Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty 2026 — 2027-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary institut bilen tanyşdyrmak üçin «Açyk gapylar» gününi geçirýär
«Açyk gapylar» günlerinde ýaşlara Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe il-ýurt bähbitli parasatly ýörelgeleriniň durmuşa geçirilişi, bilim hem-de sport ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, institutymyzda taýýarlanylýan hünärler,sport we bedenterbiýe boýunça alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, ylmy-usulyýet, medeni-köpçülik işleri, talyplaryň ýaşaýyş we durmuş şertleri barada giňişleýin gürrüň berler. «Açyk gapylar» günleri institutda şu ýylyň 2-4-nji apreli aralygynda her gün sagat 14:00-dan 18:00-a çenli dowam eder. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 40-njy jaýy. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 22-64-02, 22-65-47. Elektron salgysy: tdbsi@sanly.tm Web saýt: http://www.tdbsi.edu.tm
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty