19

Lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary «Kazan sport lukmanlary kluby» atly V Ählirussiýa ylmy-amaly maslahatyna gatnaşdylar

Kardiologiya merkezi

2026-njy ýylyň 21-22-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde Wolga sebit döwlet bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk uniwersitetiniň binýadynda, Kazan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hem-de Halkara fizioterapewtler we reabilitologlar Federasiýasynyň goldaw bermeginde «Kazan sport lukmanlary kluby» atly V ählirussiýa ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Maslahatyň esasy maksady lukmanlaryň, alymlaryň, tälimçileriň we reabilitologlaryň arasynda açyk hünär gatnaşyklary üçin giňişlik döretmekden ybarat boldy. Şeýle hem häzirki zaman sport lukmançylygynyň esasy meselelerini çözmekde - netijeli anyklaýyşdan we bejergiden başlap, innowasion reabilitasiýa hem-de türgenleriň saglygyny uzak möhletleýin gorap saklamaga çenli iň gowy tejribeleri we iň täze ylmy gazananlary birleşdirmekden ybarat boldy.

Bu çärä Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistan Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary hem gatnaşyp, lukmançylygyň bu ugrunda öz tejribelerini we bilimlerini paýlaşdylar.

Ylmy maksatnama öňdebaryjy Russiýa we daşary ýurtly bilermenleriň gatnaşmagynda geçirilen umumy hem-de bölümçe mejlislerini, tegelek stollary we ussatlyk sapaklaryny öz içine aldy. Bu bolsa gatnaşyjylara iň täze synagdan geçirilen usullar we tehnologiýalar bilen tanyşmaga, çylşyrymly kliniki ýagdaýlary hem-de pudagyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle-de geljekki hyzmatdaşlyk üçin hünär gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik berdi.

Maslahata gatnaşmak degişli ugurlaryň hünärmenleri üçin şahsy, ylmy we hünär taýdan ösüşiň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berdi.