TÜRKMENISTANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ WE DERMAN SENAGATY, BILIM MINISTRLIKLERI, BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI TÜRKMENISTANYŇ SÖWDA-SENAGAT EDARASY BILEN BILELIKDE ŞU ÝYLYŇ 10 — 12-nji OKTÝABRY ARALYGYNDA «SAGLYGY GORAÝYŞ, BILIM WE SPORT BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNDE» ATLY HALKARA SERGINI GEÇIRÝÄR
Guraýjy topar Türkmenistanyň dahylly ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenlerini hem-de hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar. Serginiň iş wagty:
10-njy oktýabrda sagat 15:00-dan 18:00-a çenli;
11-nji oktýabrda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
12-nji oktýabrda sagat 10:00-dan 15:00-a çenli.
Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýy. Telefon belgileri: 39-88-81, (82), (83), (84), (85), (86). Faks belgisi: 39-89-49.