“Öwrediji maksatly programmalar” atly Hakaton bäsleşigi
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan geçirilýän “Öwrediji maksatly programmalar” atly Hakaton bäsleşigini gurnamak we geçirmekhakynda
DÜZGÜNNAMA
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine, ylmyň, tehnikanyň we önümçiligiň bitewiliginiň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň ykdysady we durmuş ösüşibabatda dünýäniň iň ösen döwletlerine mahsus bolan sepgitlere çykmagyna gönükdirilen Döwlet maksatnamalar, Strategiýalar, meýilnamalar we Konsepsiýalar düýpli ylmy esaslara daýanýar. “Öwrediji maksatly programmalar” atly Hakaton bäsleşigini bu Düzgünnamasy “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň kanunydan, “Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyndan”, “Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyndan” hem-de “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan” ugur alnyp düzüldi.
I. Umumy düzgünler
- Şu Düzgünnama Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda geçirilýän “Öwrediji maksatly programmalar” atly Hakaton bäsleşiginiň (mundan beýläk – Bäsleşik) maksadyny, wezipelerini, geçirilýän tertibini, gatnaşyjylara bildirilýän talaplary, taslamalara baha bermegiň ölçeglerini, ýeňijileri kesgitlemegiň we sylaglamagyň şertlerini kesgitleýär.
- Bäsleşik sanly tehnologiýalary, programmirlemegi we innowasion çözgütleri bilim ulgamynda netijeli peýdalanmak, talyplaryň döredijilik we tehniki başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen geçirilýär.
- Bäsleşik Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Ylym bölümi, Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölümi hem-de Ýaş alymlar geňeşi tarapyndan guralýar.
II. Bäsleşigiň maksady
- Bäsleşigiň esasy maksady bilim bermek we öwretmek işlerini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen programma üpjünçiliklerini döretmäge höweslendirmekden ybaratdyr.
- Bäsleşigiň esasy wezipeleri şulardan ybarat:
- talyplaryň programmirleme we maglumat tehnologiýalary boýunça bilimlerini iş ýüzünde ulanmak başarnyklaryny ösdürmek;
- bilim ulgamynda peýdalanyp boljak täze programmalary we sanly önümleri döretmegi höweslendirmek;
- döredijilikli, innowasion we tehniki pikirlenmäni ösdürmek;
- okuwçylaryň we talyplaryň bilim almagyny ýeňilleşdirýän döwrebap çözgütleri taýýarlamak;
- toparlaýyn işlemek, meseleleri seljermek we gysga wagtda netijeli çözgüt tapmak başarnyklaryny kämilleşdirmek.
III. Bäsleşigiň temasy
- Bäsleşigiň temasy – “Öwrediji maksatly programmalar”.
- Gatnaşyjylar okuw-terbiýeçilik işinde ulanylmaga niýetlenen programma, web-programma, mobil goşundy, interaktiw okuw serişdesi ýa-da beýleki sanly çözgütleri taýýarlap bilerler.
- Taslamalar aşakdaky ugurlaryň birine ýa-da birnäçe ugurlaryna degişli bolup biler:
- dürli okuw derslerini öwretmek üçin interaktiw okuw programmalar;
- test we bilim derejesini barlaýyş ulgamlary;
- elektron okuw gollanmalary;
- wirtual tejribehana we simulýasiýalar;
- mekdebe çenli, başlangyç, orta we ýokary bilim üçin okuw goşundylary;
- mugallymlar üçin okuw işini ýeňilleşdirýän sanly gurallar;
- oýunlaşdyrma (gamification) esasly okuw programmalary;
- emeli aň tehnologiýalaryny peýdalanýan okuw çözgütleri;
- aýratyn bilim zerurlyklary bolan şahslara niýetlenen okuw programmalary;
- okuwçylaryň özbaşdak bilim almagyna ýardam edýän beýleki innowasion sanly çözgütler.
IV. Bäsleşige gatnaşyjylar
- Bäsleşige Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşyp bilerler.
- Bäsleşige ýekebara ýa-da toparlaýyn görnüşde gatnaşyp bilerler.
- Bir toparyň düzümi 2-den 5-e çenli gatnaşyjydan ybarat bolup biler.
- Her bir gatnaşyjy ýa-da topar diňe bir taslama bilen gatnaşyp biler.
- Gatnaşyjylar bäsleşige gatnaşmak üçin bellenen möhletde guramaçylyk toparyna ýüz tutmalydyrlar.
V. Bäsleşigiň geçirilýän tertibi
1. Bäsleşik aşakdaky tapgyrlarda geçiriler:
- gatnaşyjylary hasaba almak;
- bäsleşigiň şertleri we meseleleri bilen tanyşdyrmak;
- taslamany işläp taýýarlamak;
- taýýarlanan taslamany eminler toparyna hödürlemek;
- taslamalaryň tanyşdyrylyşy we goragy;
- taslamalara eminler topary tarapyndan baha bermek;
- ýeňijileri kesgitlemek we sylaglamak.
- Bäsleşigiň dowamlylygy guramaçylyk topary tarapyndan kesgitlenýär.
- Bäsleşigiň ýumuşlary guramaçylyk topary tarapyndan bäsleşigiň geçirilýän güni hödürlener.
- Gatnaşyjylar bellenen wagtyň dowamynda öz taslamalaryny taýýarlap, tanyşdyrmaga taýýar bolmaly.
- Bäsleşik wagtynda gatnaşyjylar zerur programma üpjünçiliklerinden, programmirleme dillerinden, kitaphanalardan we beýleki rugsat edilen tehnologiýalardan peýdalanyp bilerler.
- Taslamanyň esasy işleýiş nusgasy (prototipi) Bäsleşigiň dowamynda döredilmelidir.
- Öňünden taýýarlanan programma böleklerinden, açyk çeşmeli kitaphanalardan we beýleki rugsat edilen serişdelerden peýdalanmaga ýol berilýär. Şeýle serişdeler taslamanyň beýanynda görkezilmelidir.
- Gatnaşyjylar taslamany kesgitlenen wagtda tabşyrmaly we eminler toparynyň öňünde gysgaça tanyşdyrmaly hem-de işi goramaly.
VI. Taslama bildirilýän talaplar
- Taslama bilim bermek ýa-da öwretmek maksadyna gönükdirilen bolmalydyr.
- Taslama işjeň ýa-da görkezme görnüşinde işleýän nusga eýe bolmalydyr.
- Taslamanyň mazmuny düşnükli, ylmy taýdan esasly we ýaş aýratynlyklaryna laýyk bolmalydyr.
- Taslamada ulanylýan okuw maglumatlarynyň ygtybarlylygyna we dogrulygyna gatnaşyjylar jogapkärçilik çekýärler.
- Taslama awtorlyk hukuklaryny bozýan maglumatlary ýa-da programma kodlaryny bikanun ulanmazdan taýýarlanmalydyr.
- Taslamanyň tanyşdyrylyşynda aşakdaky maglumatlar görkezilmelidir:
- taslamanyň ady;
- taslamanyň maksady;
- çözülýän mesele;
- ulanylýan tehnologiýalar;
- programmanyň esasy mümkinçilikleri;
- taslamanyň bilim taýdan ähmiýeti;
- geljekde ösdürmegiň mümkinçilikleri.
VII. Taslamalaryň bahalandyrylyşy
- Taslamalara eminler topary tarapyndan 100 balllyk ulgam esasynda baha beriler.
- Baha bermekde aşakdaky ölçegler göz öňünde tutulýar:
| № | Görkezijiler | Iň ýokary bal |
| 1 | Meseläniň wajyplygy we taslamanyň maksadynyň aýdyňlygy | 15 |
| 2 | Bilim berijilik we öwredijilik ähmiýeti | 20 |
| 3 | Innowasion derejesi (täzeligi) | 15 |
| 4 | Tehniki ýerine ýetirilişi we programmanyň işleýşi | 20 |
| 5 | Ulanyjy üçin amatlylygy we dizaýny | 10 |
| 6 | Döredijilik çemeleşmesi | 10 |
| 7 | Gatnaşyjynyň taslamany tanyşdyryp we gorap bilmek derejesi | 10 |
| Jemi | 100 |
- Birmeňzeş bal alan taslamalar boýunça jemleýji karary eminler topary kabul edýär.
- Eminler toparynyň karary gutarnykly hasaplanýar.
VIII. Eminler topary
- Bäsleşige baha bermek üçin guramaçylyk toparynyň teklibi esasynda eminler topary döredilýär.
- Eminler toparynyň düzümine bilim ulgamynyň, maglumat tehnologiýalarynyň, programmirlemegiň we degişli ugurlaryň hünärmenleri, mugallymlar hem-de beýleki degişli hünärmenler girizilip bilner.
- Eminler topary taslamalara garaşsyz we bitarap baha bermelidir.
- Eminler toparynyň agzalarynyň haýsydyr biriniň taslama bilen arabaglanyşygy bar bolsa, degişli taslama işe baha bermekden çekilmelidir.
IX. Ýeňijileri kesgitlemek we sylaglamak
- Bäsleşikde iň ýokary bal gazanan taslamalar degişlilikde I, II we III orunlara mynasyp diýlip ykrar edilýär.
- Zerur bolan ýagdaýynda eminler toparynyň karary bilen aşakdaky ugurlar boýunça goşmaça baýraklar döredilip bilner:
- “Iň innowasion taslama”;
- “Iň gowy dizaýn”;
- “Iň gowy tehniki çözgüt”;
- “Iň gowy okuw programmasy”;
- “Iň döredijilikli taslama”.
- Bäsleşigiň ýeňijilerine diplomlar, şahadatnamalar we guramaçylyk topary tarapyndan bellenen beýleki sylaglar gowşurylýar.
- Bäsleşige gatnaşan beýleki gatnaşyjylara hem gatnaşandyklaryny tassyklaýan şahadatnamalar berler.
X. Gatnaşyjylaryň hukuklary we borçlary
- Gatnaşyjylar:
- Bäsleşigiň şertleri barada doly maglumat almaga;
- bellenen şertlere laýyklykda öz taslamasyny taýýarlamaga;
- taslamany eminler toparyna tanyşdyrmaga we goramaga;
- tehniki we guramaçylyk meseleleri boýunça degişli maslahat almaga hukuklydyrlar.
- Gatnaşyjylar:
- şu Düzgünnamanyň talaplaryny berjaý etmäge;
- bellenen möhletleri we wagt tertibini berjaý etmäge;
- beýleki gatnaşyjylaryň işine päsgel bermezlige;
- awtorlyk hukuklaryny berjaý etmäge;
- taslamada ulanylan daşarky çeşmeleri görkezmäge;
- Bäsleşigiň dowamynda edep-terbiýe we tehniki howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmäge borçludyrlar.
XI. Guramaçylyk toparynyň borçlary
- Guramaçylyk topary:
- Bäsleşigiň geçirilmegini guramaçylyk taýdan üpjün edýär;
- gatnaşyjylary hasaba alýar;
- Bäsleşigiň şertlerini gatnaşyjylara ýetirýär;
- eminler toparynyň işini guramaçylyk taýdan üpjün edýär;
- taslamalaryň kabul edilmegini we tanyşdyrylyşyny guraýar;
- ýeňijileri sylaglamak dabarasyny geçirýär.
XII. Awtorlyk hukugy we taslamalaryň peýdalanylmagy
- Bäsleşige hödürlenen taslamalaryň awtorlyk hukugy olaryň awtorlaryna degişlidir.
- Gatnaşyjylar öz taslamalarynda peýdalanylan programma üpjünçilikleriniň, maglumatlarynyň, suratlarynyň we beýleki serişdeleriniň ulanylyş şertlerini berjaý etmelidirler.
- Bäsleşigiň guramaçylary taslamalary awtorlaryň adyny görkezmek bilen bilim we maglumat maksatly peýdalanyp bilerler.
- Taslamanyň täjirçilik taýdan peýdalanylmagy diňe onuň awtorlarynyň degişli hukuklary we razylygy esasynda amala aşyrylýar.
XIII. Jemleýji düzgünler
- Şu Düzgünnamada göz öňünde tutulmadyk meseleler Bäsleşigiň guramaçylyk topary tarapyndan çözülýär.
- Bäsleşigiň geçirilýän senesine, ýerine, dowamlylygyna, gatnaşyjylaryň sanyna we beýleki guramaçylyk meselelerine zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda üýtgetmeler girizilip bilner.
- Şu Düzgünnama Bäsleşigi guramak we geçirmek bilen bagly ähli gatnaşyjylar üçin hökmany bolup durýar.
- Bäsleşigiň geçirilmegi bilen bagly goşmaça maglumatlar guramaçylyk topary tarapyndan gatnaşyjylara bellenen tertipde ýetirilýär.
- Bäsleşige gatnaşyjy özi baradaky maglumatlary aşdaky tablisa girizmeli.
Bäsleşige gatnaşyjy barada maglumat
| Awtor(lar)yň familiýasy, ady, atasynyň ady | |
| Okuw mekdebiniň ady | |
| Telefon belgisi | |
| E-poçtasy |
Bellik: Maglumat. docx formatda goşulan we faýlyň ady “Maslahata F.A.A. .docx görnüşinde iberilmeli.
Biziň salgymyz: Türkmenabat şäheri, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binasy.
Habarlaşmak üçin telefonlarymyz: +993 65636500; +993 62892610.
Elektron salgymyz: donmezow1986@mail.com;