ykdysadyýeti, Aýlawly ykdysadyýet we Halkara ykdysady gatnaşyklar derslerine degişli test soraglaryndan ybarat bolar. Bäsleşigiň ýeňijileri Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory tarapyndan I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanar. Olimpiada sanly ulgam arkaly Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň www.ihba.edu.tm salgysynda ýerleşýän onlaýn platformasynda geçiriler. Olimpiada gatnaşmak üçin dalaşgärleri hasaba almak hem şu platformanyň üsti bilen 2026-njy ýylyň 24-nji noýabryna çenli amala aşyrylýar. Habarlaşmak üçin: Tel: +99364 14 08 87; +99361 81 05 70 e-mail: ihba.olimpiad@gmail.com, haa.akademiya@gmail.com

Detail ›
📅 17.10.2026

Ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry dö­re­di­ji­lik ba­şar­ny­gy bo­lan ze­hin­li ça­ga­la­ry­na Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň Gul­ba­ba adyn­da­ky Ça­ga­lar baý­ra­gy­ny ber­mek ha­kyn­da DÜZ­GÜN­NA­MA

Hor­mat­ly Prezidentimiziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de döw­let­li-döw­ran­ly Di­ýa­ry­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan her bir tu­tum­ly iş­ler ýur­du­my­zyň ýaş­la­ry bi­len bir ha­tar­da, bag­ty­ýar ça­ga­la­ryň aja­ýyp dur­mu­şy, gel­je­gi üçin amala aşy­ryl­ýar. Bu gün­ki gün ýaş nes­liň iň kä­mil en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len ça­ga­lar bag­la­ryn­da ter­bi­ýe­len­me­gi, ak mer­me­re bes­le­nen mek­dep­ler­de bi­lim al­ma­gy üçin uly müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi ola­ryň bag­ty­ýar gel­je­gi­niň ke­pi­li­dir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň syn­maz sü­tü­ni­ne, röw­şen er­ti­ri­ne de­ňel­ýän ça­ga­la­ryň bagt­ly gel­je­gi ug­run­da çäk­siz ala­da­lar edil­ýär. Çün­ki Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan dur­mu­şy­my­zyň gül­le­ri, ýü­rek­le­ri­mi­ziň ör­ki bo­lan eziz ça­ga­la­ryň, ýaş ne­sil­le­riň äh­li ar­zuw­la­ry­nyň my­rat tap­ýan ýur­du­dyr. Şo­nuň üçin hem ýur­du­myz­da ola­ryň äh­li ba­bat­da kä­mil, ylym­ly, bi­lim­li, berk be­den­li şah­sy­ýet­ler bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri ug­run­da uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.Hor­mat­ly Prezidentimiziň: «Gahryman Arkadagymyzyň nus­ga­lyk iş­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­tan bagt­ly ça­ga­ly­gyň ýur­du­na we ar­zuw­la­ryň ha­syl bol­ýan ül­ke­si­ne öw­rül­di» di­ýen ga­nat­ly söz­le­rin­den ugur alyp, ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän jem­gy­ýet­çi­lik iş­le­ri­ne işeň­ňir gat­na­şyp, bag­ty­ýar döw­rü­mi­zi wasp et­mek­de ýo­ka­ry dö­re­di­ji­lik ba­şar­ny­gy­ny, iş­jeň­li­gi­ni gör­kez­ýän, milli me­de­ni­ýe­ti­mi­zi, aý­dym-saz sun­ga­ty­my­zy ös­dür­mek­de öz go­şant­la­ry­ny goş­ýan, ýo­ka­ry dö­re­di­ji­lik ba­şar­ny­gy bo­lan ze­hin­li ça­ga­la­ry we ça­ga­la­ryň dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­ny sy­lag­la­mak mak­sa­dy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi Gul­ba­ba adyn­da­ky Ça­ga­lar baý­ra­gy­ny yg­lan ed­ýär.I. Umu­my düz­gün­ler1. Gul­ba­ba adyn­da­ky Ça­ga­lar baý­ra­gy­na türk­me­niň milli saz gu­ral­la­ryn­da halk aý­dym-saz­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­ýän, dö­re­di­ji­li­giň dür­li