Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan geçirilýän “Öwrediji maksatly programmalar” atly Hakaton bäsleşigini gurnamak we geçirmekhakyndaDÜZGÜNNAMA Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine, ylmyň, tehnikanyň we önümçiligiň bitewiliginiň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň ykdysady we durmuş ösüşibabatda dünýäniň iň ösen döwletlerine mahsus bolan sepgitlere çykmagyna gönükdirilen Döwlet maksatnamalar, Strategiýalar, meýilnamalar we Konsepsiýalar düýpli ylmy esaslara daýanýar. “Öwrediji maksatly programmalar” atly Hakaton bäsleşigini bu Düzgünnamasy “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň kanunydan, “Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyndan”, “Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyndan” hem-de “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan” ugur alnyp düzüldi. I. Umumy düzgünlerŞu Düzgünnama Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda geçirilýän “Öwrediji maksatly programmalar” atly Hakaton bäsleşiginiň (mundan beýläk – Bäsleşik) maksadyny, wezipelerini, geçirilýän tertibini, gatnaşyjylara bildirilýän talaplary, taslamalara baha bermegiň ölçeglerini, ýeňijileri kesgitlemegiň we sylaglamagyň şertlerini kesgitleýär.Bäsleşik sanly tehnologiýalary, programmirlemegi we innowasion çözgütleri bilim ulgamynda netijeli peýdalanmak, talyplaryň döredijilik we tehniki başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen geçirilýär.Bäsleşik Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Ylym bölümi, Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölümi hem-de Ýaş alymlar geňeşi tarapyndan guralýar. II. Bäsleşigiň maksadyBäsleşigiň esasy maksady bilim bermek we öwretmek işlerini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen programma üpjünçiliklerini döretmäge höweslendirmekden ybaratdyr.Bäsleşigiň esasy wezipeleri şulardan ybarat:talyplaryň programmirleme we maglumat tehnologiýalary boýunça bilimlerini iş ýüzünde ulanmak başarnyklaryny ösdürmek;bilim ulgamynda peýdalanyp boljak täze programmalary we sanly önümleri döretmegi höweslendirmek;döredijilikli, innowasion we tehniki pikirlenmäni ösdürmek;okuwçylaryň we talyplaryň bilim almagyny ýeňilleşdirýän döwrebap çözgütleri taýýarlamak;toparlaýyn işlemek, meseleleri seljermek we gysga wagtda netijeli çözgüt tapmak başarnyklaryny kämilleşdirmek. III. Bäsleşigiň temasyBäsleşigiň temasy – “Öwrediji maksatly programmalar”.Gatnaşyjylar okuw-terbiýeçilik işinde ulanylmaga niýetlenen programma, web-programma, mobil goşundy, interaktiw okuw serişdesi ýa-da beýleki sanly çözgütleri taýýarlap bilerler.Taslamalar aşakdaky ugurlaryň birine ýa-da birnäçe ugurlaryna degişli bolup biler:dürli okuw derslerini öwretmek üçin interaktiw okuw programmalar;test we bilim derejesini barlaýyş ulgamlary;elektron okuw gollanmalary;wirtual tejribehana we simulýasiýalar;mekdebe çenli, başlangyç, orta we ýokary bilim üçin okuw goşundylary;mugallymlar üçin okuw işini ýeňilleşdirýän sanly gurallar;oýunlaşdyrma (gamification) esasly okuw programmalary;emeli aň tehnologiýalaryny peýdalanýan okuw çözgütleri;aýratyn bilim zerurlyklary bolan şahslara niýetlenen okuw programmalary;okuwçylaryň özbaşdak bilim almagyna ýardam edýän beýleki innowasion sanly çözgütler. IV. Bäsleşige gatnaşyjylarBäsleşige Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşyp bilerler. Bäsleşige ýekebara ýa-da toparlaýyn görnüşde gatnaşyp bilerler.Bir toparyň düzümi 2-den 5-e çenli gatnaşyjydan ybarat bolup biler.Her bir gatnaşyjy ýa-da topar diňe bir taslama bilen gatnaşyp biler.Gatnaşyjylar bäsleşige gatnaşmak üçin bellenen möhletde guramaçylyk toparyna ýüz tutmalydyrlar.V. Bäsleşigiň geçirilýän tertibi1. Bäsleşik aşakdaky tapgyrlarda geçiriler:gatnaşyjylary hasaba almak;bäsleşigiň şertleri we meseleleri bilen tanyşdyrmak;taslamany işläp taýýarlamak;taýýarlanan taslamany eminler toparyna hödürlemek;taslamalaryň tanyşdyrylyşy we goragy;taslamalara eminler topary tarapyndan baha bermek;ýeňijileri kesgitlemek we sylaglamak.Bäsleşigiň dowamlylygy guramaçylyk topary tarapyndan kesgitlenýär.Bäsleşigiň ýumuşlary guramaçylyk topary tarapyndan bäsleşigiň geçirilýän güni hödürlener.Gatnaşyjylar bellenen wagtyň dowamynda öz taslamalaryny taýýarlap, tanyşdyrmaga taýýar bolmaly.Bäsleşik wagtynda gatnaşyjylar zerur programma üpjünçiliklerinden, programmirleme dillerinden, kitaphanalardan we beýleki rugsat edilen tehnologiýalardan peýdalanyp bilerler.Taslamanyň esasy işleýiş nusgasy (prototipi) Bäsleşigiň dowamynda döredilmelidir.Öňünden taýýarlanan programma böleklerinden, açyk çeşmeli kitaphanalardan we beýleki rugsat edilen serişdelerden peýdalanmaga ýol berilýär. Şeýle serişdeler taslamanyň beýanynda görkezilmelidir.Gatnaşyjylar taslamany kesgitlenen wagtda tabşyrmaly we eminler toparynyň öňünde gysgaça tanyşdyrmaly hem-de işi goramaly. VI. Taslama bildirilýän talaplarTaslama bilim bermek ýa-da öwretmek maksadyna gönükdirilen bolmalydyr.Taslama işjeň ýa-da görkezme görnüşinde işleýän nusga eýe bolmalydyr.Taslamanyň mazmuny düşnükli, ylmy taýdan esasly we ýaş aýratynlyklaryna laýyk bolmalydyr.Taslamada ulanylýan okuw maglumatlarynyň ygtybarlylygyna we dogrulygyna gatnaşyjylar jogapkärçilik çekýärler.Taslama awtorlyk hukuklaryny bozýan maglumatlary ýa-da programma kodlaryny bikanun ulanmazdan taýýarlanmalydyr.Taslamanyň tanyşdyrylyşynda aşakdaky maglumatlar görkezilmelidir:taslamanyň ady;taslamanyň maksady;çözülýän mesele;ulanylýan tehnologiýalar;programmanyň esasy mümkinçilikleri;taslamanyň bilim taýdan ähmiýeti;geljekde ösdürmegiň mümkinçilikleri. VII. Taslamalaryň bahalandyrylyşyTaslamalara eminler topary tarapyndan 100 balllyk ulgam esasynda baha beriler.Baha bermekde aşakdaky ölçegler göz öňünde tutulýar: № GörkezijilerIň ýokary bal 1Meseläniň wajyplygy we taslamanyň maksadynyň aýdyňlygy 15 2Bilim berijilik we öwredijilik ähmiýeti 20 3Innowasion derejesi (täzeligi) 15 4Tehniki ýerine ýetirilişi we programmanyň işleýşi 20 5Ulanyjy üçin amatlylygy we dizaýny 10 6Döredijilik çemeleşmesi 10 7Gatnaşyjynyň taslamany tanyşdyryp we gorap bilmek derejesi 10Jemi 100Birmeňzeş bal alan taslamalar boýunça jemleýji karary eminler topary kabul edýär.Eminler toparynyň karary gutarnykly hasaplanýar. VIII. Eminler toparyBäsleşige baha bermek üçin guramaçylyk toparynyň teklibi esasynda eminler topary döredilýär.Eminler toparynyň düzümine bilim ulgamynyň, maglumat tehnologiýalarynyň, programmirlemegiň we degişli ugurlaryň hünärmenleri, mugallymlar hem-de beýleki degişli hünärmenler girizilip bilner.Eminler topary taslamalara garaşsyz we bitarap baha bermelidir.Eminler toparynyň agzalarynyň haýsydyr biriniň taslama bilen