Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň we hünär-tehniki okuw mekdepleriň uçurymlaryny, okuw merkezleriniň diňleýjilerini, harby gullugy tamamlaýan esgerleri, önümçilik edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlary hem-de beýleki gyzyklanýan taraplary 2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde we 15-nji maýynda geçiriljek «AÇYK GAPYLAR» günlerine çagyrýar
«Açyk gapylar» günlerine gatnaşýanlara orta hünär okuw mekdebinde taýýarlanylýan hünär ugurlary, okuw-önümçilik okuwlarynyň guralyşy we geçirilişi, okuwterbiýeçilik işleri, okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärler üçin soralýan resminamalaryň görnüşleri, okuw sapaklaryndan daşary alnyp barylýan köpçülikleýin medeni we sport çäreleri, mekdebiň Magtymguly we taryhy muzeýiniň gymmatlyklary, kitaphana gaznasy we döredijilik sergi taslamalary hem-de talyplaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri, şeýle-de gazanylan beýleki üstünlikler barada giňişleýin maglumatlar berler. «Açyk gapylar» günleri orta hünär okuw mekdebiniň birinji binasynda sagat 10:00-da geçirilýär. Biziň salgymyz: Aşgabat şäheri, Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje şaýolunyň 10-njy jaýy. Habarlaşmak üçin telefonlar: 28-14-56, 28-20-04, 28-07-74.
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi