Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi bu ilata, şol sanda aýratyn sosial goraga mätäç çagalara we mümkinçilikleri çäklendirilen raýatlaryna, şeýle-de 1941-1945-nji ýyllarda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlara we tylda bolanlara, olaryň yzynda galanlara hem-de Owganystanda gulluk edenlere göz kesellerini anyklamagyň we bejermegiň dürli usullaryny amala aşyrýan täze nesliň klinikasydyr.
Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi 6 bölümden: çagalaryň göz kesellerini bejeriş (25 orun), gözüň umumy kesellerini bejeriş (20 orun), gaýragoýulmasyz kömek, lazer, kabul ediş we barlamhana bölümlerinden ybarat.
Kabul ediş bölüminiň düzüminde döwrebap enjamlar: foropter, awtorefraktometr, pnewmotonometr, yş çyrasy, sinoptofor, ambliokor, akkomodotrener bilen enjamlaşdyrylan çagalaryň görüşini saklaýan 2 otag işleýär. Türkmenistanda ilkinji gezek täze doglan bäbekleriň agyr patologiýalaryny, köplenç ýetik däl çagalaryň görüşiniň ýitmegine – retinopatiýa getirýän agyr patologiýalary irki döwürlerde anyklamaga, gündelik gözegçilik etmäge we bejergä baha bermäge niýetlenen iň täze retinal pediatrik ulgam “RetCam” enjamy goýlan. Şeýle-de Göz keselleri ylmy-kliniki merkezinde täze ultrases apparaty “AVISO” (Fransiýa), “HRT-3” (Germaniýa); “Spectralis OCT HRA” (Germaniýa) bilen enjamlaşdyrylan anyklaýyş otagy hem hereket edýär. Mundan başga-da, merkezde döwrebap enjamlaşdyrylan fiziobejeriş otagy hem bar. Umumy agyrysyzlandyrma bilen çagalarda operasiýalaryň ähli görnüşleriniň şowly geçmegi “DRAGGER” (Germaniýa) enjamynyň kömegi bilen üpjün edilýär. Bu täze enjamlaryň ählisi göz kesellerini anyklamagyň we bejermegiň ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryny işlemäge we ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri berýär.
Merkeziň işinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda oftalmologlar we Göz keselleri kafedrasynyň işgärleri bilen bilelikde öňüni alyş çäreleriniň toplumyny geçirmek bilen, çagalaryň görüşini goramagyň üstünlige eýe bolýan meselelerine uly üns berilýär. Bu öz gezeginde Aşgabat şäheriniň mekdebe çenli edaralarynda we orta mekdeplerinde işlenip düzülen öňüni alyş hem-de usuly maksatnamalary ornaşdyrmak maksady bilen, çagalar baglarynyň taýýarlyk toparlarynyň terbiýeçileri we mekdepleriň başlangyç synp mugallymlary bilen wagtly-wagtynda maslahatlary geçirip durmaga, şeýle-de okuw hem-de terbiýeçilik wagtyndan aýrylmasyz göz keselleriniň skriningini hem-de monitoringini amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Merkeziň işgärleriniň maksada okgunly işlemekleri refraksiýanyň anomaliýalarynyň we beýleki göz keselleriniň döremegine ýykgyn çagalaryň howp toparyny ir ýüze çykarmaklygyny, şeýle-de olary öz wagtynda bejermegi hem-de gaýra üzülmeleriniň öňüni almagyny üpjün edýär.
Ylmy-barlag işlerde lukmançylygyň ylmy taýdan esaslandyrylan täze tehnologiýalaryny ulanmak bilen ýokary derejeli şowakörlügiň, çaşylygyň, dogabitdi kataraktanyň we glaukomanyň, täze döremeleriň, alawlama we distrofik keselleriň hem-de çagalaryň görüş agzasynyň beýleki patologiýalarynyň öňüni almaklyga, anyklamaklyga we bejergisine aýratyn üns berilýär. Dogabitdi glaukomanyň we çaşylygyň hirurgik bejergisinde täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça ylmy işler alnyp barylýar. Russiýaly oftalmologlar bilen bilelikde ysmaz we burun tarapa gidýän çaşylygyň hirurgik bejergisiniň täze usullary işlenip düzüldi (Oýlap tapyşyň patentleri №2483699; №2584077).
Merkeziň ýokary derejeli hünärmenleri Göz keselleri kafedrasynyň mugallymlary bilen bilelikde daşary ýurtly kärdeşlerimiziň tejribelerini giňden ulanmak bilen, bejeriş-maslahat beriş, usuly we ylmy-barlag işlerini anyp barýarlar. Oftalmologiýa ylmyny we ýaşlaryň hünär tejribelerini ösdürmek maksady bilen halkara ylmy merkezler bilen hyzmatdaşlyk üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanylýar. 2019-njy ýylyň martynda Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň “Gelmgols adyndaky Moskwa göz keselleriniň ylmy-barlag instituty” federal döwlet býujet edarasy bilen Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Göz keselleri ylmy-kliniki merkeziniň arasyndaky gol çekilen ikitaraplaýyn Ylalaşygyň çäklerinde ýaş türkmen oftalmologlarynyň diplomdan soňky hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek boýunça meýilnama we olaryň halkara ylmy-amaly maslahatlara hem-de forumlara gatnaşmaklygy üstünlikli amala aşyrylýar.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezinde iň ýokary tehniki we hünär derejesinde ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömegini bermek üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilen.
Bu ýerde stomatologiýa fakultetiniň talyplary üçin ýörite interaktiw multimediýa tagtalary bilen enjamlaşdyrylan iki sany beýan zallary, Ortopediýa we hirurgiýa stomatologiýasy kafedrasynyň, Terapewtiki stomatologiýa kafedrasynyň, Çaga stomatologiýasy we Stomatologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedralarynyň okuw we bejeriş otaglary, innowasiýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan iki sany fantom otaglary göz öňünde tutulan.
Merkeziň düzümine bäş bölüm, ýagny çagalar, terapewtik, hirurgik, ortopedik stomatologiýa we funksional anyklaýyş bölümleri girýär. Merkeze näsaglaryň ilkinji ýüz tutmagy gigiýeniki otagdan başlanýar. Bu ýerde çagalara agyz boşlugynyň gigiýenasy üçin serişdeleri saýlap almagy we olardan dogry peýdalanmagy öwredilýar.
Merkezde fitobejergi otagy bolup, bu ýerde dermanlyk ösümliklerini ulanmak bilen “Irrigator” enjamyndan giňden peýdalanylýar. Rentgenologik otagda ýokary hilli rentgen suratlary almak üçin äň-ýüz töwereginiň üç ölçegli rentgen suratyny alýan enjamlaryň birnäçe görnüşleri bolup, olar ýokarky we aşaky äňleriň anyklaýyş suratyny almaga mümkinçilik berýärler.
Ortopedik stomatologiýa bölüminde CAD/CAM otagy ýerleşdirilen. CAD/CAM enjamynyň kömegi bilen keramiki, plastmas, metaldan aýrylmaýan gurnamalary taýýarlap bolýar. Bular koronkalar, dolduryjylar, winirler, hususy abatmentler, köpri görnüşli protezlerdir. Bu tehnologiýanyň ulanylyşynyň gerimi hemişe giňelýär. Operasion blokdan we hirurgik otagdan ybarat hirurgik stomatologiýa bölümi Germaniýanyň meşhur «SIRONA» kompaniýasynyň “Intego” stomatologik enjamy bilen enjamlaşdyrylan. Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi çaga, terapewtik, ortopedik we hirurgik stomatologiýa ugurlarynda stomatolog lukmanlary diplomdan öňki we diplomdan soňky taýýarlygy üçin okuw-bejeriş we ylmy işleri geçirmek boýunça binýat bolup hyzmat edýär. Merkeziň lukmanlary kafedranyň mugallymlary bilen birlikde mekdebe çenli ýaşdaky çagalaryň öňüni alyş barlaglaryny geçirmekde uly işler geçirýärler. Ýurt Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilen dermanlyk ösümlikleri ulanmak bilen dişleriň kariýesini anyklamak, onuň öňüni almak, parodont kesellerini bejermek boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. Merkezde şu günki gün lukmanlar öz näsaglaryna iň ýokary hünär we tehniki derejede ýöriteleşdirilen stomatologik hyzmatlaryň giň gerimini hödürläp bilýärler. Merkeziň işgärleri halkymyzyň saglygyny berkitmekde özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar.
Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylyň 12-nji iýulyndaky №14334 belgili “Lukmançylyk edaralaryny döretmek baradaky” Karary bilen 2015-nji ýylyň 1-nji awgustynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezi döredildi.
Bu merkezde işler üç ugur: pediatriýa, perinatologiýa we hirurgiýa ugurlary boýunça alnyp barylýar. Merkez 275 orunlyk bolup, onda 15 sany bölüm hereket edýär. Merkezde ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen enelere we çagalara ýokary derejeli kömek berilýär.
Ýurdumyzda perinatal kömegi sebitleşdirmek Maksatnamasyna laýyklykda, bu merkez IIIA derejeli diýlip bellenildi. Merkezde pes agramly doglan we dürli agyr ýagdaýlary bolan bäbeklere kömek berilýär. Bejeriş işleri merkezde alnyp barylýan ylmy işlere laýyklykda amala aşyrylýar. Bu bolsa näsag çagalara ýokary derejeli kömek bermekde, şeýle-de çaga keselçiligini hem-de ölümçiligini peseltmekde giňden ýardam berýär.
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkeziniň esasy ylmy ugry “Pes agramda doglan bäbekleri alyp barmagyň we uýgunlaşma mehanizminiň hilini gowulandyrmak”.
Türkmenistanyň çuňňur hormatlanýan Prezidentiniň Karary bilen döredilen bu merkez ylmy we amaly taýdan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda uly işleri alyp barýar.
Merkeziň çäginde ýerleşen kafedralarda uniwersitetiň we lukmançylyk orta mekdebiniň talyplary, intern lukmanlar, kliniki ordinatorlar, aspirantlar we dürli ugurly hünärmenler üçin nazary we amaly sapaklar geçirilýär.
Göwreli aýallara we täze doglan bäbeklere berilýän kömegi kämilleşdirmek üçin talyplar, intern lukmanlar we ýaş hünärmenler ýörite döwrebap simulýatorlar bilen enjamlaşdyrylan otagda (fantom otagy) amaly endikleri özleşdirilýär.
Işler merkezde Türkmenistanda kabul edilen, enäniň we çaganyň saglygyny goramaga gönükdirilen “Howpsuz enelik”, “Bäbekleriň ilkinji reanimasiýasy”, “Ene süýdi bilen emdirmekligi goramak we ony goldamak”, “Çagalaryň kesellerini bütewi usulda alyp barmak”, “Çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak” Milli maksatnamalara laýyklykda alnyp barylýar. “Çaganyň irki ösüşi we irki goşulyşma” usulyýet otagynda pes agramly doglan bäbekleriň ene-atalary bilen maslahat işleri we pes agramly çagalar bilen dikeldiş çäreleri geçirilýär.
Ýaş lukmanlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda telemedisinanyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, kafedralaryň professor-mugallymlar düzümi we merkeziň alyp baryjy hünärmenleri ýurdumyzyň ähli künjeklerinden agyr we çylşyrymly lukmançylyk ýagdaýlary boýunça näsaglara maslahat berýärler.
2024-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Akylyň açary – dil” ady bilen geçirilen talyplaryň ylmy-amaly maslahatynda uniwersitetimiziň Kesel bejeriş fakultetiniň I ýyl talyby Leýli Akgaýewa “Язык – путь в мир” atly tema boýunça çykyş etdi we ýörite Hormat haty bilen sylaglandy.
2024-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer işlerini wagyz etmek, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasa eýlenen gymmatly kitaplarynyň many-mazmunyny düşündirmek arkaly talyp ýaşlaryň kitaba bolan söýgüsini ösdürmek, türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgelerine, ylym-bilime, milli mirasa, maşgala mukaddesligine bolan düşünjelerini güýçlendirmek maksady bilen “Gahryman Arkadagymyzyň eserleri – ýaşlaryň ýol-ýörelgesidir” atly professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.
2024-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde talyp ýaşlaryň arasynda hukuk düşünjeliligini ýokarlandyrmak, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek hem-de kanun bozulmalaryň öňüni almak maksady bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň wekilleri bilen talyp ýaşlaryň bilelikdäki wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda sanly bilim portalynyň üsti bilen farmasiýanyň guralyşy we ykdysadyýeti dersinden bäsleşik geçirildi. Bäsleşige farmasewtiki fakultetiniň 4-nji ýyl talyplary gatnaşdylar.
I orun – Mämmedowa Gülçemen, Hajyýew Toýdurdy, Otuzow Didar
II orun – Ataýew Bilal, Ilmyradowa Eneş, Gurbanow Eziz
III orun- Şaripowa Ýulduz, Mämmetdurdyýewa Oguljan
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti 2024-2025-nji okuw ýylyna boş pedagogik işgärleriniň wezipelerine saýlamak boýunça bäsleşik yglan edýär.
