Announcements

Last announcements

📅 20.07.2024

Bäsleşik yglan edilýän boş pedagogik iş orunlarynynyň sanawy

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti 2024-2025-nji okuw ýylyna boş pedagogik işgärleriniň wezipelerine saýlamak boýunça bäsleşik yglan edýär. Boş iş orunlaryna bäsleşik 2024-nji ýylyň 30-njy awgustynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň baş binasynyň 2-nji gatynda ýerleşýän kiçi mejlisler otagynda geçiriljek. Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar 2024-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli ýokary okuw mekdebiniň Işgärler bölümine tabşyrylmaly.   Tabşyrylmaly resminamalar: 1. Arzasy. 2. Dalaşgäriň maglumatnamasy (Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan kesgitlenen nusga boýunça). 3. Hünär derejesi babatda (kwalifikasion) talaplara laýyk gelýändigini tassyklaýan resminamalaryň nusgalary. 4. Kanunçylyk namalarynda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňüne tutulan bilim ulgamynda zähmet çekmegine çäklendirmeleriň ýoklugyny tassyklaýan resminamalar.   Bäsleşik yglan edilýän boş pedagogik iş orunlarynynyň sanawy T/b Hünäriň, wezipäniň ady IHGWDK boýunça kod Iş: hemişelik -1 Aýlyk zähmet haky Talaplar Bilim derejesi Iş döwri 1 Fakultet terapiýasy kafedrasynyň assistenti 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl 2 Farmakologiýa kafedrasynyň mugallymy 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl 3 Diller kafedrasynyň mugallymy 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl 4 Çaga keselleriniň propedewtikasy kafedrasynyň assistenti 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl 5 Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl 6 Çaga stomatologiýasy kafedrasynyň assistenti 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl 7 Göz keselleri kafedrasynyň assistenti 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl 8 Kazyýet lukmançylygy kafedrasynyň assistenti 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl 9 Epidemiologiýa  kafedrasynyň mugallymy 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl 10 Gulak, burun, bokurdak keselleri kafedrasynyň assistenti 240390 1   3386 ýokary 3 ýyl 11 Kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasynyň assistenti 240390 1 3386 ýokary 3 ýyl               Salgy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 18 Tel.: 48-99-57                                                                                                                                                   Işgärler bölümi

Detail ›
📅 10.10.2022

Student fee is a new online service of Halkbank State Commercial Bank of Turkmenistan

“Halkbank” State Commercial Bank is increasing the number of online services. The purpose of the Bank's new "Student Payment" service is to facilitate and modernize the payment process of higher education institutions in the country. Through the "Student Payment" service, students can make online payments through bank cards from the "Online Payments" section on the bank's official website, https://halkbank.gov.tm/. The new service offers a number of benefits to students and their parents: 1. First of all, a student or close relative saves time related to going to the bank to make a payment; 2. If the student is required to make a one-year or six-month payment at a time, it is also possible to make one or more monthly payments through the online service; 3. The Altyn Asyr bank card of the student himself or her close relatives (parents, siblings, relatives) can also be used for payment; 4. Online payment is available on any day of the week, day and night; 5. “Student Payment”allows you to receive a certificate of payment for payments made through the online banking service. Requirements for use of the service: Each student must enter that information and enter his or her personal room in a special section on the bank’s website, taking their personal number (login) and password from the university where they are studying; You need to know the CVC code of the card you are paying for the service and SMS service to the bank card “Halkbank” State Commercial Bank of Turkmenistan

Detail ›
📅 25.07.2021

2021/2022-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda): 1. Kliniki lukmançylyk(hünärler:bejeriş işi; pediatriýa). 2. Harby lukmançylyk(hünärler:bejeriş-öňüni alyş işi; arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek işi).   II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda): 1. Kliniki lukmançylyk(hünärler:bejeriş işi; pediatriýa; stomatologiýa). 2. Saglyk baradaky ylymlar we öňüni alyş lukmançylygy(hünärler:saglygy goraýyş-öňüni alyş işi; lukmançylyk-durmuş goragy işi; dikeldiş we sport lukmançylygy). 3. Farmasiýa(hünär:farmasiýa). Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda  bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary, harby lukmançylyk ugruna– çagyryş boýunça harby gullugy geçen, 24 ýaşy dolýança erkek raýatlary ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan 25 ýaşy dolýança erkek raýatlary, şeýle hem borçnama boýunça harby gullugy geçýän, ofiser harby ady bolmadyk 24 ýaşy dolýança erkek harby gullukçylary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2021-nji ýylyň 12 — 25-nji iýuly aralygynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:  — bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza; — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); — bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy); — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; — soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; — 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; — işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; — okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri‚ halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar. Harby lukmançylyk ugruna okuwa girmäge isleg bildiren dalaşgär ýokarda görkezilen resmi iş kagyzlaryndan başga-da: —ene-atasynyň oglunyň harby gullukçy bolmagyna we ýokary okuw mekdebini tamamlanyndan soň Türkmenistanyň islendik künjeginde harby gullugy geçmekligine razylygy baradaky dil hatyny; — Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Habar beriş merkezinden berlen güwänamany; — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi harby saglyk öýünden berlen ýokary harby okuw mekdeplerine girýänleriň lukmançylyk güwä geçmesiniň kartasyny tabşyrýar. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi harby saglyk öýünde gutarnykly güwä geçmesinden geçmek üçin hemişelik ýaşaýan ýerindäki psihonewrologiýa, narkologiýa, inçekesele garşy we deri-wenerologiýa hassahanalaryndan, şeýle hem maşgala lukmanyndan sagaldyş gözegçiliginde durmaýandygy baradaky kepilnamalar zerur. Harby lukmançylyk ugruna okuwa kabul etmekligiň şertleri baradaky goşmaça maglumaty Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kabul ediş toparyndan alyp bolar. Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: — şahsy pasportyny; — harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny. Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär: Balkan welaýaty — iýul aýynyň 28-i, 29-y we 30-y günleri; Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 1-i, 2-si we 3-i günleri Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 5-6-sy, 7-si we 8-i günleri;  Ahal welaýaty — awgust aýynyň 10-11-i, 12-si we 13-i günleri;  Mary welaýaty — awgust aýynyň 15-16-sy, 17-si we 18-i günleri;  Lebap welaýaty — awgust aýynyň 20-21-i we 22-si we 23-igünleri. Giriş synaglaryähli hünärler boýunça biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Okuw dersleriboýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. Harby lukmançylyk ugruna okuwa girmäge isleg bildiren dalaşgärler beden taýýarlygy boýunça kadalary (möçbernamalary) (100 m, 3 km ylgamak; göwräňi çekmek) ýerine ýetirýärler. Ýaşlaryň saýlap alan hünärine durnuklydygyny kesgitlemek maksady bilen, olar patologoanatomiki edarasynyň işi bilen tanyşdyrylar. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär. Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan: — lukmançylyk mekdeplerini tamamlan we saglygy goraýyş edaralarynda2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar; —“Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.   Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň salgysy:Aşgabat ş., A.Gowşudow köçesi, 58; tel.: 92-71-09.

Detail ›
📅 10.01.2021

ASPIRANTURA KABUL ETMEGIŇ TERTIBI

ürkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda çykaran 9378 belgili Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamak hakynda Düzgünnama» laýyklykda, aspirantura ýokary bilimli, azyndan 5 ýyl iş tejribesi bolan, saýlan ugry boýunça ylmy gözlegleri geçirmekde başarnygyny görkezen şahslar bäsleşik esasynda kabul edilýär. Lukmançylyk ylmy ugry boýunça kliniki ordinaturany doly geçen we saglygy goraýyş ulgamynda azyndan 3 ýyl ýa-da kliniki ordinaturany geçmezden, azyndan 5 ýyl işlän şahslar aspirantura bäsleşik esasynda kabul edilýär. Aspirantura girmek hakynda aspirantlary taýýarlamagy amala aşyrýan ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň ýa-da ylmy edaranyň ýolbaşçysynyň adyna ýazylan arza şu resminamalary goşmak bilen berilýär: – ýokary bilimi hakynda diplomynyň nusgasyny we onuň goşundysy (ýokary bilimi daşary ýurtda alanlar üçin; – degişli diplomynyň we onuň deň derejelidigini tassyklaýan Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen ykrar şahadatnamanyň nusgasy); – işgärleri hasaba almak boýunça şahsy kagyz; – № 086/h görnüşli lukmançylyk güwänamasy; – 4x6 sm ölçegdäki üç sany fotosurat; – neşir edilen ylmy işleriniň sanawy, eger-de okuwa girýäniň ylmy işleri boýunça oýlap tapmalary bar bolsa ylmy-barlag işleriniň we oýlap tapmalarynyň, hasabatlarynyň sanawy; – hünärine laýyklykda saýlap alan temasy boýunça ylmy referat; – zähmet depderçesiniň nusgasy. Aspirantura girýän raýat ýokary okuw mekdebini tamamlandygy hakynda diplomy (daşary ýurtda bilim alan adamlar üçin – diplom we onuň deň derejelidigi hakynda ykrar şahadatnamany) we şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň asyl nusgasyny getirip görkezýär.   YLYMLARYŇ KANDIDATY ALYMLYK DEREJESINE DALAŞGÄRLERI BERKITMEGIŇ TERTIBI Ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgärler ýokary bilimli bolmalydyr. Aspiranturada doly okuwy geçenler ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgär hökmünde kabul edilmeýär. Dalaşgärleri kandidatlyk dissertasiýalaryny taýýarlamak üçin berkitmek üç ýyldan köp bolmadyk möhletde amala aşyrylýar. Bir wagtyň özünde iki ýa-da birnäçe ýokary okuw mekdebinde ýa-da ylmy edarada dalaşgär bolmaga rugsat edilmeýär. Ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgär ýokary okuw mekdebine ýa-da ylmy edara berkidilmegi üçin: – ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň ýa-da ylmy-barlag edaranyň ýolbaşçysynyň adyna arzasyny; – hünärine laýyklykda saýlap alan temasy boýunça ylmy referaty; – ýokary bilimi hakynda diplomynyň nusgasyny (ýokary bilimi daşary ýurtda alanlar üçin – degişli diplomynyň we onuň deň derejelidigini tassyklaýan Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen ykrar şahadatnamanyň nusgasy) tabşyrýar. Şahsyýetini tassyklaýan resminamany we ýokary bilimi hakyndaky diplomynyň (ýokary bilimi daşary ýurtda alanlar üçin – degişli diplomy we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen we onuň deň derejelidigini tassyklaýan ykrar şahadatnamany) asyl nusgasyny dalaşgäriň özi getirip görkezýär.   YLYMLARYŇ DOKTORY ALYMLYK DEREJESINE DALAŞGÄR HÖKMÜNDE HASABA ALMAGYŇ TERTIBI Ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgäriň ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesi bolmaly. Ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgär ylmy işini doktorlyk dissertasiýasy görnüşinde taýýarlamak üçin 4 ýyl möhlet bilen ýokary okuw mekdebine ýa-da ylmy edara hasaba alynýar. Ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgär ýokary okuw mekdebinde ýa-da ylmy edarada hasaba alynmagy üçin ýolbaşçynyň adyna: – ylymlaryň kandidaty diplomynyň nusgasy goşulan arzasyny; – dissertasiýanyň ugry boýunça ylmy işleri alyp barýan ýokary okuw mekdebiniň ýa-da ylmy edaranyň Alymlar ge­ňeşiniň dissertasiýanyň 2/3 böleginiň taýýarlygy baradaky güwänamasyny tabşyrýar. Şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň we ylymlaryň kandidaty diplomynyň asyl nusgasyny dalaşgäriň özi getirip görkezýär.   Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet  lukmançylyk uniwersiteti 2021-nji ýylda aşakdaky hünär boýunça aspirantura kabul etmegi yglan edýär: 14.01.23 – Urologiýa               – 1 ýer Şeýle-de, aşakdaky hünärler boýunça kandidatlyk dissertasiýalaryny taýýarlamak üçin dalaşgärleri saýlap almagy amala aşyrýar: 14.01.11 – Nerw keselleri         – 1 ýer 14.01.17 – Hirurgiýa                – 1 ýer 14.01.23 – Urologiýa               – 1 ýer 14.02.01 – Gigiýena                 – 1 ýer Şonuň ýaly-da, aşakdaky hünär boýunça doktorlyk dissertasiýasyny taýýarlamak üçin dalaşgäri saýlap almagy amala aşyrýar: 14.01.01 – Akuşerçilik we ginekologiýa – 1 ýer Salgysy: Aş­ga­bat ş., Ar­ça­bil şa­ýo­ly, 18. Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fo­n belgileri: 92-71-46, 48-98-71.

Detail ›
style="bottom: 97px; position: absolute; left: 0; right: 0; z-index: 1000; background: rgba(255, 255, 255, .97); backdrop-filter: blur(24px); border-bottom: 1px solid rgba(13, 124, 124, .08); transition: box-shadow .4s;">