ugur­la­ry bi­len iç­gin iş sa­lyş­ýan, okuw ders­le­rin­de aý­ra­tyn ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny gör­kez­ýän, sport ýa­ryş­la­ryn­da, dür­li bäs­le­şik­ler­de ýe­ňi­ji bo­lan ça­ga­lar we ýet­gin­jek­ler, şeý­le hem ça­ga­lar aý­dym-saz we tans to­par­la­ry ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry, jem­gy­ýet­çi­lik guramalary, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri we or­ta mek­dep­le­ri, ça­ga­lar bag­la­ry ta­ra­pyn­dan bu baý­ra­ga hö­dür­le­nip bil­ner.2. Resminamalarda baý­ra­ga hö­dür­len­ýän ça­ga­la­ryň, ýet­gin­jek­le­riň ýa-da ça­ga­lar dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň soň­ky 3 (üç) ýy­lyň do­wa­myn­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri, dö­re­di­ji­lik iş­le­ri, gu­ra­ma­çy­lyk ba­şar­ny­gy, jem­gy­ýet­çi­lik iş­jeň­li­gi ba­ra­da tas­syk­la­nan resminamalar we de­lil­ler hem-de ola­ryň Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň Gul­ba­ba adyn­da­ky Ça­ga­lar baý­ra­gy­na hö­dür­len­ýän­di­gi ha­kyn­da ter­bi­ýe al­ýan we oka­ýan ýer­le­ri­niň ýa-da guramalaryň, ýer­li ge­ňeş­le­riň dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň umu­my mas­la­ha­ty­nyň ka­ra­ry­nyň bol­ma­gy hök­man­dyr.3. Baý­ra­ga hö­dür­len­ýän­le­riň ýa­şy 16-dan ýo­ka­ry bol­ma­dyk, şeý­le hem ça­ga­lar dö­re­di­ji­lik to­pa­ry­nyň dö­re­di­len wag­ty 3 ýyl­dan az bol­ma­ly däl­dir.4. Bu baý­ra­ga öň my­na­syp bol­ma­dyk ça­ga­lar, ýet­gin­jek­ler we ça­ga­lar dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry (tu­tuş to­pa­ryň özi) hö­dür­le­nil­me­li­dir.5. Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň Gul­ba­ba adyn­da­ky Ça­ga­lar baý­ra­gy­na hö­dür­len­ýän­le­riň resminamalary şu Düz­gün­na­ma met­bu­gat­da çap edi­len gü­nün­den baş­lap, bir aýyň do­wa­myn­da ka­bul edil­ýär.6. Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň et­rap, şä­her ge­ňeş­le­ri baý­ra­ga hö­dür­le­nen­le­riň için­den iň my­na­syp­la­ry­ny saý­lap-se­çip, ola­ry öz mej­lis­le­ri­niň ka­rar­la­ry bi­len 2026-njy ýy­lyň no­ýabr aýy­nyň 15-ine çen­li Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň we­la­ýat hem-de Aş­ga­bat, Arkadag şä­her ge­ňeş­le­ri­ne tab­şyr­ýar­lar. Bu ge­ňeş­ler hem öz mej­lis­le­rin­de bu me­se­lä se­re­dip, okuw­da, zäh­met­de, jem­gy­ýet­çi­lik iş­le­rin­de has ta­pa­wut­la­nan ça­ga­la­ry Gul­ba­ba adyn­da­ky Ça­ga­lar baý­ra­gy­na hö­dür­le­mek ba­ra­da ka­rar­la­ry ka­bul ed­ýär­ler. Şon­dan soň­ra we­la­ýat we Aş­ga­bat, Arkadag şä­he­ri bo­ýun­ça saý­la­nyp al­nan ça­ga­la­ryň resminamalary şol ka­rar­lar bi­len bi­le­lik­de Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň mej­li­si­niň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­le­nil­ýär.II. Resminamalaryň taý­ýar­la­ny­ly­şy1. Baý­ra­ga hö­dür­len­ýän ça­ga­la­ryň, ýet­gin­jek­le­riň her bi­ri üçin resminamalar iki nus­ga­da taý­ýar­la­nyl­ýar. Resminamalar baý­ra­ga hö­dür­le­ýän de­giş­li eda­ra­lar, or­ta mek­dep­le­ri, Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň et­rap, şä­her, we­la­ýat ge­ňeş­le­ri ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­ny­lan bol­ma­ly we ola­ryň sa­na­wy bel­le­ni­len ter­ti­be la­ýyk­lyk­da bir buk­ja­da ýer­leş­di­ril­me­li.2. Resminamalarda baý­ra­ga hö­dür­len­ýän­le­riň ady, ata­sy­nyň ady, fa­mi­li­ýa­sy, dog­lan ýy­ly, aýy, gü­ni, mil­le­ti, öý sal­gy­sy dog­luş ha­kyn­da­ky şa­ha­dat­na­ma bo­ýun­ça dog­ry ýa­zyl­ma­ly hem-de onuň oka­ýan ýe­ri we syn­py do­ly gör­ke­zil­me­li.3. Baý­ra­ga hö­dür­len­ýän dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry hem şol to­par­la­ra gat­naş­ýan ça­ga­la­ryň ýaş aý­ra­tyn­ly­gy we to­pa­ryň ýol­baş­çy­sy ba­ra­da anyk mag­lu­mat­la­ry ber­me­li.III. Ka­bul edil­ýän resminamalaryň sa­na­wy1. Baý­ra­ga hö­dür­len­ýän­le­riň 3x4 möç­ber­dä­ki 2 (iki) sa­ny reňk­li fo­to­su­ra­ty, şah­sy res­mi­na­ma­sy, ter­ji­me­ha­ly, dog­luş ha­kyn­da­ky şa­ha­dat­na­ma­sy­nyň nus­ga­sy bol­ma­ly (iki nus­ga­dan).2. Res­mi­na­ma­da baý­ra­ga hö­dür­len­ýän­le­riň ýa-da to­pa­ryň işi­ne jem­gy­ýet­çi­lik ta­ra­pyn­dan yk­rar edi­len­di­gi ba­ra­da­ky subutnamalar, ýag­ny baý­ra­ga hö­dür­len­ýä­niň ýa-da to­pa­ryň çy­kyş­la­ryn­da, dö­re­di­ji­lik iş­le­rin­de soň­ky 3 ýy­lyň (2024ý, 2025ý, 2026ý) için­de ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri üçin ber­len Hor­mat hat­la­ry­nyň, dip­lom­la­ryň we beý­le­ki baý­rak­la­ryň nus­ga­la­ry, şeý­le hem onuň eden çy­kyş­la­ry­ny we bi­ti­ren iş­le­ri­ni gör­kez­ýän fo­to­su­rat­lar, wi­deo-au­dio ýaz­gy­lar ýer­leş­di­ri­len elekt­ron mag­lu­mat gö­te­ri­ji­ler (Flash-kar­ta) hem-de met­bu­gat­da çap edi­len dö­re­di­ji­lik iş­le­ri­niň nus­ga­la­ry bol­ma­ly.3. Baý­ra­ga hö­dür­le­ýän eda­ra-kär­ha­na­la­ryň, guramalaryň, mek­dep­le­riň we dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň hö­dür­na­ma­sy, hä­si­ýet­na­ma­sy we Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň et­rap, şä­her, we­la­ýat ge­ňeş­le­ri­niň ýyg­na­gy­nyň mej­lis­le­ri­niň be­ýa­nyn­dan gö­çür­me­ler gol çe­ki­lip, mö­hür ba­sy­lyp, tas­syk­la­nan bol­ma­ly.IV. Baý­ra­gyň ne­ti­je­le­ri­ni jem­le­me­giň ter­ti­bi1. Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň ýer­li ge­ňeş­le­ri we­la­ýat­lar­dan we Arkadag hem-de Aş­ga­bat şä­her­le­rin­den Gul­ba­ba adyn­da­ky Ça­ga­lar baý­ra­gy­na hö­dür­len­ýän ça­ga­lar we ça­ga­lar dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry 2026-njy ýy­lyň de­kabr aýy­nyň 1-ine çen­li Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­ne iber­me­li.2. Baý­ra­ga hö­dür­le­nen ýaş ýet­gin­jek­le­riň dü­zü­mi Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­nan ýö­ri­te to­par dö­re­di­lip, to­pa­ryň Mej­li­si­niň ga­ra­ma­gyn­da se­re­dil­ýär. Mej­lis­de saý­la­nyp al­nan, my­na­syp bo­lan ça­ga­lar we ça­ga­lar dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­na Gul­ba­ba adyn­da­ky Ça­ga­lar baý­ra­gy­ny ber­mek ba­ra­da jem­leý­ji ka­rar ka­bul edil­ýär.3. Gul­ba­ba adyn­da­ky Ça­ga­lar baý­ra­gy­nyň gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy my­na­sy­bet­li 2027-nji ýy­lyň ýan­war aýy­nyň bi­rin­ji ongün­lü­gin­de ge­çi­ri­ler hem-de bu baý­ra­ga my­na­syp bo­lan ça­ga­la­ra we ça­ga­lar dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­na Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň şahadatnamalary we gym­mat ba­ha­ly sow­gat­la­ry gow­şu­ry­lar.Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon bel­gi­si:44-88-55.Çeşmesi:Türkmenmetbugat

