43

“Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar, emeli aň we kiberhowpsuzlyk: ylmy-tehnologik ösüşiň häzirki zaman ugurlary” atly utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahaty

merkezi

Utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahatyny guramak we geçirmek hakynda

DÜZGÜNNAMA

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda”, şeýle hem bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” we “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil nesli kemala getirmek, zehinli talyplary ylma çekmek we ylmy derejeli işgärleri taýýarlamak boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek, ylym-bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, ylmy işgärleriniň, aspirantlarynyň, magistrleriniň, talyplarynyň şeýle hem kompaniýalarynyň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda “Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar, emeli aň we kiberhowpsuzlyk: ylmy-tehnologik ösüşiň häzirki zaman ugurlary” atly utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahatyny (mundan beýläk-ylmy maslahat) döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak we geçirmek üçin şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.

I. Umumy düzgünler

1.1. Şu Düzgünnama ylmy maslahaty guramagyň we geçirmegiň tertibini kadalaşdyrýar we Türkmenistanyň Bilim ministriniň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidentiniň bilelikdäki buýrugy bilen tassyklanan “Ýokary hünär bilimi edarasynda ylmy çäreleri geçirmegiň Tertibine” laýyklykda işlenilip düzüldi.

1.2. Ylmy maslahat ylym-bilim ulgamynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy edaralarynyň we kompaniýalarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge, özara tejribe alyşmaga we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berer.

1.3. Ylmy maslahatyň gurnaýjysy hökmünde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Kiberhowpsuzlyk, Informatika we maglumat tehnologiýalary we Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary kafedralary çykyş edýär.

1.4. Ylmy maslahatyň geçirilýän möhleti we şertleri uniwersitetiň www.iogu.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölüminde ýerleşdirilýär.

1.5. Ylmy maslahatyň resmi iş dilleri – türkmen, rus we iňlis.

II. Ylmy maslahatyň maksady we wezipeleri

Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, talyplarynyň, şeýle hem ylmy edaralaryň alymlarynyň we kompaniýalaryň hünärmenleriniň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we özara bähbitli ylmy maglumatlary alyş-çalyş etmek hem-de tejribe alyşmak.

Dünýäniň öňdebaryjy sanly tehnologiýalaryny we innowasiýalaryny ylym-bilim ulgamyna we önümçilige ornaşdyrmak.

Ylmy maslahatyň wezipeleri:

a) Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek;

b) Türkmenistanyň Prezidentiniň strategik maksatnamalarynyň çäklerinde «ylym-bilim-önümçilik» arabaglanyşygyndan ugur alyp, bilim ulgamynyň ylym we önümçilik bilen utgaşmagyny gazanmak;

ç) ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň we talyp ýaşlarynyň arasynda ylmy pikir alyşmalaryny guramak;

d) zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmak, ylma çekmek we ylmy derejeli işgärleri taýýarlamak;

e) okatmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, ýaşlara berilýän bilimiň hilini we derejesini ýokarlandyrmak;

ä) ýurdumyzda we daşary ýurtlarda ylmyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmak;

f) ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we işjeňleşdirmek;

g) ýurdumyzyň ylmy-barlag, önümçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak;

h) önümçilik we ylmy-barlag, gözleg işlerinde ýüze çykýan derwaýys ylmy hem-de amaly meseleleri çözmäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmek;

III. Ylmy maslahatyň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi

Ylmy maslahaty talabalaýyk geçirmek üçin uniwersitetiň abraýly we tejribeli professor-mugallymlaryndan düzülen Guramaçylyk topary döredilýär.

Guramaçylyk topary:

a) ylmy maslahaty ýokary derejede guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar;

b) ylmy maslahaty guramaçylykly geçirmek boýunça teklipleri taýýarlaýar;

ç) uniwersitetiň uly mejlisler zalyny sanly serişdeler bilen üpjün edýär;

d) ylmy maslahatyň netijelerini jemleýär we hasabat görnüşinde Türkmenistanyň Bilim ministrligine iberýär.

IV. Ylmy maslahaty guramagyň we geçirmegiň tertibi

4.1. Ylmy maslahat 2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda 09:00-da Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Mejlisler zalynda dabaraly açylýar we geçirilýär.

4.2. Gatnaşyjylaryň çykyşlary onlaýn tanyşdyryşlaryň üsti bilen amala aşyrylýar we olaryň many-mazmuny ylmy maslahatyň ugruna doly laýyk gelmelidir we çykyş edýäniň hünär ussatlygynyň aýratynlyklaryny açyp görkezmelidir.

4.3. Tanyşdyryşyň 1-nji slaýdynda Ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň we kompaniýalaryň doly atlary, çykyş edýäniň temasynyň doly ady, familiýasy, ady, atasynyň ady we wezipesi görkezilýär.

4.4. Tanyşdyryş (prezentasiýa) Power Point programmasynda taýýarlanylýar we onuň jemi sahypa sany 10 slaýddan az bolmaly däldir;

4.5. Çykyşyň dowamlylygy 15 minutdan, gatnaşyjylaryň soraglaryna jogap 5 minutdan köp bolmaly däldir.

V. Ylmy maslahatyň işiniň jemini jemlemek

5.1. Guramaçylyk topary 2026-njy ýylyň noýabr aýynyň üçünji on günlüginde ylmy maslahatyň işiniň jemlerini jemleýär we resmi web sahypasyna ýerleşdirýär.

5.2. Ylmy maslahatda tapawutly çykyş edenler we gatnaşyjylar degişlilikde diplomlar, sertifikatlar bilen sylaglanylýarlar we olaryň elektron poçtalaryna iberilýär.

5.3. Ylmy maslahatyň netijeleri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we uniwersitetiň web sahypalarynda ýerleşdirilýär, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryny, ylmy işgärlerini, magistrlerini, aspirantlaryny, talyplaryny, şeýle hem kompaniýalaryň hünärmenlerini ylmy-amaly maslahata işjeň gatnaşmaga çagyrýarys.

Resmi iş dilleri: türkmen, rus we iňlis dilleri.

Gatnaşmagyň görnüşi: şahsy we uzak aralykdan.

Daşary ýurtly gatnaşyjylar üçin Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ähli amatlyklary bolan umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşamak, naharlanmak we Aşgabat şäheriniň çäginde gatnaw hyzmatlary çagyrýan tarapyň hasabyna üpjün edilýär. Aşgabada gelmek we Aşgabatdan gitmek bilen bagly çykdajylar bolsa ugradýan tarapyň hasabyna tölenýär.

Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmak üçin, Goşundyda görkezilen çykyş edijileriň hasaba alyş görnüşini taýýarlamaly we çykyşyň teksti hem-de tanyşdyrylyşy bilen bilelikde 2026-njy ýylyň 15-nji noýabryna çenli iogu.digitalconference@gmail.com elektron salgysyna ibermeli.

Habarlaşmak üçin:

Tel.: +993 12 39 13 03, +993 12 39 13 36, +993 12 39 14 47, +993 65 87 80 16, +993 65 88 54 45, +993 65 67 51 31

Guramaçylyk topary