23

«Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady bilen yglan edilýän döredijilik bäsleşigi

merkezi

2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň

Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi

Geňeşi hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4–12-nji synplarynda okaýan okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady bilen yglan edilýän döredijilik bäsleşigi

I.Umumy düzgünler

Şu Düzgünnama «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň (mundan beýläk – «Döredijilik bäsleşigi») maksatlaryny, wezipelerini, şertlerini we geçiş tertibini kesgitleýär.

Bäsleşigiň esasy maksady – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli watançylyk, parahatsöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda hem-de milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemekden, ýaşlaryň tebigy zehinlerini ýüze çykarmakdan we olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekden, ýaş nesilleriň arasynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk medeniýetini giňden wagyz etmekden hem-de çagalaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsançlaryny aýan etmekden ybaratdyr.

II. Döredijilik bäsleşiginiň şertleri we geçiş tertibi

  1. Döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4–12-nji synp okuwçylary gatnaşýarlar. Okuwçylaryň Watan ezizligini, bagtyýar çagalygy, parahatçylykly ösüşi, dostlukly gatnaşyklaryň ähmiýetini, hormatly Prezidentimize we berkarar döwletimize bolan çuňňur söýgüsini açyp görkezýän hem-de «Dünýä dursun parahat!» diýen temada ýazan düzmeleri, çeken suratlary we ýasan maketleri degişlilikde bäsleşigiň etrap (şäher), Aşgabat we Arkadag şäherleri hem-de welaýat tapgyrlarynyň Guramaçylyk toparyna hödürlenilýär.
  2. Döredijilik bäsleşiginiň her tapgyrynda, eminler topary tarapyndan ýerlerden saýlanyp alnan işler bäsleşigiň indiki tapgyryna gatnaşdyrylýar.
  3. Döredijilik bäsleşiginiň her bir tapgyrynyň ýeňijileri boýunça degişli resminamalar şol tapgyr tamamlanandan soň, nobatdaky tapgyryň Guramaçylyk toparyna 5 (bäş) günüň dowamynda hödürlenilmelidir:
  1. Döredijilik bäsleşigine gatnaşýan okuwçylaryň hödürleýän işlerinde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň gazanýan ýokary ösüşleri, parahatsöýüjilik ýörelgeleri, döwletimizde durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler we ýetilen sepgitler, hemişelik Bitaraplygymyzyň gazananlary
  2. (şol sanda maket görnüşinde), «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň belent mazmuny, ýaşlaryň bagtyýar durmuşy hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň çeper keşbi wasp edilmelidir.
  3. Döredijilik bäsleşigine hödürlenýän «Dünýä dursun parahat!» diýen temadaky düzmeleriň möçberi 3 sahypadan köp bolmaly däldir.
  4. Döredijilik bäsleşigine hödürlenýän surat eserleri 50x70 sm ölçegdäki kagyza guaş reňkleri arkaly plakat görnüşinde çekilip, çarçuwa salnan (ramkalanan) bolmalydyr. Bäsleşige hödürlenýän maketleriň ölçegi hem 50x70 sm ululykda taýýarlanmalydyr.
  5. Döredijilik bäsleşiginiň welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher tapgyrlarynda saýlanyp alnan hem-de jemleýji döwlet tapgyryna hödürlenýän işler welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň baş bilim müdirlikleri, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň degişli ýerli bölümleri we Geňeşleri tarapyndan tassyklanan bolmalydyr.

  1. Döredijilik bäsleşigi aşakdaky tertipde we möhletlerde geçirilýär:
  1. Bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyryny guramaçylykly geçirmek we eminlik etmek üçin Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň wekillerinden, şeýle hem ýurdumyzyň tanymal döredijilik işgärlerinden ybarat Eminler topary döredilýär.
  2. Bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyrynda yglan edilen 3 ugruň her biri boýunça degişlilikde 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlara mynasyp bolan döredijilik işleri kesgitlenilýär. Eminler toparynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.
  3. Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa işjeň gatnaşanlara gurnaýjy edaralaryň (Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň) Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşurylýar. Bäsleşikde ýeňiji bolan döredijilik işleri «Güneş» žurnalynyň sahypalarynda çap edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 44-86-40;

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-89-99, 44-88-81.

«Güneş» žurnalynyň redaksiýasy: 38-61-70.