Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty 2026 — 2027-nji okuw ýylynda instituta okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary şu ýylyň 25-nji aprelinde we 9-njy maýynda sagat 15:00-da «Açyk gapylar» gününe çagyrýar
Hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda durmuşa ornaşdyrýan döwrebap özgertmeleri, institutda alnyp barylýan işler, şeýle hem taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, okuw-usuly, ylmy-barlag, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen şertler barada «Açyk gapylar» günlerinde ýaşlara giňişleýin maglumat berler. «Açyk gapylar» günleri Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda geçirilýär. Salgysy: Türkmenabat şäheri, Şabende köçesiniň 7-nji jaýy. Telefon belgileri: 800422-3-04-21, 3-67-02, 3-25-44. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty baradaky maglumatlar bilen www.tdmugi.edu.tm web saýtynda tanşyp bilersiňiz.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty