Dalaşgär


MY­RAT GAR­RY­ÝEW ADYN­DA­KY TÜRK­ME­NIS­TA­NYŇ DÖWLET LUK­MAN­ÇY­LYK UNI­WER­SI­TE­TI

2026/2027-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

MY­RAT GAR­RY­ÝEW ADYN­DA­KY TÜRK­ME­NIS­TA­NYŇ DÖWLET LUKMAN­ÇY­LYK UNI­WER­SI­TE­TI

2026/2027-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Kliniki lukmançylyk (hünärler: pediatriýa; stomatologiýa).

2. Saglyk baradaky ylymlar we keselleriň öňüni alyş lukman­çylygy (hünärler: saglygy goraýyş-öňüni alyş işi; dikeldiş we sport lukmançylygy).

3. Harby lukmançylyk (hünär: bejeriş-öňüni alyş işi).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Kliniki lukmançylyk (hünär: bejeriş işi).

2. Farmasiýa (hünär: farmasiýa).

    Uniwersitete umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatla­ry, harby lukmançylyk ugruna — çagyryş boýunça harby gullugy geçen, 24 ýaşy dolýança erkek raýatlary ýa-da Türk­menistanyň Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan, 25 ýaşy dolýança erkek raýatlary, şeýle hem borçnama boýunça harby gullugy geçýän, ofiser harby ady bolmadyk 24 ýaşy dolýança erkek harby gullukçy­lary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2026-njy ýylyň 13 — 26-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnama­sy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçür­mesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türk­menistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

    Harby lukmançylyk ugruna okuwa girmäge isleg bildiren da­laşgärler ýokarda görkezilen resmi iş kagyzlaryndan başga-da:

— ene-atasynyň oglunyň harby gullukçy bolmagyna we ýo­ kary okuw mekdebini tamamlanyndan soň Türkmenistanyň is­lendik künjeginde harby gullugy geçmegine razylygy baradaky dil hatyny,

— Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Maglumatlar mer­kezinden berlen güwänamany,

— Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi harby saglyk öýünden berlen, ýokary harby okuw mekdeplerine girýänleriň lukmançylyk güwä geçmesiniň kartasyny tabşyrýarlar.

    Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi harby saglyk öýünde gutarnykly güwä geçmesinden geçmek üçin hemişelik ýaşaýan ýerindäki psihonewrologiýa, narkologiýa, inçekesele garşy we deri-wenerologiýa hassahanalaryndan, şeýle hem maşgala lukmanyndan sagaldyş gözegçiliginde durmaýandygy baradaky kepilnamalar zerur.

    Harby lukmançylyk ugruna okuwa kabul etmegiň şertleri ba­radaky goşmaça maglumaty Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kabul ediş toparyndan alyp bolar.

    Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny.

    Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

    Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat ş.) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Aşgabat we Arkadag şäherleri — iýul aýynyň 29-30-y, 31-i we awgust aýynyň 1-i günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 2-si, 3-i we 4-i günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 5-6-sy, 7-si we 8-i günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 9-10-y, 11-i we 12-si günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 13-14-i, 15-i we 16-sy günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 17-18-i, 19-y we 20-si günleri.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet di­linde dilden geçirilýär.

    Harby lukmançylyk ugruna okuwa girmäge isleg bildiren da­laşgärler beden taýýarlygy boýunça kadalary (möçbernamalar:

100 m, 3 km ylgamak; göwräňi çekmek) ýerine ýetirýärler.

Saýlap alan hünärine durnuklydygyny kesgitlemek maksady bilen, dalaşgärler patologoanatomik edaranyň işi bilen tanyş­dyrylar.

    Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

    Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

— lukmançylyk ugurly orta hünär okuw mekdeplerini ta­mamlan we saglygy goraýyş edaralarynda 2 ýyldan az bolma­dyk iş döwri bolanlar;

— «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň salgysy:

Aşgabat ş., A.Gowşudow köçesi, 58, tel.: 92-71-09.