arabaglanyşygy bar bolsa, degişli taslama işe baha bermekden çekilmelidir. IX. Ýeňijileri kesgitlemek we sylaglamakBäsleşikde iň ýokary bal gazanan taslamalar degişlilikde I, II we III orunlara mynasyp diýlip ykrar edilýär.Zerur bolan ýagdaýynda eminler toparynyň karary bilen aşakdaky ugurlar boýunça goşmaça baýraklar döredilip bilner:“Iň innowasion taslama”;“Iň gowy dizaýn”;“Iň gowy tehniki çözgüt”;“Iň gowy okuw programmasy”;“Iň döredijilikli taslama”.Bäsleşigiň ýeňijilerine diplomlar, şahadatnamalar we guramaçylyk topary tarapyndan bellenen beýleki sylaglar gowşurylýar.Bäsleşige gatnaşan beýleki gatnaşyjylara hem gatnaşandyklaryny tassyklaýan şahadatnamalar berler. X. Gatnaşyjylaryň hukuklary we borçlaryGatnaşyjylar:Bäsleşigiň şertleri barada doly maglumat almaga;bellenen şertlere laýyklykda öz taslamasyny taýýarlamaga;taslamany eminler toparyna tanyşdyrmaga we goramaga;tehniki we guramaçylyk meseleleri boýunça degişli maslahat almaga hukuklydyrlar.Gatnaşyjylar:şu Düzgünnamanyň talaplaryny berjaý etmäge;bellenen möhletleri we wagt tertibini berjaý etmäge;beýleki gatnaşyjylaryň işine päsgel bermezlige;awtorlyk hukuklaryny berjaý etmäge;taslamada ulanylan daşarky çeşmeleri görkezmäge;Bäsleşigiň dowamynda edep-terbiýe we tehniki howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmäge borçludyrlar. XI. Guramaçylyk toparynyň borçlaryGuramaçylyk topary:Bäsleşigiň geçirilmegini guramaçylyk taýdan üpjün edýär;gatnaşyjylary hasaba alýar;Bäsleşigiň şertlerini gatnaşyjylara ýetirýär;eminler toparynyň işini guramaçylyk taýdan üpjün edýär;taslamalaryň kabul edilmegini we tanyşdyrylyşyny guraýar;ýeňijileri sylaglamak dabarasyny geçirýär. XII. Awtorlyk hukugy we taslamalaryň peýdalanylmagyBäsleşige hödürlenen taslamalaryň awtorlyk hukugy olaryň awtorlaryna degişlidir.Gatnaşyjylar öz taslamalarynda peýdalanylan programma üpjünçilikleriniň, maglumatlarynyň, suratlarynyň we beýleki serişdeleriniň ulanylyş şertlerini berjaý etmelidirler.Bäsleşigiň guramaçylary taslamalary awtorlaryň adyny görkezmek bilen bilim we maglumat maksatly peýdalanyp bilerler.Taslamanyň täjirçilik taýdan peýdalanylmagy diňe onuň awtorlarynyň degişli hukuklary we razylygy esasynda amala aşyrylýar. XIII. Jemleýji düzgünlerŞu Düzgünnamada göz öňünde tutulmadyk meseleler Bäsleşigiň guramaçylyk topary tarapyndan çözülýär.Bäsleşigiň geçirilýän senesine, ýerine, dowamlylygyna, gatnaşyjylaryň sanyna we beýleki guramaçylyk meselelerine zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda üýtgetmeler girizilip bilner.Şu Düzgünnama Bäsleşigi guramak we geçirmek bilen bagly ähli gatnaşyjylar üçin hökmany bolup durýar.Bäsleşigiň geçirilmegi bilen bagly goşmaça maglumatlar guramaçylyk topary tarapyndan gatnaşyjylara bellenen tertipde ýetirilýär.Bäsleşige gatnaşyjy özi baradaky maglumatlary aşdaky tablisa girizmeli.Bäsleşige gatnaşyjy barada maglumatAwtor(lar)yň familiýasy, ady, atasynyň adyOkuw mekdebiniň adyTelefon belgisi E-poçtasyBellik: Maglumat. docx formatda goşulan we faýlyň ady “Maslahata F.A.A. .docx görnüşinde iberilmeli. Biziň salgymyz: Türkmenabat şäheri, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binasy.Habarlaşmak üçin telefonlarymyz: +993 65636500; +993 62892610. Elektron salgymyz: donmezow1986@mail.com; sstdmi.yas.al.genesh@gmail.com
Doly gör ›2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4–12-nji synplarynda okaýan okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady bilen yglan edilýän döredijilik bäsleşigi I.Umumy düzgünler Şu Düzgünnama «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň (mundan beýläk – «Döredijilik bäsleşigi») maksatlaryny, wezipelerini, şertlerini we geçiş tertibini kesgitleýär. Bäsleşigiň esasy maksady – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli watançylyk, parahatsöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda hem-de milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemekden, ýaşlaryň tebigy zehinlerini ýüze çykarmakdan we olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekden, ýaş nesilleriň arasynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk medeniýetini giňden wagyz etmekden hem-de çagalaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsançlaryny aýan etmekden ybaratdyr. II. Döredijilik bäsleşiginiň şertleri we geçiş tertibi Döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4–12-nji synp okuwçylary gatnaşýarlar. Okuwçylaryň Watan ezizligini, bagtyýar çagalygy, parahatçylykly ösüşi, dostlukly gatnaşyklaryň ähmiýetini, hormatly Prezidentimize we berkarar döwletimize bolan çuňňur söýgüsini açyp görkezýän hem-de «Dünýä dursun parahat!» diýen temada ýazan düzmeleri, çeken suratlary we ýasan maketleri degişlilikde bäsleşigiň etrap (şäher), Aşgabat we Arkadag şäherleri hem-de welaýat tapgyrlarynyň Guramaçylyk toparyna hödürlenilýär.Döredijilik bäsleşiginiň her tapgyrynda, eminler topary tarapyndan ýerlerden saýlanyp alnan işler bäsleşigiň indiki tapgyryna gatnaşdyrylýar.Döredijilik bäsleşiginiň her bir tapgyrynyň ýeňijileri boýunça degişli resminamalar şol tapgyr tamamlanandan soň, nobatdaky tapgyryň Guramaçylyk toparyna 5 (bäş) günüň dowamynda hödürlenilmelidir:eminler toparynyň saýlanan döredijilik işleri boýunça çykaran çözgüdi we her bir işe berlen syn;gatnaşyjynyň dogluş hakynda şahadatnamasynyň ýa-da raýat pasportynyň göçürmesi;gatnaşyjynyň okaýan umumybilim berýän orta mekdebiniň müdiri tarapyndan tassyklanan kepilnamasy;gatnaşyjynyň ýaşaýan ýeriniň salgysy we habarlaşmak üçin telefon belgileri;3x4 sm ölçegdäki 2 sany fotosuraty.Döredijilik bäsleşigine gatnaşýan okuwçylaryň hödürleýän işlerinde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň gazanýan ýokary ösüşleri, parahatsöýüjilik ýörelgeleri, döwletimizde durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler we ýetilen sepgitler, hemişelik Bitaraplygymyzyň gazananlary (şol sanda maket görnüşinde), «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň belent mazmuny, ýaşlaryň bagtyýar durmuşy hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň çeper keşbi wasp edilmelidir.Döredijilik bäsleşigine hödürlenýän «Dünýä dursun parahat!» diýen temadaky düzmeleriň möçberi 3 sahypadan köp bolmaly däldir.Döredijilik bäsleşigine hödürlenýän surat eserleri 50x70 sm ölçegdäki kagyza guaş reňkleri arkaly plakat görnüşinde çekilip, çarçuwa salnan (ramkalanan) bolmalydyr. Bäsleşige hödürlenýän maketleriň ölçegi hem 50x70 sm ululykda taýýarlanmalydyr.Döredijilik bäsleşiginiň welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher tapgyrlarynda saýlanyp alnan hem-de jemleýji döwlet tapgyryna hödürlenýän işler welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň baş bilim