24

Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty 2026 — 2027-nji okuw ýy­lyn­da oku­wa gir­mä­ge is­leg bil­dir­ýän ýaş­la­ry ins­ti­tut bi­len ta­nyş­dyr­mak üçin «Açyk ga­py­lar» gü­nü­ni ge­çir­ýär

merkezi

«Açyk ga­py­lar» gün­le­rin­de ýaş­la­ra Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň Ber­ka­rar döw­letiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de il-ýurt bäh­bit­li pa­ra­sat­ly ýö­rel­ge­le­ri­niň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi, bi­lim hem-de sport ulga­myn­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler, ýe­til­ýän sep­git­ler, ins­ti­tu­ty­myz­da taý­ýar­la­nyl­ýan hünär­ler,sport we be­den­ter­bi­ýe bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan okuw-ter­bi­ýe­çi­lik, yl­my-usu­ly­ýet, me­de­ni-köp­çü­lik iş­le­ri, ta­lyp­la­ryň ýa­şa­ýyş we dur­muş şert­le­ri ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin gürrüň ber­ler. «Açyk ga­py­lar» gün­le­ri ins­ti­tut­da şu ýylyň 2-4-nji ap­re­li ara­ly­gyn­da her gün sa­gat 14:00-dan 18:00-a çen­li do­wam eder. Sal­gy­sy: Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy şa­ýo­lu­nyň 40-njy ja­ýy. Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon bel­gi­le­ri: 22-64-02, 22-65-47. Elekt­ron sal­gy­sy: tdbsi@san­ly.tm Web saýt: http://www.tdbsi.edu.tm

Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty