Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlary boýunça halkara bilermenleri birleşdirer
2026-njy ýylyň 10-12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly Halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler.
Bu çäre Türkmenistandan we daşary ýurtlardan kompaniýalary, bilermenleri, degişli guramalary hem-de ugurdaş pudaklaryň wekillerini bir meýdançada jemlär.
Serginiň esasy maksady häzirki zaman tehnologiýalaryny, täze çözgütleri hödürlemek, tejribe alyşmak we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bolup durýar.
Üç günüň dowamynda bir meýdançada sergi, B2B we B2G duşuşyklary, bilermenleriň pikir alyşmalary, täze tehnologiýalaryň tanyşdyrylyşlary hem-de ussatlyk sapaklary geçiriler.
Saglygy goraýyş ugry boýunça: iç keselleri, newrologiýa we dikeldiş bejergisi, kardiologiýa, kardiologiýa we kardiohirurgiýa boýunça häzirki zaman kliniki teswirnamalar, onkologiýa, oftalmologiýa, ýokanç keseller, ene we çaganyň saglygyny goramak, hirurgiýa, jemgyýetçilik saglygy we epidemiologiýa, sanly lukmançylyk, barlaghana we funksional-diagnostiki barlaglar, ýokanç däl keselleriň patofiziologik meseleleri we sagdyn bedeniň fiziologiýasy, plastik, rekonstruktiw hirurgiýa hem-de estetiki lukmançylyk ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşylar.
Bilim ugry boýunça: bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalar, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek, ylym we innowasion tehnologiýalar, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde sanly ykdysadyýet ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Sport we ylym ugry boýunça: sport ulgamynda innowasion tehnologiýalar, milli ýygyndy toparlaryny öňde boljak Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamagyň ugurlary, olimpiýa filosofiýasy we sagdyn durmuş ýörelgesini terbiýelemek, tebigy we takyk ylymlar, innowasion tehnologiýalar boýunça pikir alşylar geçiriler.
Lukmançylyk tehnologiýalaryndan we farmasewtikadan başlap, bilim maksatnamalaryna, sport enjamlaryna, fitnese hem-de dikeldiş ugurlaryna çenli gatnaşyjylar öz çözgütlerini hödürläp, göni işewür aragatnaşyklary ýola goýup we Türkmenistanda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açyp bilerler.
Üç ugur. Üç gün. Bir halkara meýdança.
Çäre barada giňişleýin maglumat: contact@turkmenexpo.com; saglyk.turkmenexpo.com