Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty 2026-njy ýylyň 15-nji we 16-njy aprelinde sagat 15:00-da orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary, okuw merkezleriniň diňleýjileri, harby bölümleriň esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar üçin «AÇYK GAPYLAR» günlerini geçirýär
«Açyk gap ylar» günlerinde ýaşlar Berkara r döwl e tiň tä ze eý ý a mynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek barada alyp barýan syýasatynyň institutymyzda durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, taýýarlanylýan hünär ugurlary, döwrebap tehnologiýalar we internet bilen enjamlaşdyrylan okuw binalary, ýöriteleşdirilen okuw we lingafon otaglary, aýdym-saz we tans toparlarynyň, şeýle-de sport klubunyň işi, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty baradaky ähli maglumatlary www.tsiem.edu.tm web saýtyndan hem alyp bilersiňiz. Biziň salgymyz: Aşgabat ş., 1972 (Atatürk) köçesiniň 73-nji jaýy. Telefonlar: 48-62-31, 48-62-33, 48-62-29.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty