Announcements

Last announcements

📅 09.05.2026

Halkara taslama bäsleşigi - 2026

2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli “Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny” atly ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda  halkara ylmy-taslama bäsleşigini geçirmek hakyndaDÜZGÜNNAMAI. Bäsleşigi geçirmegiň ähmiýetiHormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyz tarapyndan dünýäde syýasy durnuklylygy saklamak we hemmetaraplaýyn goldamak, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek babatda beýik işler üstünlikli amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, eziz watanymyzyň Garaşsyzlygy bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýadydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda oba hojalygy babatdaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar, içerki bazar dürli görnüşli, ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda hem dünýä bileleşiginiň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlary diýip kesgitlän 17 maksadynyň, ondan gelip çykýan 148 sany wezipäniň milli we döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipelere doly laýyk gelýändigi aýratyn nygtalýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Türkmenistanda durmuşa ornaşdyrylmagy boýunça iş toparynyň döredilendigi we bu ugurdaky wezipeleri netijeli amala aşyrmak maksady bilen häzirki wagtda ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy, olar bilen bagly degişli halkara maslahatlaryň geçirilýändigi hem guwandyryjy hakykatdyr. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly Ösüş Maksatlarynyň içinde azyk howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak ugurlary aýratyn üns merkezinde durýan esasy meseleleriň biri bolup durýar. Bu babatda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça hem yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ulgamda hereket edýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň has-da ýaýbaňlandyrylmagy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça halkara maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi döwlet ekologiýa syýasatymyzyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.Türkmenistan döwletimizde tebigaty goramak syýasatynyň esasy maksady hakyky iş ýüzünde ýurdumyzyň baýlyklaryny gorap saklamakdan, olary rejeli peýdalanmakdan, daşky gurşawda ekologik deňagramlylygyň bozulmagyny çäklendirmekden, tebigatyň hapalanmagynyň hem zaýalanmagynyň öňüni almakdan, jemgyýetde adamlaryň ekologiýa taýdan howpsuzlygyny, erkin zähmet çekmeklerini, dynç almaklaryny, şeýle-de ösüp gelýän ýaş nesliň maddy we medeni isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmakdan ybaratdyr.Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşlerimiziň hereketlendiriji güýji bolan ylym ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, şeýle hem ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, zehinli talyplary ýüze çykarmak maksady bilen, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli “Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny” atly ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň möhüm ähmiýetiniň boljakdygy şübhesizdir. II. Bäsleşigi geçirmegiň maksatlaryÝurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny” atly halkara ylmy-taslama bäsleşigini geçirmegiň maksady aşakdakylardan ybaratdyr:- Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyklaryny pugtalandyrmak;- ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek we gerimini giňeltmek;- talyplaryň döredijilik ukyp-başarnygyny, ylmy gözleglere we hünärine bolan höwesini artdyrmak;- aýratyn zehinli ýaşlary goldamak üçin gerekli şertleri döretmek, ýaşlaryň arasynda ylym-bilimi ýaýratmak we öňe sürmek;- talyplaryň azyk howpsuzlygy, daşky gurşawy we tebigaty goramak, tebigy baýlyklary aýawly peýdalanmak ýaly meseleler boýunça bilimini artdyrmak;- halk hojalygynyň dürli ugurlarynda azyk howpsuzlygy, daşky gurşawy we tebigaty goramak, tebigy baýlyklary aýawly peýdalanmak meseleleri boýunça talyplaryň özbaşdak işlemek we pikirlenmek endiklerini ösdürmek; - talyp ýaşlarda tebigy baýlyklardan aýawly peýdalanmak dünýägaraýyşy we  ekologik medeniýeti kemala getirmek we terbiýelemek;- Türkmenistan döwletimiz we bütin dünýä üçin ähmiýetli azyk howpsuzlygy we ekologik meselelerine talyplaryň ünsüni çekmek;- talyplaryň azyk howpsuzlygy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ugurlary boýunça işlenip düzülen täze tehnologiýalar we ylmy täzelikler bilen tanyş bolmaklaryny üpjün etmek.III. Bäsleşigiň geçirilişiniň tertibiBäsleşik II tapgyrda geçirilýär. Bäsleşigiň dili: türkmen, iňlis we rusI tapgyr (saýlama tapgyr). Bäsleşikde kabul edilen 6 sany ugruň biri boýunça ýa-da talyplar toparynyň (iki talypdan köp bolmadyk) özüniň gatnaşmagynda ýerine ýetirilen ylmy-taslama işiniň ýazgysyny (goşundy) 2026-njy ýylyň 10-njy maýyna çenli Merkezi guramaçylyk iş toparynyň elektron salgysyna (science.tm2024@gmail.com; habarlaşmak üçin tel.: +99365647291) ugradýar.  Eminler topary tarapyndan seljerilip, saýlanylan işler bäsleşigiň indiki tapgyryna goýberilýär. 2-nji tapgyra geçen ylmy-taslama işleriniň sanawy uniwersitetiň resmi web-saýtynda 2026-njy ýylyň 20-nji maýynda yglan edilýär.II tapgyr (esasy tapgyr). Bäsleşigiň 2-nji tapgyry 2026-njy ýylyň 1—5-nji iýuny aralygynda geçiriler. Bu tapgyrda bäsleşigiň 1-nji tapgyrynyň netijesi boýunça saýlanan talyplar bellenen wagtda Merkezi guramaçylyk iş toparynyň öňünde ylmy-taslamasy boýunça internet ulgamy arkaly online görnüşinde prezentasiýa bilen çykyş edýärler. IV. Bäsleşige gatnaşýan taslama işleriniň taýýarlanylyşyna talaplarYlmy-taslamanyň ýazgylary 15-20 sahypadan ybarat bolmaly. Ylmy-taslamanyň ýazgysy ylmy işi ýazmagyň kadalaryna (14 şriftde, 1,5 setir arasy, ýokardan we aşakdan 2 sm, çepden 3 sm, sagdan 1,5 sm goýlan, Times New Roman, çykgytly we ş.m. talaplary özünde jemleýän) gabat gelýän ýazgy görnüşinde hödürlenmeli. Işiň titul sahypasynda bäsleşige gatnaşylýan ugur, temanyň ady, ýerine ýetiriji we ylmy ýolbaşçynyň hem-de ýokary okuw mekdebiniň ady görkezilmeli. Taslama işiniň maglumatlary degişli tema boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan, takyk ylmy maglumatlara esaslanan, aýdyň beýan edilen bolmaly. Ylmy-taslama diňe bir nazary maglumatlary däl-de, eýsem talybyň özüniň gatnaşmagynda ýerine ýetirilen tejribe maglumatlaryndan hem-de alnan netijelerden ybarat bolmaly. Taslamanyň ady, temasy, täzeçilligi wajyplygy, maksady we onuň netijesi özara baglanyşykly bolmaly. Edebiýat çeşmeleri görkezilmeli. (Ylmy-taslamanyň golýazmasy türkmen, rus we iňlis dillerinde terjime edilen bolmaly).V. Merkezi guramaçylyk iş toparyny döretmek we onuň işiS.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bäsleşigi geçirmek boýunça Merkezi guramaçylyk iş toparyny döredýär. Merkezi guramaçylyk iş toparynyň düzümine S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinden bäsleşigi geçirmek boýunça jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri, ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça ylmy-barlaglaryny alyp barýan ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň professor-mugallymlary we ylmy işgärleri girýärler.Merkezi guramaçylyk iş topary bäsleşigiň guramaçylygy, geçirilişi, tamamlanylyşy boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrýar. Bäsleşigiň netijelerine baha bermekde gapma-garşylykly ýagdaýlar ýüze çykanda, Merkezi guramaçylyk iş topary jedelli meseleleri çözmek üçin arz-şikaýat iş toparyny döredýär. Arz-şikaýat iş toparyna Merkezi guramaçylyk iş toparyndan we emin agzalaryndan hünärmenler girizilip bilner. Arz-şikaýat iş toparyň çözgüdi, Merkezi guramaçylyk iş topary tassyklandan soň, gutarnykly hasaplanylýar. Merkezi guramaçylyk iş topary ýeňijileri, işjeň gatnaşyjylary we guramaçylary sylaglamak boýunça teklip berýär.Merkezi guramaçylyk iş topary bäsleşigiň 1-nji tapgyrynda gelen ylmy-taslama işlerini jemleýär we seljerýär hem-de 2-nji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan dalaşgärleriň sanawyny yglan edýär.Merkezi guramaçylyk iş topary bäsleşigiň 2-nji tapgyrynda talyplaryň ylmy-taslama işlerine seredenlerinde şu aşakdaky görkezijiler boýunça baha berýärler:VI. Bäsleşigiň ugurlaryBäsleşik birnäçe ugur boýunça geçirilip, ylym bilen meşgullanýan ýaş alymlara özüniň ukyp-başarnyklaryny görkezmeklige ýardam eder. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly Ösüş Maksatlarynyň içinden azyk howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak boýunça aşakdaky berlen maksatlary bäsleşigiň degişli ugurlary hasaplanylýar:1. Açlygy ýok etmek. Açlygy ýok etmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we iýmitiň hilini gowulandyrmak we oba hojalygyň durnukly ösüşine ýardam etmek;2. Arassa suw we arassaçylyk. Suw serişdeleriniň elýeterligini we olaryň rejeli peýdalanmagyny we hemmeler üçin suwuň arassalygyny üpjün etmek;3. Elýeterli we arassa energiýa. Hemmeler üçin energiýanyň gymmat däl, ygtybarly, durnukly we döwrebap serişdelerine umumy elýeterligi üpjün etmek;4. Howanyň üýtgemegine garşy göreş. Klimatyň üýtgemegi we onuň netijeleri bilen göreşmek üçin gaýragoýulmasyz çäreleri görmek;5. Deňziň ekologiki ulgamyny gorap saklamak. Durnukly ösüşiň bähbitleri üçin ummanlary, deňizleri we derýalary gorap saklamak we olardan rejeli peýdalanmak;6. Gury ýer ekologiki ulgamyny gorap saklamak. Gury ýerleriň goragy we dikeldilmegi, olaryň rejeli peýdalanmagyna ýardam etmek, tokaýlardan rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagyny we biodürlüligini ýitirmek hadysasyny bes etmek.VII. Bäsleşigiň netijelerini jemlemek we ýeňijileri sylaglamakÄhli görkezijiler boýunça toplanan ballaryň jemi esasynda her ugur boýunça I, II we III orunlar kesgitlenilýär. Deň bal toplanan ýagdaýynda ýeňiji Merkezi guramaçylyk iş toparynyň agzalarynyň arasynda ses bermek arkaly kesgitlenilýär. Bäsleşigiň ýeňijileri S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory tarapyndan I, II we III derejeli diplomlar we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanýar.

Detail ›
📅 08.05.2026

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty “Ak şäher Aşgabat – binagärlik sungatynyň dürdänesi, ylmy-innowasiýalaryň mekany” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatyny geçirýär

Hormatly kärdeşler!Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, 2026-njy ýylyň 21-nji maýynda tejribeli alymlary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny, ylmy we ylmy-barlag guramalarynyň işgärlerini, inženerleri hem-de ylmy-tehniki jemgyýetçiligiň hünärmenlerini sanly ulgam arkaly geçiriljek “Ak şäher Aşgabat – binagärlik sungatynyň dürdänesi, ylmy-innowasiýalaryň mekany” atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrýar.Ylmy-amaly maslahatyň iş dilleri: türkmen, rus we iňlis.Maslahatyň maksady – ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, talyplarynyň, şeýle hem ylmy edaralaryň alymlarynyň we kompaniýalaryň hünärmenleriniň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we özara bähbitli ylmy maglumatlary alyş-çalyş etmek hem-de tejribe alyşmak bolup durýar.Maslahatda çykyş etmek üçin hödürlenýän mowzuklar aşakdaky ugurlary öz içine alýar:Maslahata gatnaşmak isleýän alymlardan, inžener-hünärmenlerden we ylmy-tehniki jemgyýetçiligiň wekillerinden öz çykyşlaryny we degişli resminamalary bildirilýän talaplara laýyklykda tabşyrmak haýyş edilýär.“Ak şäher Aşgabat – binagärlik sungatynyň dürdänesi, ylmy-innowasiýalaryň mekany” atly sanly ulgam arkaly geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmagyňŞ E R T L E R ITürkmenistanda sanly ulgam arkaly geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmak üçin (daşary ýurtly gatnaşyjylar üçin), aşakdaky salgy arkaly hasaba alyş formasyny ýükläp alyp, doldurmagyňyz haýyş edilýär:🔗 Hasaba alyş formasyDoldurylan hasaba alyş formasyny elektron görnüşde aşakdaky elektron poçta salgylaryna ugratmaly:Nutuklaryň gysgaça beýanlaryna we annotasiýalaryna bildirilýänT A L A P L A RHabarlaşmak üçin: Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyTel.: (+99365) 02-97-86; (+99365) 50-67-58; (+99312) 28-18-03;  (+99312) 28-18-04; Faks: (+99312) 28-18-01; Elektron poçta: ylym.tdbgii@gmail.com. Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänlere, öz tezislerini we annotasiýalaryny (kagyz we elektron görnüşinde) 2026-njy ýylyň 15-nji maýyna çenli ibermeklerini haýyş edýäris.Guramaçylyk topary

Detail ›
📅 07.05.2026

“Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça IV Halkara Açyk Internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýarys

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça IV Halkara Açyk Internet olimpiadasyny 2026-njy ýylyň 16-njy maýynda geçirýär.Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýänleri maglumatlaryny 2026-njy ýylyň 15-njy maýyna çenli, tituki.olimpiada.2022@gmail.com elektron salga ugratmaly ýa-da https://tituki.edu.tm institutyň resmi saýtynda hasaba durmaly.Internet olimpiada 2026-nji ýylyň maý aýynyň 16-na, Aşgabat wagty bilen sagat 10:00-da başlanýar. Gatnaşyjylar görkezilen wagtda ZOOM programmasy boýunça online konferensiýa goşulyp, 10 sany ýumşy 180 minudyň dowamynda ýerine ýetirmeli. Ýumuşlar olimpiada başlanan wagty https://tituki.edu.tm institutyň resmi saýtynda ýerleşdiriler we ZOOM programmasynyň üsti bilen gatnaşyjylara ugradylar.Internet olimpiada berlen wagt tamamlanandan soň ýumuşlaryň ýerine ýetirilen listlerini skaner edip, 40 minudyň dowamynda tituki.olimpiada.2022@gmail.com e-mail poçtasyna ugratmaly. Her ýumuşyň ýerine ýetirilişi aýratyn listde bolmaly we her liste ýumuşyň belgisini hem-de gatnaşyjynyň ady, familiýasyny ýazmaly. Çyzgylary elde ýa-da kompýuterde halkara standartlarynyň talaplaryna laýyklykda we ýumuşda bellenen formatda ýerine ýetirmeli. Ýumuşlar çylşyrymlylyk derejesine görä bahalandyrylýar. Jemlenen ballar deň gelen ýagdaýynda ýumuşlary gysga wagtda we amatly usul bilen çözen gatnaşyja goşmaça ballar berilýär. Şeýlelikde olimpiadanyň ýumuşlaryny doly we dogry ýerine ýetiren gatnaşyja 100 ballyk baha berilýär.“Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy” dersi boýunça Internet olimpiadasyna gatnaşyjylaryň şahsy orunlary toplanan ballarynyň jemi boýunça Eminler topary tarapyndan kesgitlenýär. Internet olimpiadasynyň netijeleri teswirnamalar arkaly resmileşdirilýär we Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar. Internet olimpiadasynyň ýeňijileri I, II, III derejeli diplomlar bilen sylaglanýar. Zoom:https://us06web.zoom.us/j/86752956501?pwd=ibcFiHzvOPPXReBOW1exVSWoOsqoMJ.1      Identification of the conference: 867 5295 6501      Entering code: 971651     Registrassiýa : https://forms.gle/8QtrB6swmtSXEv5h7      Tel:+99312 39-26-57, +99365 80-66-08

Detail ›
📅 01.05.2026

«Durnukly ösüşiň maksatlarynyň möhüm ugry: ekologiýa we howanyň üýtgemeginiň meseleleri» atly sanly ulgam arkaly geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahaty barada MAGLUMAT

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy we Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy:        Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň      Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna», «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň, Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyndaky edaralaryň alymlarynyň, ylmy işgärleriniň, aspirantlarynyň, doktorantlarynyň gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň 4-5-nji iýunynda sanly ulgam arkaly geçiriljek «Durnukly ösüşiň maksatlarynyň möhüm ugry: ekologiýa we howanyň üýtgemeginiň meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahatyny geçirmegi meýilleşdirýär. Halkara ylmy-amaly maslahatynyň resmi iş dilleri – türkmen, iňlis we rus dilleri. «Durnukly ösüşiň maksatlarynyň möhüm ugry: ekologiýa we howanyň üýtgemeginiň meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat umumy mejlisde we            4 bölümde öz işini alyp barar: I bölüm. Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde häzirki zaman bilimiň we ylmyň gazanan üstünlikleriniň orny. II bölüm. Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň we suw baýlyklaryny goramagyň häzirki zaman meseleleri. III bölüm. Tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmagyň innowasion usullary. IV bölüm. Biologiýa dürlüligi öwrenmegiň häzirki zaman usullary we amaly ähmiýeti. Maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler çykyşlarynyň gysgaça beýanlaryny (tezislerini) 2026-njy ýylyň 15-nji maýyna çenli tsuecoconference@gmail.com elektron salgysyna ibermeli. Maslahata gatnaşmak üçin çykyşlaryň gysgaça beýanlary we annotasiýalary Guramaçylyk toparyna iberilmeli. Çykyşlaryň gysgaça beýanynyň möçberi 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1. Halkara ylmy-amaly maslahatyň çykyşlarynyň gysgaça beýanlarynyň elektron ýygyndysyny taýýarlamak meýilleşdirilýär. Halkara ylmy-amaly maslahaty baradaky goşmaça maglumatlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň https://www.tdu.edu.tm resmi web saýtynda ýerleşdirilýär. Habarlaşmak üçin telefon: (+99312) 94-67-37 (3161), +99365 50-31-65 Elektron salgysy: tsuecoconference@gmail.com«Durnukly ösüşiň maksatlarynyň möhüm ugry: ekologiýa we howanyň üýtgemeginiň meseleleri» atly sanly ulgam arkaly geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmagyň şertleri we çykyşlaryň gysgaça beýanlaryny taýýarlamaga bildirilýänTALAPLARHalkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmagyň şertleriHalkara ylmy-amaly maslahatyň resmi iş dilleri – türkmen, iňlis we rus dilleri.Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmaga isleg bildirýänleriň her biri diňe bir çykyşyň gysgaça beýanyny (tezisini) hödürläp biler we awtorlar ikiden köp bolmaly däldir.Maslahata gatnaşmak üçin hasaba alnyş maglumaty doldurylmaly (adaty şrift, Times New Roman, 12 pt):FamiliýasyAdyAtasynyň adyWezipesiAlymlyk derejesi, adyIşleýän ýeriniň doly adyIşleýän ýeriniň salgysy (poçta salgysy bilen bilelikde)Iş we mobil telefonyTezisiň adyTezisiň hödürlenilýän bölümi Tezis haýsy dilde taýýarlanyldyHalkara ylmy-amaly maslahatynyň bölümleri: I bölüm. Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde häzirki zaman bilimiň we ylmyň gazanan üstünlikleriniň orny. II bölüm. Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň we suw baýlyklaryny goramagyň häzirki zaman meseleleri. III bölüm. Tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmagyň innowasion usullary. IV bölüm. Biologiýa dürlüligi öwrenmegiň häzirki zaman usullary we amaly ähmiýeti.Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmak üçin çykyşyň gysgaça beýany we annotasiýalary taýýarlanylmaly. Çykyşyň gysgaça beýany halkara ylmy-amaly maslahatyň iş dilleriniň birinde, annotasiýalary bolsa beýleki iki dilde ýazylmaly.Halkara ylmy-amaly maslahatyna ýerli gatnaşyjylar annotasiýanyň iňlis we rus dillerine terjimelerini ýokary okuw mekdepleriň degişli kafedralarynda ýa-da terjime edaralarynda tassyklatmaly.Halkara ylmy-amaly maslahatyna daşary ýurtly gatnaşyjylaryň çykyşlarynyň gysgaça beýanlarynyň annotasiýalarynyň terjimesi Guramaçylyk topary tarapyndan ýerine ýetiriler.Halkara ylmy-amaly maslahatyna ýerli gatnaşyjylaryň çykyşlarynyň gysgaça beýanlary we annotasiýalary awtoryň işleýän edarasynda seljerilmeli hem-de olar edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilen hat üsti bilen 2026-njy ýylyň               15-nji maýyna çenli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine iberilmeli. Hata halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşyjylaryň çykyşlarynyň gysgaça beýanlarynyň we annotasiýalarynyň, hasaba alnyş maglumatlarynyň elektron görnüşlerini goşmaly.Iberilen çykyşlaryň gysgaça beýanlarynyň ylmylygyna, mazmunyna awtorlar şahsy jogapkärçilik çekýärler.Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmaga isleg bildirýänler hasaba alnyş maglumatynyň, ylmy çykyşlarynyň gysgaça beýanlarynyň, annotasiýalarynyň elektron görnüşini tsuecoconference@gmail.com salgysyna ibermeli.Çykyşlaryň gysgaça beýanlaryna we annotasiýalaryna bildirilýän talaplar 1. Çykyşyň gysgaça beýanynyň möçberi A4 (210x297 mm) formatda                        1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň her biriniň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly. 2. Sahypa ölçegleri: ýokary we aşak taraplarda – 2,0 sm, çep tarapda – 2,5 sm,      sag tarapda – 1,5 sm. Oriýentasiýasy – «kitap» görnüşli, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1. 3. Ylmy işiň aýratynlyklaryna baglylykda nutugy şekiller, formulalar we tablisalar görnüşinde beýan etmäge ýol berilýär. Her bir şekil sahypanyň görkezilen ölçeglerinden çykmaly däl. Çykyşyň gysgaça beýanynyň umumy göwrümi şekiller, formulalar we tablisalar bilen bilelikde A4 formatdaky 1,5 sahypadan geçmeli däl. 4. Halkara ylmy-amaly maslahatyna elektron görnüşde ähli maglumatlar Microsoft Office Word formatynda kabul edilýär (*.doc we *docx giňeltmesi bilen).  5. Çykyşyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlda saklanylmaly hem-de aşakdaky görnüşde taýýarlanylmaly: - awtoryň ady, familiýasy setir harplar bilen sahypanyň sag tarapyna deňlemek bilen 14-lik şriftde goýy gara ýazylmaly, döwletiň ady ýaýyň içinde görkezilmeli    (Mysal üçin: Geldi Bäşimow (Türkmenistan); - eger çykyşyň gysgaça beýany iki awtor tarapyndan hödürlenýän bolsa, ilki çykyş edýäniň ady, familiýasy görkezilmeli; - çykyşyň gysgaça beýanynyň ady baş harplar bilen 16-lyk şriftde goýy gara ýazylmaly we setiriň merkezi boýunça deňlenilmeli; - çykyşyň gysgaça beýanyny ýazmazdan ozal 1 (bir) setir goýbermeli. 6. Çykyşyň gysgaça beýany we annotasiýalar setiriň ini boýunça deňlenilmeli. Matematiki we himiki formulalar kompýuterde ýörite formula redaktorlarynyň kömegi bilen ýazylmaly. 7. Edebiýat çeşmelerine salgylanmalar, inedördül ýaýyň içinde sanlar bilen belgilenilmeli ([1], [2], [3, 5s.] we ş.m.). Edebiýatlaryň sanawy işde salgylanylan tertipde, çykyşyň gysgaça beýanyndan soňra ýerleşdirilmeli. Edebiýatlaryň sanawyndan öň aýratyn setiriň merkezine deňlemek bilen EDEBIÝAT diýen sözbaşy ýazylmaly.  8. Çykyşyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalarynyň sahypalary belgilenilmeýär. 9. Bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän işler kabul edilmeýär. 10. Çykyşyň gysgaça beýany tabşyrylanyndan soňra hödürlenilen düzedişler we goşundylar kabul edilmeýär. 11. Tabşyrylan resminamalar yzyna gaýtarylmaýar. 12. Guramaçylyk topary hödürlenen çykyşlaryň gysgaça beýanlaryny degişli talaplara laýyklykda saýlap almak hukugyna eýedir. Üns beriň! 1. Çykyşyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlyň içinde ýerleşdirilmeli. Faýlyň ady çykyş edýäniň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «tez» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, çykyş edýän – Bäşimow Geldi Täçmyradowiç, faýlyň ady – «Bäşimow G.T.tez.doc». 2. Hasaba alnyş görnüşi ähli awtorlar tarapyndan doldurylýar we bir faýlda ýerleşdirilýär. Ilki bilen maslahatda çykyş edýäniň, soňra awtordaşyň hasaba alnyş görnüşi ýerleşdirilýär. Hasaba alnyş maglumaty üçin faýlyň ady awtoryň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «has» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, çykyş edýän – Bäşimow Geldi Täçmyradowiç, faýlyň ady –       «Bäşimow G.T.has.doc». 3. Her bir çykyşyň gysgaça beýany üçin aýratyn faýl döredilmeli we maslahatda çykyş edýäniň ady görkezilen elektron bukjada ýerleşdirilmeli. Mysal üçin,     «Bäşimow G.T.». 4. Faýllary arhiwlemeli däl. Çykyşyň gysgaça beýanynyň nusgasy: Geldi Bäşimow (Türkmenistan) KLIMATYŇ ÜÝTGEMEGINIŇ MERKEZI AZIÝANYŇ             ÇÖL SEBITLERINIŇ ÝERÜSTI SUW BAÝLYKLARYNA TÄSIRI (Tekst: şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1) EDEBIÝAT 1. 2. 3. 4. Guramaçylyk topary  

Detail ›
📅 01.05.2026

«Häzirki zaman ylmy barlaglar we innowasion tehnologiýalar» atly sanly ulgam arkaly geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahaty barada MAGLUMAT

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy we Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary, mugallymçylyk ugurly orta hünär okuw mekdepleriniň, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň hem-de Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň alymlarynyň, ylmy işgärleriniň, aspirantlarynyň, doktorantlarynyň gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň 13-14-nji maýynda sanly ulgam arkaly «Häzirki zaman ylmy barlaglar we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy-amaly maslahatyny geçirmegi meýilleşdirýär. Halkara ylmy-amaly maslahatynyň resmi iş dilleri – türkmen, iňlis we rus dilleri.Halkara ylmy-amaly maslahat umumy mejlisde we 4 bölümde öz işini alyp barar: I bölüm. Tebigy ylymlaryň häzirki zaman ösüşinde innowasion tehnologiýalaryň orny. Tebigy ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilmegi. II bölüm. Sanly tehnologiýalary ösdürmekde takyk ylymlaryň gazanan üstünlikleriniň ähmiýeti. Takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň häzirki zaman usullary. III bölüm. Ynsanperwer ylymlary ösdürmegiň esasy ugurlary: taryh, psihologiýa, pedagogika, hukuk we jemgyýeti öwreniş ylymlarynyň wajyp meseleleri. IV bölüm. Türkmen we daşary ýurt dillerini, edebiýatyny öwrenmegiň ylmy esaslary hem-de okatmagyň usulyýeti. Terjimäniň nazaryýeti we amalyýeti. Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmaga isleg bildirýänler çykyşlarynyň gysgaça beýanlaryny (tezislerini) 2026-njy ýylyň 6-njy maýyna çenli tsu.international.conference@gmail.com elektron salgysyna ibermeli. Maslahata gatnaşmak üçin çykyşlaryň gysgaça beýanlary we annotasiýalary Guramaçylyk toparyna iberilmeli. Çykyşlaryň gysgaça beýanynyň möçberi 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1. Halkara ylmy-amaly maslahatyň çykyşlarynyň gysgaça beýanlarynyň elektron ýygyndysyny taýýarlamak meýilleşdirilýär. Halkara ylmy-amaly maslahaty baradaky goşmaça maglumatlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň https://www.tdu.edu.tm resmi web saýtynda ýerleşdirilýär. Habarlaşmak üçin telefon: (+99312) 94-58-49, +99362 16-29-75 Elektron salgysy: tsu.international.conference@gmail.com «Häzirki zaman ylmy barlaglar we innowasion tehnologiýalar» atly sanly ulgam arkaly geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmagyň şertleri we çykyşlaryň gysgaça beýanlaryny taýýarlamaga bildirilýänTALAPLARHalkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmagyň şertleriHalkara ylmy-amaly maslahatyň resmi iş dilleri – türkmen, iňlis we rus dilleri.Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmaga isleg bildirýänleriň her biri diňe bir çykyşyň gysgaça beýanyny (tezis) hödürläp biler we awtorlar ikiden köp bolmaly däldir.Maslahata gatnaşmak üçin hasaba alnyş maglumaty doldurylmaly (adaty şrift, Times New Roman, 12 pt):FamiliýasyAdyAtasynyň adyWezipesiAlymlyk derejesi, adyIşleýän ýeriniň doly adyIşleýän ýeriniň salgysy (poçta salgysy bilen bilelikde)Iş we mobil telefonyTezisiň adyTezisiň hödürlenilýän bölümi Tezis haýsy dilde taýýarlanyldyHalkara ylmy-amaly maslahatynyň bölümleri: I bölüm. Tebigy ylymlaryň häzirki zaman ösüşinde innowasion tehnologiýalaryň orny. Tebigy ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilmegi. II  bölüm. Sanly tehnologiýalary ösdürmekde takyk ylymlaryň gazanan üstünlikleriniň ähmiýeti. Takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň häzirki zaman usullary. III bölüm. Ynsanperwer ylymlary ösdürmegiň esasy ugurlary: taryh, psihologiýa, pedagogika, hukuk we jemgyýeti öwreniş ylymlarynyň wajyp meseleleri. IV bölüm. Türkmen we daşary ýurt dillerini, edebiýatyny öwrenmegiň hem-de okatmagyň usulyýeti. Terjimäniň nazaryýeti we amalyýeti.Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmak üçin çykyşyň gysgaça beýany we annotasiýalary taýýarlanylmaly. Çykyşyň gysgaça beýany halkara ylmy-amaly maslahatyň iş dilleriniň birinde, annotasiýalary bolsa beýleki iki dilde ýazylmaly. Halkara ylmy-amaly maslahatyna ýerli gatnaşyjylar annotasiýanyň iňlis we rus dillerine terjimelerini ýokary okuw mekdepleriň degişli kafedralarynda ýa-da terjime edaralarynda tassyklatmaly. Halkara ylmy-amaly maslahatyna daşary ýurtly gatnaşyjylaryň çykyşlarynyň gysgaça beýanlarynyň annotasiýalarynyň terjimesi Guramaçylyk topary tarapyndan ýerine ýetiriler. Halkara ylmy-amaly maslahatyna ýerli gatnaşyjylaryň çykyşlarynyň gysgaça beýanlary we annotasiýalary awtoryň işleýän edarasynda seljerilmeli hem-de olar edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilen hat üsti bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine 2026-njy ýylyň 6-njy maýyna çenli iberilmeli.            Hata gatnaşyjynyň çykyşynyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalarynyň, hasaba alnyş maglumatynyň elektron görnüşleri goşulmaly.Iberilen çykyşyň gysgaça beýanynyň ylmylygyna, mazmunyna awtorlar şahsy jogapkärçilik çekýärler. Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmaga isleg bildirýänler hasaba alnyş maglumatynyň, ylmy çykyşynyň gysgaça beýanynyň, annotasiýalarynyň elektron görnüşini tsu.international.conference@gmail.com salgysyna ibermeli. Çykyşlaryň gysgaça beýanlaryna we annotasiýalaryna bildirilýän talaplar 1. Çykyşyň gysgaça beýanynyň möçberi A4 (210x297 mm) formatda  1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň her biriniň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly. 2. Sahypa ölçegleri: ýokary we aşak taraplarda – 2,0 sm, çep tarapda – 2,5 sm, sag tarapda – 1,5 sm. Oriýentasiýasy – «kitap» görnüşli, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1. 3. Ylmy işiň aýratynlyklaryna baglylykda nutugy şekiller, formulalar we tablisalar görnüşinde beýan etmäge ýol berilýär. Her bir şekil sahypanyň görkezilen ölçeglerinden çykmaly däl. Çykyşyň gysgaça beýanynyň umumy göwrümi şekiller, formulalar we tablisalar bilen bilelikde A4 formatdaky 1,5 sahypadan geçmeli däl. 4. Halkara ylmy-amaly maslahatyna elektron görnüşde ähli maglumatlar Microsoft Office Word formatynda kabul edilýär (*.doc we *docx giňeltmesi bilen). 5. Çykyşyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlda saklanylmaly hem-de aşakdaky görnüşde taýýarlanylmaly: - awtoryň ady, familiýasy setir harplar bilen sahypanyň sag tarapyna deňlemek bilen 14-lik şriftde goýy gara ýazylmaly, döwletiň ady ýaýyň içinde görkezilmeli (Mysal üçin: Geldi Bäşimow (Türkmenistan); - eger çykyşyň gysgaça beýany iki awtor tarapyndan hödülenýän bolsa, ilki çykyş edýäniň ady, familiýasy görkezilmeli; - çykyşyň gysgaça beýanynyň ady baş harplar bilen 16-lyk şriftde goýy gara ýazylmaly we setiriň merkezi boýunça deňlenilmeli; - çykyşyň gysgaça beýanyny ýazmazdan ozal 1 (bir) setir goýbermeli. 6. Çykyşyň gysgaça beýany we annotasiýalar setiriň ini boýunça deňlenilmeli. Matematiki we himiki formulalar kompýuterde ýörite formula redaktorlarynyň kömegi bilen ýazylmaly. 7. Edebiýat çeşmelerine salgylanmalar, inedördül ýaýyň içinde sanlar bilen belgilenilmeli ([1], [2], [3, 5s.] we ş.m.). Edebiýatlaryň sanawy işde salgylanylan tertipde, çykyşyň gysgaça beýanyndan soňra ýerleşdirilmeli. Edebiýatlaryň sanawyndan öň aýratyn setiriň merkezine deňlemek bilen EDEBIÝAT diýen sözbaşy ýazylmaly. 8. Çykyşyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalarynyň sahypalary belgilenilmeýär. 9. Bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän işler kabul edilmeýär. 10. Çykyşyň gysgaça beýany tabşyrylanyndan soňra hödürlenilen düzedişler we goşundylar kabul edilmeýär. 11. Tabşyrylan resminamalar yzyna gaýtarylmaýar. 12. Guramaçylyk topary hödürlenen çykyşlaryň gysgaça beýanlaryny degişli talaplara laýyklykda saýlap almak hukugyna eýedir. Üns beriň! 1. Çykyşyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlyň içinde ýerleşdirilmeli. Faýlyň ady çykyş edýäniň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «tez» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, çykyş edýän – Bäşimow Geldi Täçmyradowiç, faýlyň ady – «Bäşimow G.T.tez.doc». 2. Hasaba alnyş görnüşi ähli awtorlar tarapyndan doldurylýar we bir faýlda ýerleşdirilýär. Ilki bilen maslahatda çykyş edýäniň, soňra awtordaşyň hasaba alnyş görnüşi ýerleşdirilýär. Hasaba alnyş maglumaty üçin faýlyň ady awtoryň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «reg» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin,çykyş edýän – Bäşimow Geldi Täçmyradowiç, faýlyň ady – «Bäşimow G.T.reg.doc». 3. Her bir çykyşyň gysgaça beýany üçin aýratyn faýl döredilmeli we maslahatda çykyş edýäniň ady görkezilen elektron bukjada ýerleşdirilmeli. Mysal üçin,   «Bäşimow G.T.». 4. Faýllary arhiwlemeli däl. Çykyşyň gysgaça beýanynyň nusgasy: Geldi Bäşimow (Türkmenistan) BIOTEHNOLOGIÝANYŇ TÄZE USULLARY ESASYNDA EKOLOGIÝA TAÝDAN ARASSA BIODÖKÜNI ÖNDÜRMEGIŇ YLMY BARLAGLARYNYŇ NETIJESI (Tekst: şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1) EDEBIÝAT 1. 2. 3. 4. Guramaçylyk topary

Detail ›
📅 27.04.2026

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek arkaly, dowamlylygy 4 ýyl möhleti bolan uçarman käri boýunça

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek arkaly, dowamlylygy 4 ýyl möhleti bolan uçarman käri boýunça Türkiýe Respublikasynyň “Turk Hava Kurumu” uniwersitetine kabul edişligi yglan edýär. Okuwlaryň tölegini “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan şertnama esasynda resmileşdirilýär. Resminamalar görkezilen salgy boýunça kabul edilýär: Aşgabat şäheri, A.Annaýew köçesi, “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, telefon belgileri: 23-47-88, +99365-72-58-43Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa Birleşiginiň uniwersitetine 4 ýyllyk uçarman kärine okadyljak dalaşgärleri saýlap almaklygyň Tertibi:Okuwa Türkmenistan raýatlylygy bolan, saglyk ýagdaýy «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Aşgabat halkara howa menziliniň Lukmançylyk merkeziniň uçarmanlara bildirilýän (ICAO-nyň) talaplaryna gabat gelýän, umumy orta bilimden pes bolmadyk bilimli, ýaşy 25-den geçmedik oglanlar (harby şahadatnamasy bolan) giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.Okuw “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bellenen ýolbaşçylary tarapyndan ilkibaşlangyç söhbetdeşliginden, Türkiýe Respublikasynyň Turk Hava Kurumu Uniwersitetiniň wekilleriniň söhbetdeşliginden, synagyndan şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherindäki lukmançylyk toparlarynyň barlaglaryndan soň başlanýar.Dalaşgär “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Aşgabat halkara howa menziliniň Lukmançylyk merkeziniň barlaglaryndan geçmek üçin ýollananyndan soňra 15 günüň dowamynda lukmançylyk merkezi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk ýagdaýy baradaky kepilnamany getirip bermäge borçlanýar;Okuwyň möhleti 4 ýyl.Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 08.04.2026-30.06.2026 seneler aralygynda kabul edilýär.Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);— şahsy pasporty (asyl we göçürme nusgasy);— harby şahadatnamasy (asyl we göçürme nusgasy);— umumy orta we orta-hünär bilim barada resminama (asyl we göçürme nusgasy);— narkologik hem-de psihonewrologik dispanserlerden güwähat;— «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Aşgabata halkara howa menziliniň Lukmançylyk merkezi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden ýa-da harby bölümden) häsiýetnama;— 3x4 sm ölçegde sekiz sany fotosurat;— zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi (bar bolan ýagdaýynda);Dalaşgärleriň ähli resminamalary Türkmenistanyň Kanunçylygyna laýyklykda serediler, nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.Giriş synaglary Iňlis dili (iňlis dilinde gürleşip, ýazyp, okap bilmek), matematika we fizika (bu dersler boýunça goşmaça geçilen okuwlaryň şahadatnamalary makullanýar) derslerinden geçirilýär. Beýleki daşary ýurt dil bilimi makullanýar.Giriş synaglary 01.07.2026-15.07.2026ý. seneler aralygynda Aşgabat şäherinde «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde geçirilýär.Bellik: Ähli synaglardan geçen dalaşgärler bilen daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinde okamak barada 3 taraplaýyn (Awiakompaniýa, Talyp we Zamunçy) şertnama baglaşyljakdyr, şertnama laýyklykda, Talyp okuw jaýyny üstünlikli tamamlap, işe başlanyndan soň Awiakompaniýada okan hünäri boýunça 10 ýyl işläp bermeklige borçlanýar.Awiakompaniýa tarapyndan ýerine ýetiriljek tölegler aşakdakylardan ybarat:Talybyň okuwy üçin tölegleri (Nazaryýet we Uçuş türgenleşik);Talybyň umumy ýaşaýyş jaýy üçin tölegleri;Talybyň okuw ýylynyň başynda Turkiýe Respublikasynyň Ankara şäherine barmak we okuwy tamamlandan soňra Aşgabat şäherine gelmek boýunça ýol çykdajylary;Dalaşgär tarapyndan ýerine ýetiriljek tölegler:Wizany resmileşdirmek boýunça tölegleri;Saglyk ätiýaçlandyryş boýunça tölegleri;Günlik we iýmit çykdajylar;Kommunikasiýa çykdajylary;Okuw döwründe ýol çykdajylary.Çeşmesi : Turkmenistan Airlines

Detail ›
📅 21.04.2026

KÄMIL HÜNÄRE TARAP ÄDIM: Diller dünýäsinde «Açyk gapylar» güni

Ýurdumyzdaky giň gerimli bilim özgertmeleri mynasyp durmuşa geçirmek maksady bilen, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty 2026-2026-njy okuw ýylynyň uçurymlaryny we ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary 2026-njy ýylyň 1-nji we 6-njy maýynda geçiriljek «Açyk gapylar» gününe çagyrýar. Bu tanyşlyk günlerinde gatnaşyjylar institutyň fakultetleri, kafedralary we bu ýerde okadylýan dilleriň aýratynlyklary, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap okuw otaglary, şeýle hem sanly bilim ulgamynyň täze mümkinçilikleri, institutda hereket edýän «Parahatçylyk dilleri» ÝUNESKO klubynyň işi bilen ýakyndan tanyş bolarlar. Şeýle hem ýaşlaryň gatnaşmagynda TEDx hem geçiriler. Institut bilen tanyşlyk dabarasynda ýaşlaryň ata Watana, il-güne, merdana pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin amala aşyrylýan giň gerimli işleriň miweleri öz beýanyny tapar. Talyplaryň halkara olimpiadalarda we ylmy bäsleşiklerde gazanan üstünliklerini, dünýä halklarynyň medeniýetini şöhlelendirýän sergiler dalaşgärlerde uly täsir galdyrar. Bu çäre ýaşlara geljekki hünärini dogry saýlamaga we talyp durmuşynyň gyzykly pursatlaryny öňünden duýmaga ýardam eder. Salgysy: Aşgabat şäheri, Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy. Telefon belgisi: +99312 36-84-08

Detail ›
📅 10.04.2026

Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti 2026-njy ýy­lyň 22-nji ap­re­lin­de we 6-njy ma­ýyn­da sa­gat 15:00-da uni­wer­si­tet­de, onuň Bal­ka­na­bat bö­lü­min­de or­ta hem-de or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­niň uçu­rym­la­ry, okuw mer­kez­le­ri­niň diň­leý­ji­le­ri, har­by bö­lüm­le­riň es­ger­le­ri, önüm­çi­lik­de zäh­met çek­ýän ýaş­lar üçin «AÇYK GA­PY­LAR» gü­nü­ni geçirýär

Şol günlerde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek boýunça alyp barýan syýasatynyň uniwersitetde durmuşa geçirilişi, bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, uniwersitetde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen şertler, uniwersitetiň dünýä standartlaryna laýyk gelýän okuw we tejribe otaglary, maglumat tehnologiýalar merkezi, sport toplumy, ähli amatlyklary bolan umumy ýaşaýyş jaýlary bilen tanyşdyrylar. Uniwersitet baradaky maglumatlar iogu.edu.tm web saýtynda hem ýerleşdirilendir.Sal­gy­sy: Aş­ga­bat şä­he­ri, Ar­ça­bil şa­ýo­lu­nyň 8-nji ja­ýy.Te­le­fon bel­gi­le­ri: 39-13-05, 39-13-18.Uni­wer­si­te­tiň Bal­ka­na­bat bö­lü­mi­niň sal­gy­sy: Bal­ka­na­bat şä­he­ri,G.An­na­ýew kö­çe­si­niň 76-njy ja­ýy.Te­le­fon bel­gi­le­ri: 4-93-62, 2-19-98.Elekt­ron sal­gy­sy: iuog@san­ly.tmWeb-saý­ty: https://iogu.edu.tm

Detail ›
style="bottom: 97px; position: absolute; left: 0; right: 0; z-index: 1000; background: rgba(255, 255, 255, .97); backdrop-filter: blur(24px); border-bottom: 1px solid rgba(13, 124, 124, .08); transition: box-shadow .4s;">