Detail ›
📅 26.09.2026

Ashgabat Brings Together International Experts in Healthcare, Education and Sports

On October 10-12, 2026, the Exhibition Center of the Chamber of Commerce and Industry of Turkmenistan will host the International Exhibition and Scientific Conference “Healthcare, Education and Sports in the Era of the Revival of the New Epoch of the Powerful State”. The event will bring together companies, experts, specialized organizations, and industry representatives from Turkmenistan and abroad. The main focus of the exhibition will be on modern technologies, new solutions, the exchange of experience, and the development of international cooperation. Over three days, the event will feature an exhibition, B2B and B2G meetings, expert discussions, presentations of new technologies, and master classes. The healthcare section will cover: internal medicine, neurology and rehabilitation, cardiology, modern clinical protocols in cardiology and cardiac surgery, oncology, ophthalmology, infectious diseases, maternal and child health, surgery, public health and epidemiology, digital medicine, laboratory and functional diagnostic investigations, pathophysiological aspects of non-communicable diseases and the physiology of a healthy organism, plastic and reconstructive surgery, and aesthetic medicine. The education section will cover: innovative technologies in the education system, improving the teaching of foreign languages as an important objective of educational policy, science and innovative technologies, the training of highly qualified specialists, and the digital economy as an important condition for sustainable development. The sports and science section will cover: innovative technologies in the sports system, approaches to preparing national teams for upcoming Olympic Games, Olympic philosophy and the promotion of a healthy lifestyle, natural and exact sciences, and innovative technologies. From medical technologies and pharmaceuticals to educational programs, sports equipment, fitness, and rehabilitation, participants will have the opportunity to showcase their solutions, establish direct business contacts, and explore new opportunities for cooperation in Turkmenistan. Three directions. Three days. One international platform. For more information about the event: contact@turkmenexpo.com; saglyk.turkmenexpo.com

Detail ›
style="bottom: 97px; position: absolute; left: 0; right: 0; z-index: 1000; background: rgba(255, 255, 255, .97); backdrop-filter: blur(24px); border-bottom: 1px solid rgba(13, 124, 124, .08); transition: box-shadow .4s;">