Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty 2026 — 2027-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän gutardyş synp okuwçylaryny, şeýle hem esgerleri we önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary şu ýylyň 25-nji aprelinde we 16-njy maýynda sagat 15:00-da «Açyk gapylar» gününe çagyrýar.
«Açyk gapylar» günlerinde ýaşlara ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan okuw-usuly, ylmy-barlag, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, dynç almak, sport bilen meşgullanmak babatda döredilen şertler, şeýle hem institutda taýýarlanylýan hünärler we taýýarlyk ugurlar barada giňişleýin maglumat berler. Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty baradaky maglumatlar bilen www.tdei.edu.tm web saýtynda tanşyp bilersiňiz. Institutyň salgysy: Mary şäheriniň Baýramhan köçesiniň 62-nji jaýy. Telefon belgileri: 800522-5-75-10, 800522-5-75-17.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty