visibility 5

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy "Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar" atly halkara ylmy maslahata gatnaşmaga çagyrýar

merkezi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy 2025-nji ýylyň 12-13-nji iýunynda Ylymlar güni mynasybetli Aşgabat şäherinde gibrid görnüşinde geçirilýän

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahata gatnaşmaga çagyrýarYlmy maslahatyň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus.

Ylmy maslahatyň tematiki ugurlary:

1. Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika;

2. Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika;

3. Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary;

4. Häzirki zaman lukmançylygy we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary;

5. Innowasion ykdysadyýet;

6. Ynsanperwer ylymlar.

Ylmy maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler zerur maglumatlary tabşyrmak üçin

maslahata gatnaşmagyň şertlerini we nutuklaryň gyçgaça beýanlarynyň we annotasiýalaryň taýýarlanylyşyna bildirilýän talaplary berjaý etmelidirler.

Ylmy maslahatyň HABARNAMASY

https://tdlu.edu.tm/storage/app/media/HABARNAMA_TM.pdf

Maslahata gatnaşmak üçin bildirilýän ŞERTLER

https://tdlu.edu.tm/storage/app/media/2%20SHERTLERI_TM.pdf

Ylmy makala we annotasiýa degişli TALAPLAR

https://tdlu.edu.tm/storage/app/media/3%20TALAPLAR_TM.pdf

 

Gysgaça beýan we annotasiýanyň MYSALY

https://tdlu.edu.tm/storage/app/media/tmdanatarow-b-tez-1.pdf

Ylmy maslahata gatnaşmak üçin degişli resminamalar, nutuklaryň gyçgaça beýanlary we annotasiýalary 2025-nji ýylyň 31-nji martyna çenli kabul edilýär.

Düzgünlere laýyk gelmeýän we bellenilen möhletden soň tabşyrylan işlere garalmaýar we olar çap edilmeýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 15.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 12 94-13-37.

Halkara ylmy maslahatyň Guramaçylyk topary