Boş iş orunlaryna bäsleşik 2024-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň baş binasynyň 2-nji gatynda ýerleşýän kiçi mejlisler otagynda geçiriljek. Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar 2024-nji ýylyň 30-njy oktýabryna çenli ýokary okuw mekdebiniň Işgärler bölümine tabşyrylmaly.
Tabşyrylmaly resminamalar:
1. Arzasy.
2. Dalaşgäriň maglumatnamasy (Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan kesgitlenen nusga boýunça).
3. Hünär derejesi babatda (kwalifikasion) talaplara laýyk gelýändigini tassyklaýan resminamalaryň nusgalary.
4. Kanunçylyk namalarynda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňüne tutulan bilim ulgamynda zähmet çekmegine çäklendirmeleriň ýoklugyny tassyklaýan resminamalar.
Bäsleşik yglan edilýän boş pedagogik iş orunlarynynyň sanawy
Salgy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 18
Tel.: 48-99-57
Işgärler bölümi
Biologiýa boýunça 3-nji Halkara internet olimpiadasyna
HOŞ GELDIŇIZ!
Olimpiadanyň maksady:
a) Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek we özara bähbitli ylmy-okuw maglumatlary alyş-çalyş etmek;
b) ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň bilelikde ylym-bilim ulgamynda pikir alyşmalaryny guramak;
Olimpiadanyň wezipesi:
a) häzirki zaman tehnologiýalary ulanmak arkaly nazary meseleleri çözmeklige gyzyklanma döretmek;
b) zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň mundan beýläk intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek;
ç) sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleriň we aýry-aýry ylmy merkezleriň özara aragatnaşygyny amala aşyrmak.
Olimpiadasynyň geçirilişi barada
GÖZÜKDIRIJI
- Internet - Olimpiada gatnaşyjylar 2024-nji ýylyň 20-nji sentbaryndan 10-nji noýabryna çenli https://olimp.tdlu.edu.tm salgyda registrasiýa etmeli.
- Internet - Olimpiada gatnaşyjylaryň login we paroly onuň elektron poçtasyna olimpiadanyň geçiriljek senesinden bir gün öň ugradylar.
- Olimpiadanyň test soraglary we ýumuşlary 2024-nji ýylyň 20-nji noýabrynda ýerli wagt boýunça 12:00-da (GMT+5) https://olimp.tdlu.edu.tm salgy boýunça açylar.
- Olimpiadanyň dowamlylygy 150 minut. Bellenilen wagt tamamlanandan soňra jogaplar kabul edilmeýär we Оlimpiada degişli programma üpjünçiligi awtomatiki ýagdaýda ýapylar.
- Kompýuterler we web-kameralar Internet toruna birikdirilen bolmaly.
- Olimpiada wagtynda wideoaragatnaşyk Zoom programma üpjünçiliginiň arkaly amala aşyrylar. Wideoaragatnaşyga birikmek üçin salgylanma (ссылка) ulanyja login we parol bilen bilelikde ugradylar.
- Olimpiada gatnaşyjylar oz adyny we familiýasyny Zoom-da girizmeli we hökman ekranyň demonstrasiýasy funksiýasyny açmaly.
- Olimpiada gatnaşyjylar ýany bilen diňe ýazuw esbaplaryny, ýagny ruçka we galam alyp bilerler.
- Olimpiada gatnaşyjylar kalkulýatordan peýdalanyp bilerler.
- Olimpiada gatnaşyjy ýumuşlary ýerine ýetirýän wagtynda diňe olimpiada degişli programma üpjünçiligi bilen işlemeli.
- Olimpiada geçirilýän döwri talyplara gürleşmek, biri-birine zat geçirmek, öýjükli telefonlardan we beýleki habar beriş serişdelerinden peýdalanmak gadagan edilýär;
- Olimpiada gatnaşyjy ýumuşlary ýerine ýetirýän wagtynda degişli soraglary bilen olimpiadanyň gurnaýjylaryna ýa-da kompýuter otagynyň tehniki işgärine ýüz tutup biler;
- Olimpiadanyň ýumuşlary biologiýanyň dürli ugurlary boýunça test görnüşinde beriler.
Ýokarda görkezilen düzgünler bozan gatnaşyjynyň internet olimpiadasyna gatnaşyjylaryň hataryndan çykarylmagy eminler toparynyň garamagyna goýulýar.
Habarlaşmak üçin:
Telefon: +993-12-48-99-32; +993-63-58-51-11.
Elektron poçta: tdlu.iolimp@gmail.com
Guramaçylyk topary