Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde 2026-2027-nji okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ady bilen geçirildi
2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 1-na Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilen döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaş nesillerde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza bolan beýik buýsanjy we çuňňur söýgini ösdürmek maksady bilen, 2026-2027-nji okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ady bilen geçirildi.