müdirlikleri, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň degişli ýerli bölümleri we Geňeşleri tarapyndan tassyklanan bolmalydyr. Döredijilik bäsleşigi aşakdaky tertipde we möhletlerde geçirilýär:birinji tapgyr: 2026-njy ýylyň 1–7-nji oktýabry aralygynda umumybilim berýän orta mekdeplerde geçirilýär. Bu tapgyrda bäsleşigiň yglan edilen ugurlarynyň her biri boýunça tapawutlanan döredijilik işleriniň 2-si saýlanylyp alynýar we nobatdaky tapgyra hödürlenilýär;ikinji tapgyr: 2026-njy ýylyň 12–20-nji oktýabry aralygynda etraplarda we şäherlerde geçirilýär. Bu tapgyrda ugurlar boýunça tapawutlanan işleriň 3-si saýlanylyp alynýar we indiki tapgyra hödürlenilýär. Ikinji tapgyrda ýeňiji bolan hem-de işeňňir gatnaşan okuwçylar gurnaýjy edaralaryň ýerli bölümleri tarapyndan sylaglanýar;üçünji tapgyr: 2026-njy ýylyň 3–11-nji noýabry aralygynda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçirilýär. Bu tapgyra etrap we şäher tapgyrlarynda ugurlar boýunça 1-nji, 2-nji hem-de 3-nji orunlary eýelän işler gatnaşdyrylýar. Tapgyrda ýeňiji bolan we işeňňir gatnaşan okuwçylar gurnaýjy edaralaryň ýerli bölümleri tarapyndan sylaglanýar. Üçünji tapgyryň ýeňijileriniň işleri 2026-njy ýylyň 20-nji noýabryna çenli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Umumy orta bilim bölümine gowşurylmalydyr;Jemleýji döwlet tapgyry: 2026-njy ýylyň dekabr aýynyň birinji ongünlüginde Aşgabat şäherinde geçirilýär. Bu tapgyra bäsleşigiň welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher tapgyrlarynda ugurlar boýunça 1-nji hem-de 2-nji orunlary eýelän işler gatnaşdyrylýar.Bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyryny guramaçylykly geçirmek we eminlik etmek üçin Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň wekillerinden, şeýle hem ýurdumyzyň tanymal döredijilik işgärlerinden ybarat Eminler topary döredilýär.Bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyrynda yglan edilen 3 ugruň her biri boýunça degişlilikde 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlara mynasyp bolan döredijilik işleri kesgitlenilýär. Eminler toparynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa işjeň gatnaşanlara gurnaýjy edaralaryň (Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň) Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşurylýar. Bäsleşikde ýeňiji bolan döredijilik işleri «Güneş» žurnalynyň sahypalarynda çap edilýär. Habarlaşmak üçin telefonlar: Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 44-86-40;Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-89-99, 44-88-81.«Güneş» žurnalynyň redaksiýasy: 38-61-70.
Doly gör ›Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldawy bilen behişdi ahalteke bedewleriň mekany bolan mukaddes türkmen topragynda ýaşlaryň ahalteke bedewlerine bolan buýsanjyny we söýgüsini artdyrmak, has zehinli hem-de yhlasly mekdep okuwçylaryny ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde guramagynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň ýokary synp (11-12-nji synplar) okuwçylarynyň arasynda «Ahalteke atlary ̶parahatçylygyň ilçileri» atly zehin telebäsleşigi geçirilýär. Telebäsleşik üç tapgyrdan ybarat bolup, birinji saýlama tapgyry 2026-njy ýylyň 22-nji sentýabrynda geçiriler we bu tapgyrda okuwçylar sanly ulgam arkaly testlere jogap bererler. Ýokary netije görkezen okuwçylar telebäsleşigiň ikinji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar. Telebäsleşigiň ikinji we üçünji tapgyrlary 2026-njy ýylyň oktýabr-dekabr aýlary aralygynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçiriler we teleýaýlymda ýazgy ediler. Ikinji tapgyrda ýokary netije gazanan okuwçylar telebäsleşigiň üçünji tapgyryna gatnaşyp bilerler. Üçünji tapgyrda telebäsleşigiň netijeleri boýunça birinji, ikinji we üçünji orunlara mynasyp bolan okuwçylar ýeňijiler hökmünde yglan ediler. Telebäsleşigiň ýeňijileri baş baýrak – ýörite kubok, altyn, kümüş, bürünç medallary, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Hormat hatlary, ýörite diplomlary we şahadatnamalar şeýle hem gymmatbaha ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanarlar. Telebäsleşik baradaky maglumat Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň ihba.edu.tm resmi sahypasynda ýerleşdiriler. Şeýle hem bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirenler bäsleşigiň Düzgünnamasynyň goşundysynda görkezilen nusgany doldurup info@ihba.edu.tm elektron salga ýada ihba.edu.tm/olimp/ web salgysyna 2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrna çenli ugratmaly. DÜZGÜNNAMAHASABA ALYNMAK
Doly gör ›Специальность «Общий уход» (младшая медицинская сестра). Обучение платное – 1 год. В среднюю медицинскую школу им.И.Ганди г.Ашхабада по результатам вступительных экзаменов принимаются граждане Туркменистана, проживающие в городах Аркадаг, Ашхабад, а также в велаятах страны, имеющие полное общее среднее образование. Приём документов ведётся в средней медицинской школе им. И.Ганди г.Ашхабада с 15 июля до 25 августа 2026 года. Список официальных документов: - заявление на имя директора по установленной форме; - анкета установленной формы (анкета); - аттестат об общем среднем образовании (подлинник); - справка о состоянии здоровья по форме, установленной Министерством здравоохранения и медицинской промышленности Туркменистана; - характеристика с последнего места учёбы (работы, воинской части); - девять фотографий размером 3х4; - для работающих заверенная копия трудовой книжки. Кроме того, наряду с вышеуказанными документами в приёмную комиссию предоставляют: - личный паспорт (подлинник и копию); - военный билет или приписное свидетельство и справку от военного комиссариата по месту жительства (подлинник и копию); - иные документы, дающие преимущественное право при зачислении. Абитуриент несёт персональную ответственность за неверную информацию и ложные официальные документы. Место и дата вступительных экзаменов: Ашхабадская средняя медицинская школа им. И.Ганди; 26–28 августа 2026 года. Вступительные экзамены проводятся устно, на государственном языке, по программам образовательных средних школ Туркменистана по химии, биологии и истории Туркменистана. Лица, не явившиеся на экзамен или не сдавшие экзамен по одному из предметов в сроки, установленные расписанием вступительных экзаменов, к сдаче следующих экзаменов не допускаются. Начало занятий – 1 сентября 2026 года. Примечание: после окончания обучения и успешной сдачи государственных экзаменов выпускникам выдаётся подлинник диплома о начальном профессиональном образовании установленного государственного образца. Адрес Ашхабадской средней медицинской школы им. И.Ганди: г.Ашхабад, ул. 2023 (М.Косаева), 90; тел.:36-96-73, 36-93-82.
Doly gör ›2026/2027-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça gysga möhletli okuwlara kabul edýär:1. Kompýuter sowatlylygy, I dereje («Microsoft Office» programmalary) — 3 aý; 2. Kompýuter sowatlylygy, II dereje (Adobe Photoshop, CorelDRAW) — 3 aý; 3. Kompýuter sowatlylygy, III dereje (AutoCAD) — 3 aý; 4. Kompýuter sowatlylygy, IV dereje (Programmirleme) — 3 aý; 5. Rus dili, başlangyç dereje — 4 aý; 6. Rus dili, orta dereje — 4 aý; 7. Iňlis dili, başlangyç dereje — 4 aý; 8. Iňlis dili, orta dereje — 4 aý; 9. Buhgalter hasabynyň we telekeçiligiň esaslary — 4 aý; 10. Ýolagçy wagonlarynyň ýolbeledi — 4 aý; 11. Lokomotiw maşinisti — 6 aý; 12. Awtomobil ýollarynyň we uçuş meýdançalarynyň gurluşygynyň hem-de ulanylyşynyň ussasy — 10 aý; 13. Awtoulaglaryň we mehanizmleriň tehniki ýagdaýyny anyklaýjy enjamlaryň mehanigi — 10 aý; 14. Demir ýolda aragatnaşyk tok enjamlaryny gurnamak boýunça montažçy — elektromehanik — 10 aý; 15. Otlulary düzüji — 6 aý; 16. Demir ýollara hyzmat ediji we abatlaýjy ussa — 6 aý; 17. Wagonlary gözden geçiriji we abatlaýjy — 6 aý; 18. Stansiýa boýunça nobatçy — 10 aý; 19. Teplowozyň sürüjisiniň kömekçisi — 6 aý; 20. Elektrik togy we gaz bilen kebşirleýji — 2 aý; 21. Köpri we atanakly (çatymlaýyn) kranlaryň maşinisti — 4 aý; 22. Awtoulaglary abatlaýjy slesar — 6 aý; 23. Täjirçilik işi — 10 aý; 24. Marketing — 3 aý. Okuwlar Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň döwrebap, iň kämil okuw enjamlary bilen üpjün edilen okuw otaglarynda, tejribeli mugallymlar tarapyndan geçirilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesiniň 51-nji jaýy. Telefon belgileri: 39-26-68, 865-03-71-73, faks belgisi: 33-53-62. Elektron salgysy: tit.we.uki@gmail.com.
Doly gör ›BILDIRIŞ Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti 2026-2027-nji okuw ýylyna boş pedagogik işgärleriniň wezipelerine saýlamak boýunça bäsleşik yglan edýär. Boş iş orunlaryna bäsleşik 2026-nji ýylyň 22-nji awgustynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň baş binasynyň 2-nji gatynda ýerleşýän kiçi mejlisler otagynda geçiriljek. Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar 2026-njy ýylyň 15-nji iýulyna çenli ýokary okuw mekdebiniň Işgärler bölümine tabşyrylmaly. Tabşyrylmaly resminamalar: 1. Arzasy. 2. Dalaşgäriň maglumatnamasy (Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan kesgitlenen nusga boýunça). 3. Hünär derejesi babatda (kwalifikasion) talaplara laýyk gelýändigini tassyklaýan resminamalaryň nusgalary. 4. Kanunçylyk namalarynda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňüne tutulan bilim ulgamynda zähmet çekmegine çäklendirmeleriň ýoklugyny tassyklaýan resminamalar. Bäsleşik yglan edilýän boş pedagogik iş orunlarynynyň sanawy T/b Hünäriň, wezipäniň ady IHGWDK boýunça kod Iş: hemişelik Aýlyk zähmet haky Talaplar Bilim derejesi Iş döwri 1 Anesteziologiýa we reanimatologiýa kafedrasynyň assistenti 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl 2 Göz keselleri kafedrasynyň assistenti 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl 3 Epidemiologiýa kafedrasynyň assistenti 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl 4 Fakultet pediatriýasy kafedrasynyň assistenti 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl 5 Psihiatriýa, narkologiýa we medisina psihologiýasy kafedrasynyň assistenti 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl 6 Farmasiýa kafedrasynyň mugallymy 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl 7 Çaga hirurgiýasy kafedrasynyň assistenti 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl 8 Akuşerçilik we ginekologiýa boýunça DST kafedrasynyň assistenti 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl Salgy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 18 Tel.: 48-99-57 Işgärler bölümi
Doly gör ›Türkmen döwlet medeniýet instituty şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340 belgili Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyny amala aşyrmak, bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, 2024-nji 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenmek hem-de ylmy taýdan beýan etmek” hakyndaky tabşyrygyny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly wezipeleriň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanjyny artdyrmak, ýaşlarda watansöýüjilik duýgusyny has-da berkitmek hem-de zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça onlaýn ders bäsleşigini geçirýär. I. UMUMY DÜZGÜNLER Şu düzgünnama Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça onlaýn ders bäsleşigini guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, bäsleşigi geçirmegiň tertibini kesgitleýär. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” we Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň Döwlet Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçiriljek “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça onlaýnbäsleşigininiň esasy wezipeleri Garaşsyz Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly ýaşlarymyzda türkmeniň taryhyny ylmy esasda çuňňur öwrenmek we taryhymyza bolan buýsançlaryny atrdyrmak, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti paýhasyndan çykan eserleriniň many-mazmunyna has-da giňişleýin düşünmek we ýaşlaryň arasynda wagyz işlerini ýokarlandyrmak maksady bilen ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýiti zehinli talyplary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Internet tehnologiýalarynyň çalt depginler bilen ösýän, okatmagyň täze innowasion tehnologiýalarynyň döreýän we döwletimiziň dünýäniň sanly bilim giňişligine goşulýan döwründe esasan hem “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyňýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän onlaýn bäsleşikler ynsanperwer ugurly dersleriň okadylyşyny has-da kämilleşdirmäge, ýiti zehinli we başarjaň talyp ýaşlary ýüze çykarmaklyga ýardam eder.II. BÄSLEŞIGIŇ GEÇIRILIŞ TERTIBI WE ŞERTLERI1. Bäsleşik 2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 18-ine sagat 14:00-da hasaba alnan ýokary okuw mekdeplerinde bir wagtda başlanar wegatnaşýanlaryň ählisiwideoşekilli aragatnaşyk arkaly göni ýaýlymda görkeziler.2. “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça onlaýn bäsleşigi ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilip, her bir ýokary okuw mekdebinden 4 (dört) talyp gatnaşyp biler we guramaçy institutyň sanly bilim portalynyň binýadynda her ýokary okuw mekdebiniň özünde onlaýn gömüşinde gatnaşmak arkaly geçiriler.3. Bäsleşige gatnaşýan ýokary okuw mekdebi bäsleşige 25 sany test soragy hödürläp biler. Hödürlenen meseleler anyk jogaplary bilen bäsleşigi geçirýän ýokary okuw mekdebine ugradylmaly. Teklip edilýän test soraglary “Türkmenistanyň taryhy” dersine we Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň eserlerine degişli bolup biler. Bäsleşigi gurnaýan ýokary okuw mekdebi hödürlenen soraglaryň içinden 50 sany test soragy saýlanylar. Her bir sorag 4 sany jogap(Jogaplaryň biri dogry) görnüşde taýýarlanar. Her bir dogry jogaba 2 bal berilýär. Testi işlemekligiň dowamlylygy 60 minut.4. Gatnaşyjylara bäsleşigiň geçýän wagtynda öz ýany bilen mobil enjamlaryny we islendik gözükdiriji, serişdeleri, maglumat göterijileri we beýleki sanly serişdeleri ulanmaga rugsat berilmeýär. Talyplar sowaly özbaşdak işlemeli.5. Bäsleşigiň geçirilýän wagtynda goşmaça kömek edilen, töweregindäki adamlar bilen gürrüň eden ýa-da kitap-gazet makalalaryny ulanan ýagdaýynda gatnaşyjy bäsleşige gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylar.6. Wideo aragatnaşygy üpjün etmeklik üçin web kamera, internet arkaly Zoom programmasynda institut tarapyndan baglanşyk ssylkasyny bäsleşigiň geçirilmeli güninden 1 gün öň ugradylar. Bäsleşigiň dowamynda wideo gözegçini (Kamerany) öçürmek we mikrofony ýapmak gadagan edilýär.7. Bäsleşige gatnaşyjy talyplar toparyna ýolbaşçylyk edýän mugallymlaryň elektron poçtalaryna ugradyljak salgy boýunça birikdirilmelidir.8. Bäsleşige gatnaşjak talyplar we jogapkär mugallym baradaky maglumatlary hem-de ýokary mekdepleri öz taýýarlan testlerini (25 sany) 2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 10-yna çenli aşakda görkezilen nusga laýyklykda word (*.docx) faýlynda) tdmi@sanly.tm salgysyna ugratmaly. Institutyň saýtyna girmeli bolar we saýtda görkezilen ders bäsleşigi menýusyna girip amala aşyrylar. ÝOKARY OKUW MEKDEBINIŇ ADYT/bTalybyň familiýasy, ady we atasynyň adyÝyly, hünäri(El telefony, elektron ) poçtasynyň salgysy 1.2. 3. 4Jogapkär mugallymyň familiýasy, ady we atasynyň ady, wezipesi, telefon belgisiIII. BÄSLEŞIGIŇ EMINLER WE GÖZEGÇILIK TOPARY1. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça onlaýn bäsleşigini üstünlikli geçirmek we jemini jemlemek üçin Türkmen döwlet medeniýet instituty tarapyndan eminler topary döredilýär.2. Ýokary okuw mekdeplerinden jogapkär mugallymlar bäsleşigiň geçirilişine onlaýn wideoşekilli aragatnaşyk ulgamy arkaly gözegçilik edip biler.3. Bäsleşige gatnaşýan talyplarynyň işleriniň netijeleri boýunça düşünişmezlik ýüze çykan ýagdaýynda olara ýolbaşçylyk edýän mugallym guramaçylyk bahalandyryş toparyna arz-şikaýat bilen görkezilen elektron poçta arkaly ýüz tutup biler.4 Arz-şikaýatlar, ýüz tutmalar eminler topary tarapyndan seredilýär we onuň ahyrky netijesini eminler toparynyň başlygy kesgitleýär. Gutarnykly netije üýtgedilmäge degişli däldir. IV. NETIJELERINI JEMLEMEK WE ÝEŇIJILERI SYLAGLAMAK 1. Bäsleşikde toplanan ballaryň iň ýokary mümkinçiligi 100 bal. 2.Bäsleşigiň netijesi her gatnaşyjynyň toplan ballarynyň jemi boýunça kesgitleniler we beýanlar arkaly reşmileşdiriler.3. Eminler toparynyň netijenamasy esasynda bäsleşige gatnaşan talyplaryň 50% ýeňiji diýip yglan ediler we olar I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanar. Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 482863, +99365056749 E-mail: tdmi.info@mail.ru, bmedeniýetagmail.com
Doly gör ›Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek üçin binýatlyk bilimi umumy orta bilimden pes bolmadyk, 18 ýaşy dolýan we 25 ýaşdan geçmeýän hem-de iňlis dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary 2026-njy ýylyň 25-nji iýunyna çenli Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde kabul edilýär.Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde ýokary hünär bilimi maksatnamalary boýunça okadyljak hünärler we okuwa kabul etmegiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumatlary kabul ediş toparyndan alyp bolar.Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusgadaky arza we sowalnama;soňky okuw ýa-da iş ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;3x4 sm ölçegde on iki sany fotosurat;Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdepleri üçin soralýan bellenen nusgadaky sowalnama;dogluş hakynda şahadatnama (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);hemişelik ýaşaýan ýerini tassyklaýan kepilnama (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň ilkinji 2 sahypasynyň nusgasy (pasportyň möhleti isleg bildirilýän okuw maksatnamasy başlanandan soň azyndan 6 aý hereket etmelidir);şahsy pasportynyň nusgasy;raýatyň adynyň üýtgedilendigini tassyklaýan resminamanyň (bar bolsa) göçürmesi we tassyklanan terjimesi;SAT (Scholastic Aptitude Test), TOEFL (Test of English as a Foreign Language) we IELTS (International English Language Testing System) hem-de HSK (Chinese Proficiency Test) akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamanyň asyl nusgasy (akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamasy bolan dalaşgärler artykmaçlykdan peýdalanýarlar);CSCA (China Scholastic Competency Assessment) synagynyň netijeleri;ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijisidigini, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşandygyny tassyklaýan degişli resminamanyň we ýurduň ygtyýarly edaralary tarapyndan berlen okuw şahadatnamalarynyň asyl nusgasy (bar bolsa);umumy orta bilim, orta hünär ýa-da ýokary hünär bilimi baradaky resminamanyň asyl nusgasy. Eger dalaşgär orta mekdebiň gutardyş synpynda okaýan bolsa, şahsy jiltiniň (okuwa ýetişiginiň bahalary bilen bilelikde) tassyklanan göçürmesi.Bilim hakyndaky resminama daşary ýurt döwletinde berlen bolsa onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy hem goşulýar;diplomyň goşundysynyň asyl nusgasy (hasap-synag sanawnamasyndan göçürme, transkript hem-de onuň göçürmesi we tassyklanan terjimesi);hytaý dili boýunça dil taýýarlygy okuwyny tamamlandygyny ýa-da hytaý dilini öwrenendigini tassyklaýan şahadatnama (bar bolsa);Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşardaky ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmäge dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde kabul ediş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:- Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny (şahadatnamanyň nusgasy we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwä haty tabşyrylýar).Resminamalaryň terjimeleri iňlis dilinde bolmalydyr.Resminamalary kabul ediş topary zerur bolan halatynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.Kabul edilen resminamalaryň netijeleri boýunça ýokary görkezijilere eýe bolan dalaşgärler bilen 2026-njy ýylyň 23-nji iýunynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde seçip alyş işi boýunça söhbetdeşlik geçiriler.Söhbetdeşlik umumybilim berýän derslerden geçiriler.Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy:Aşgabat ş., 1958-nji (Andalyp) köçesi, 169,tel.: (+993 12) 39-85-62, 39-85-25elektron salgysy: admissioniuhd@gmail.com
Doly gör ›Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026-njy ýylyň 6-njy iýunynda sagat 8:00-dan 14:00 aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hem-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda hünär-tehniki okuw mekdebinde hünär-tehniki bilim maksatnamasyny amala aşyrýan bilim edaralarynyň ýaşlarynyň arasynda «Hünär ussatlygy» atly hünär bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyrynyň geçirilýändigini habar berýär.Bu bäsleşigiň ýaşlary hünäre ugrukdyrmakda, olaryň saýlap alan kärine bolan gyzyklanmasyny artdyrmakda, amaly başarnyklaryny kämilleşdirmekde hem-de zähmete bolan jogapkärçilikli garaýşyny ösdürmekde, şeýle hem ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda berýän oňyn täsirini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bu çärä ýurdumyzyň ähli ýaşlarynyTOMAŞA ETMÄGE çagyrýar.Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Doly gör ›Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti Sizi “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşmaga çagyrýar. Halkara sergi we ylmy maslahaty 2026-njy ýylyň 10-12-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde gibrid görnüşinde geçirilýär.Halkara ylmy maslahatyň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus dilleri.Halkara ylmy maslahatyň işi 22 bölümde geçirilýär. Halkara maslahatyň tematiki ugurlary:I bölüm. Iç keseller. II bölüm. Dikeldiş bejergisi.III bölüm. Kardiologiýa. IV bölüm. Häzirki zaman kardiologiýanyň we kardiohirurgiýanyň kliniki teswirnamalary. V bölüm. Onkologiýa. VI bölüm. Oftalmologiýa. VII bölüm. Ýokanç keseller. VIII bölüm. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak.IX bölüm. Hirurgiýa. X bölüm. Jemgyýetçilik saglygy we epidemiologiýa. XI bölüm. Sanly lukmançylyk. XII bölüm. Laboratoriýa we funksional anyklaýyş barlaglary. XIII bölüm. Ýokanç däl keselleriniň patofiziologiki soraglary we sagdyn bedeniniň fiziologiýasynyň meseleleri.XIV bölüm. Plastiki, rekonstruktiw hirurgiýa we estetiki lukmançylyk. XV bölüm. Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalar.XVI bölüm. Sanly ykdysadyýet durnukly ösüşiň möhüm şertidir.XVII bölüm. Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek bilim syýasatynyň möhüm wezipesidir.XVIII bölüm. Ylym we innowasion tehnologiýalar. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak.XIX bölüm. Sport ulgamynda innowasion tehnologiýalar.XX bölüm. Nobatdaky Olimpiýa oýunlaryna milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamagyň ugurlary. XXI bölüm. Olimpiýa filosofiýasy we sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek.XXII bölüm. Tebigy we takyk ylymlar, innowasion tehnologiýalar. Halkara ylmy maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler resminamalaryny tabşyranlarynda aşakda beýan edilen talaplary berjaý etmelidirler. “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “ atly halkara ylmy maslahata gatnaşmagyňŞ E R T L E R I1. Halkara ylmy maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänleriň maslahata tabşyrylan tezisleriň awtorlar üçden köp bolmaly däldir. Işiň mazmuny özbaşdak ylmy-barlag häsiýetli we ady bilen kybapdaş bolmaly.2. Halkara ylmy maslahata gatnaşmak üçin hasaba alnyş görnüşi doldurylmaly (adaty şrift, Times New Roman, 12 pt):Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylaryň hasaba alnyş görnüşi Familiýasy Ady Atasynyň ady Wezipesi Alymlyk derejesi, ady Işleýän ýeriniň doly ady Işleýän ýeriniň salgysy (poçta indeksini hem görkezmeli) Iş telefony, elektron salgysy Nutugyň ady (baş harplar bilen ýazmaly däl) Nutugyň tematiki ugry Nutuk haýsy dilde taýýarlandy 3. Halkara ylmy maslahata gatnaşmak üçin gysgaça beýany (tezis) we annotasiýalary taýýarlanylmaly. Nutugyň gysgaça beýany ylmy maslahatyň iş dilleriniň birinde, annotasiýalar bolsa beýleki iki dilde bolmaly.3.1. Halkara ylmy maslahata daşary ýurtly gatnaşyjylaryň nutuklarynyň annotasiýalarynyň türkmen diline terjimesi Guramaçylyk topary tarapyndan ýerine ýetiriler.3.2. Halkara ylmy maslahata ýerli gatnaşyjylar annotasiýanyň iňlis we rus dillerine terjimelerini ýokary okuw mekdepleriniň degişli kafedralarynda ýa-da terjime edaralarynda tassyklatmaly.4. Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylaryň ylmy işiniň gysgaça beýany we annotasiýalar awtoryň işleýän edarasynda seredilmeli we edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilen hat üsti bilen iberilmeli. Hata nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalaryň elektron görnüşleri goşulmaly.5. Iberilen resminamalaryň mazmunyna awtorlar şahsy jogapkärçilik çekýärler.Nutuklaryň gysgaça beýanlaryna we annotasiýalaryna bildirilýänT A L A P L A R1. Halkara ylmy maslahata gatnaşmak üçin gysgaça beýanlary we annotasiýalary guramaçylyk komitetine ibermegiňizi haýyş edýäris (gysgaça beýanynyň möçberi A4 (210×297 mm) formatda 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň her biriniň (iňlis we rus dillerinde) möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly.2. Sahypa ölçegleri: ýokary we aşak taraplarda – 2,0 sm, çep tarapda – 2,5 sm, sag tarapda – 1,5 sm. Oriýentasiýasy – "kitap" görnüşli, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1.3. Ylmy işiň aýratynlyklaryna baglylykda nutugy şekiller, formulalar we tablisalar görnüşinde beýan etmäge ýol berilýär. Bu ýagdaýda her bir şekil sahypanyň görkezilen ölçeglerinden çykmaly däl, şrifti bolsa 14-den kiçi bolmaly däl. Nutugyň gysgaça beýanynyň umumy göwrümi şekiller, formulalar we tablisalar bilen bilelikde A4 formatdaky 1,5 sahypadan geçmeli däl.4. Maslahata elektron görnüşde tabşyrylýan ähli materiallar diňe Word for Windows formatynda kabul edilýär (doc we docx giňeltmsi bilen).5. Nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlda saklanylmaly hem-de aşakdaky görnüşde bolmaly:- awtoryň ady, familiýasy sahypanyň sag gyrasy boýunça deňlemek bilen 14 lik şriftde setir harplar bilen goýy gara ýazylmaly, döwletiň ady ýaýyň içinde görkezilmeli;- gysgaça beýanyň we annotasiýalaryň atlary baş harplar bilen 16 lyk şriftde goýy gara görnüşde ýazylmaly we setiriň merkezi boýunça deňlenilmeli;- nutugyň gysgaça beýanynyň tekstini ýazmazdan öň 1 setir goýbermeli.6. Nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalaryň tekstleri setiriň ini boýunça deňlenilmeli. Matematiki formulalar degişli formula redaktorlarynyň kömegi bilen ýazylmaly.7. Nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalarynyň sahypalary belgilenilmeýär.8. Bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän işlere garalmaýar.9. Iş tabşyrylandan soňra hödürlenilen düzedişler we goşundylar kabul edilmeýär.10. Guramaçylyk toparynyň karary boýunça iş ylmy maslahata goýberilmän bilner.11. Tabşyrylan resminamalar yzyna gaýtarylmaýar.12. Nutugyň gysgaça beýanyny we annotasiýalaryny bir faýlyň içinde ýerleşdirilmeli. Faýlyň ady çykyş edýäniň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «tez» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, çykyş edýän – Myrat Akyýew, faýlyň ady – «Akyýew M. tez». 13. Hasaba alnyş görnüşleri nutugyň ähli awtorlary tarapyndan doldurylýar we bir faýlda ýerleşdirilýär. Ilki bilen ylmy maslahatda çykyş edýäniň, soňra awtordaşyň hasaba alnyş görnüşleri ýerleşdirilýär. Hasaba alnyş maglumaty üçin faýlyň ady awtoryň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «reg» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, «Ataýew N. reg».14. Faýllary arhiwirlemeli däl!Habarlaşmak üçin:1. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tel: (+99312) 40-04-51; 40-04-11, 48-92-94, faks: 40-04-53, 40-04-66 elektron poçta: info@saglykhm.gov.tm resminamamz@sanly.tm 2. Türkmenistanyň Bilim ministrligi. tel: (+99312) 44-84-09; 36-17-34 elektron poçta: nie.turkmenistan @ gmail .com met.int.department@gmail.com3. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tel: (+99312) 39-98-37 elektron poçta: turkmensport@sanly.tm 4. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tel: (+99312) 94-14-52 elektron poçta: rustamtme@gmail.сom Halkara maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler öz tezislerini we annotasiýalaryny (kagyz we elektron görnüşinde) 2026-njy ýylyň 10-njy iýun çenli ibermegiňizi haýyş edýäris.Guramaçylyk topary
Doly gör ›2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli “Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny” atly ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda halkara ylmy-taslama bäsleşigini geçirmek hakyndaDÜZGÜNNAMAI. Bäsleşigi geçirmegiň ähmiýetiHormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyz tarapyndan dünýäde syýasy durnuklylygy saklamak we hemmetaraplaýyn goldamak, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek babatda beýik işler üstünlikli amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, eziz watanymyzyň Garaşsyzlygy bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýadydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda oba hojalygy babatdaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar, içerki bazar dürli görnüşli, ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda hem dünýä bileleşiginiň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlary diýip kesgitlän 17 maksadynyň, ondan gelip çykýan 148 sany wezipäniň milli we döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipelere doly laýyk gelýändigi aýratyn nygtalýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Türkmenistanda durmuşa ornaşdyrylmagy boýunça iş toparynyň döredilendigi we bu ugurdaky wezipeleri netijeli amala aşyrmak maksady bilen häzirki wagtda ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy, olar bilen bagly degişli halkara maslahatlaryň geçirilýändigi hem guwandyryjy hakykatdyr. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly Ösüş Maksatlarynyň içinde azyk howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak ugurlary aýratyn üns merkezinde durýan esasy meseleleriň biri bolup durýar. Bu babatda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça hem yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ulgamda hereket edýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň has-da ýaýbaňlandyrylmagy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça halkara maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi döwlet ekologiýa syýasatymyzyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.Türkmenistan döwletimizde tebigaty goramak syýasatynyň esasy maksady hakyky iş ýüzünde ýurdumyzyň baýlyklaryny gorap saklamakdan, olary rejeli peýdalanmakdan, daşky gurşawda ekologik deňagramlylygyň bozulmagyny çäklendirmekden, tebigatyň hapalanmagynyň hem zaýalanmagynyň öňüni almakdan, jemgyýetde adamlaryň ekologiýa taýdan howpsuzlygyny, erkin zähmet çekmeklerini, dynç almaklaryny, şeýle-de ösüp gelýän ýaş nesliň maddy we medeni isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmakdan ybaratdyr.Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşlerimiziň hereketlendiriji güýji bolan ylym ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, şeýle hem ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, zehinli talyplary ýüze çykarmak maksady bilen, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli “Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny” atly ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň möhüm ähmiýetiniň boljakdygy şübhesizdir. II. Bäsleşigi geçirmegiň maksatlaryÝurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny” atly halkara ylmy-taslama bäsleşigini geçirmegiň maksady aşakdakylardan ybaratdyr:- Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyklaryny pugtalandyrmak;- ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek we gerimini giňeltmek;- talyplaryň döredijilik ukyp-başarnygyny, ylmy gözleglere we hünärine bolan höwesini artdyrmak;- aýratyn zehinli ýaşlary goldamak üçin gerekli şertleri döretmek, ýaşlaryň arasynda ylym-bilimi ýaýratmak we öňe sürmek;- talyplaryň azyk howpsuzlygy, daşky gurşawy we tebigaty goramak, tebigy baýlyklary aýawly peýdalanmak ýaly meseleler boýunça bilimini artdyrmak;- halk hojalygynyň dürli ugurlarynda azyk howpsuzlygy, daşky gurşawy we tebigaty goramak, tebigy baýlyklary aýawly peýdalanmak meseleleri boýunça talyplaryň özbaşdak işlemek we pikirlenmek endiklerini ösdürmek; - talyp ýaşlarda tebigy baýlyklardan aýawly peýdalanmak dünýägaraýyşy we ekologik medeniýeti kemala getirmek we terbiýelemek;- Türkmenistan döwletimiz we bütin dünýä üçin ähmiýetli azyk howpsuzlygy we ekologik meselelerine talyplaryň ünsüni çekmek;- talyplaryň azyk howpsuzlygy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ugurlary boýunça işlenip düzülen täze tehnologiýalar we ylmy täzelikler bilen tanyş bolmaklaryny üpjün etmek.III. Bäsleşigiň geçirilişiniň tertibiBäsleşik II tapgyrda geçirilýär. Bäsleşigiň dili: türkmen, iňlis we rusI tapgyr (saýlama tapgyr). Bäsleşikde kabul edilen 6 sany ugruň biri boýunça ýa-da talyplar toparynyň (iki talypdan köp bolmadyk) özüniň gatnaşmagynda ýerine ýetirilen ylmy-taslama işiniň ýazgysyny (goşundy) 2026-njy ýylyň 10-njy maýyna çenli Merkezi guramaçylyk iş toparynyň elektron salgysyna (science.tm2024@gmail.com; habarlaşmak üçin tel.: +99365647291) ugradýar. Eminler topary tarapyndan seljerilip, saýlanylan işler bäsleşigiň indiki tapgyryna goýberilýär. 2-nji tapgyra geçen ylmy-taslama işleriniň sanawy uniwersitetiň resmi web-saýtynda 2026-njy ýylyň 20-nji maýynda yglan edilýär.II tapgyr (esasy tapgyr). Bäsleşigiň 2-nji tapgyry 2026-njy ýylyň 1—5-nji iýuny aralygynda geçiriler. Bu tapgyrda bäsleşigiň 1-nji tapgyrynyň netijesi boýunça saýlanan talyplar bellenen wagtda Merkezi guramaçylyk iş toparynyň öňünde ylmy-taslamasy boýunça internet ulgamy arkaly online görnüşinde prezentasiýa bilen çykyş edýärler. IV. Bäsleşige gatnaşýan taslama işleriniň taýýarlanylyşyna talaplarYlmy-taslamanyň ýazgylary 15-20 sahypadan ybarat bolmaly. Ylmy-taslamanyň ýazgysy ylmy işi ýazmagyň kadalaryna (14 şriftde, 1,5 setir arasy, ýokardan we aşakdan 2 sm, çepden 3 sm, sagdan 1,5 sm goýlan, Times New Roman, çykgytly we ş.m. talaplary özünde jemleýän) gabat gelýän ýazgy görnüşinde hödürlenmeli. Işiň titul sahypasynda bäsleşige gatnaşylýan ugur, temanyň ady, ýerine ýetiriji we ylmy ýolbaşçynyň hem-de ýokary okuw mekdebiniň ady görkezilmeli. Taslama işiniň maglumatlary degişli tema boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan, takyk ylmy maglumatlara esaslanan, aýdyň beýan edilen bolmaly. Ylmy-taslama diňe bir nazary maglumatlary däl-de, eýsem talybyň özüniň gatnaşmagynda ýerine ýetirilen tejribe maglumatlaryndan hem-de alnan netijelerden ybarat bolmaly. Taslamanyň ady, temasy, täzeçilligi wajyplygy, maksady we onuň netijesi özara baglanyşykly bolmaly. Edebiýat çeşmeleri görkezilmeli. (Ylmy-taslamanyň golýazmasy türkmen, rus we iňlis dillerinde terjime edilen bolmaly).V. Merkezi guramaçylyk iş toparyny döretmek we onuň işiS.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bäsleşigi geçirmek boýunça Merkezi guramaçylyk iş toparyny döredýär. Merkezi guramaçylyk iş toparynyň düzümine S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinden bäsleşigi geçirmek boýunça jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri, ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça ylmy-barlaglaryny alyp barýan ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň professor-mugallymlary we ylmy işgärleri girýärler.Merkezi guramaçylyk iş topary bäsleşigiň guramaçylygy, geçirilişi, tamamlanylyşy boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrýar. Bäsleşigiň netijelerine baha bermekde gapma-garşylykly ýagdaýlar ýüze çykanda, Merkezi guramaçylyk iş topary jedelli meseleleri çözmek üçin arz-şikaýat iş toparyny döredýär. Arz-şikaýat iş toparyna Merkezi guramaçylyk iş toparyndan we emin agzalaryndan hünärmenler girizilip bilner. Arz-şikaýat iş toparyň çözgüdi, Merkezi guramaçylyk iş topary tassyklandan soň, gutarnykly hasaplanylýar. Merkezi guramaçylyk iş topary ýeňijileri, işjeň gatnaşyjylary we guramaçylary sylaglamak boýunça teklip berýär.Merkezi guramaçylyk iş topary bäsleşigiň 1-nji tapgyrynda gelen ylmy-taslama işlerini jemleýär we seljerýär hem-de 2-nji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan dalaşgärleriň sanawyny yglan edýär.Merkezi guramaçylyk iş topary bäsleşigiň 2-nji tapgyrynda talyplaryň ylmy-taslama işlerine seredenlerinde şu aşakdaky görkezijiler boýunça baha berýärler:VI. Bäsleşigiň ugurlaryBäsleşik birnäçe ugur boýunça geçirilip, ylym bilen meşgullanýan ýaş alymlara özüniň ukyp-başarnyklaryny görkezmeklige ýardam eder. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly Ösüş Maksatlarynyň içinden azyk howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak boýunça aşakdaky berlen maksatlary bäsleşigiň degişli ugurlary hasaplanylýar:1. Açlygy ýok etmek. Açlygy ýok etmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we iýmitiň hilini gowulandyrmak we oba hojalygyň durnukly ösüşine ýardam etmek;2. Arassa suw we arassaçylyk. Suw serişdeleriniň elýeterligini we olaryň rejeli peýdalanmagyny we hemmeler üçin suwuň arassalygyny üpjün etmek;3. Elýeterli we arassa energiýa. Hemmeler üçin energiýanyň gymmat däl, ygtybarly, durnukly we döwrebap serişdelerine umumy elýeterligi üpjün etmek;4. Howanyň üýtgemegine garşy göreş. Klimatyň üýtgemegi we onuň netijeleri bilen göreşmek üçin gaýragoýulmasyz çäreleri görmek;5. Deňziň ekologiki ulgamyny gorap saklamak. Durnukly ösüşiň bähbitleri üçin ummanlary, deňizleri we derýalary gorap saklamak we olardan rejeli peýdalanmak;6. Gury ýer ekologiki ulgamyny gorap saklamak. Gury ýerleriň goragy we dikeldilmegi, olaryň rejeli peýdalanmagyna ýardam etmek, tokaýlardan rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagyny we biodürlüligini ýitirmek hadysasyny bes etmek.VII. Bäsleşigiň netijelerini jemlemek we ýeňijileri sylaglamakÄhli görkezijiler boýunça toplanan ballaryň jemi esasynda her ugur boýunça I, II we III orunlar kesgitlenilýär. Deň bal toplanan ýagdaýynda ýeňiji Merkezi guramaçylyk iş toparynyň agzalarynyň arasynda ses bermek arkaly kesgitlenilýär. Bäsleşigiň ýeňijileri S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory tarapyndan I, II we III derejeli diplomlar we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanýar.
Doly gör ›Hormatly kärdeşler!Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, 2026-njy ýylyň 21-nji maýynda tejribeli alymlary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny, ylmy we ylmy-barlag guramalarynyň işgärlerini, inženerleri hem-de ylmy-tehniki jemgyýetçiligiň hünärmenlerini sanly ulgam arkaly geçiriljek “Ak şäher Aşgabat – binagärlik sungatynyň dürdänesi, ylmy-innowasiýalaryň mekany” atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrýar.Ylmy-amaly maslahatyň iş dilleri: türkmen, rus we iňlis.Maslahatyň maksady – ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, talyplarynyň, şeýle hem ylmy edaralaryň alymlarynyň we kompaniýalaryň hünärmenleriniň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we özara bähbitli ylmy maglumatlary alyş-çalyş etmek hem-de tejribe alyşmak bolup durýar.Maslahatda çykyş etmek üçin hödürlenýän mowzuklar aşakdaky ugurlary öz içine alýar:Maslahata gatnaşmak isleýän alymlardan, inžener-hünärmenlerden we ylmy-tehniki jemgyýetçiligiň wekillerinden öz çykyşlaryny we degişli resminamalary bildirilýän talaplara laýyklykda tabşyrmak haýyş edilýär.“Ak şäher Aşgabat – binagärlik sungatynyň dürdänesi, ylmy-innowasiýalaryň mekany” atly sanly ulgam arkaly geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmagyňŞ E R T L E R ITürkmenistanda sanly ulgam arkaly geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmak üçin (daşary ýurtly gatnaşyjylar üçin), aşakdaky salgy arkaly hasaba alyş formasyny ýükläp alyp, doldurmagyňyz haýyş edilýär:🔗 Hasaba alyş formasyDoldurylan hasaba alyş formasyny elektron görnüşde aşakdaky elektron poçta salgylaryna ugratmaly:Nutuklaryň gysgaça beýanlaryna we annotasiýalaryna bildirilýänT A L A P L A RHabarlaşmak üçin: Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyTel.: (+99365) 02-97-86; (+99365) 50-67-58; (+99312) 28-18-03; (+99312) 28-18-04; Faks: (+99312) 28-18-01; Elektron poçta: ylym.tdbgii@gmail.com. Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänlere, öz tezislerini we annotasiýalaryny (kagyz we elektron görnüşinde) 2026-njy ýylyň 15-nji maýyna çenli ibermeklerini haýyş edýäris.Guramaçylyk topary
Doly gör ›