10

Türkmen halysynyň milli baýramy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi

Kardiologiya merkezi

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti hem-de Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen bilelikde gurnamagynda 2026-njy ýylyň 20-nji maýynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” ýylynda ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklaryň biri bolan türkmen halysynyň milli baýramy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi.

Baýramçylyk mynasybetli guralan bu duşuşykda talyp ýaşlarymyza nesilden-nesle geçip gelýän gymmatlyklarymyzyň taryhy ähmiýeti dogrusynda gürrüňler edildi. Şeýle hem Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteiniň talyp ýaşlary Türkmen halysynyň milli muzeýinde gezelençde boldular. Özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendiler.

Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen zenanlarynyň çeper elleriniň, uz barmaklarynyň gudraty bilen döredilen nepis halylarymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan ajaýyp sungat ýadygärligi hökmünde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Çünki dünýäde sungatyň hiç bir görnüşi hem halyçylyk sungaty ýaly tebigat bilen şeýle içgin baglanşykly däldir. Türkmen halysyny aýratyn sungat, täsin özboluşlylyk hökmünde göz öňüne getirmek bilen, hala siňdirilen sungat çeşmelerini, onuň owadan “sözlügini” açyp görkezilýär. Ol halkyň bitewi aň-paýhas beýikliginiň miwesi bolan döredijilik dünýäsini, ýagny öznde ähli medeniýeti – sazy, şygry, binagärligi, amaly-haşam işini, şekillendiriş sungatyny özünde jemlän döredijilik älemini dünýä äşgär edýandigini barada çykyş edenler öz çykyşlarynda bellediler.