BILDIRIŞ
Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyna 2026 — 2027-nji okuw ýyly üçin Aşgabat we Arkadag şäherlerinden hem-de welaýatlardan 2025 — 2026-njy okuw ýylynda orta mekdepleriň 6-njy synpyny tamamlaýan zehinli okuwçylar kabul edilýär. Dalaşgär okuwçylaryň 1 — 6-njy synplardaky bahalarynyň aglabasy 5-lik baha bolmaly. Mekdep-internata okuwa girmäge isleg bildirýän zehinli okuwçylaryň sanawy we aşakdaky resminamalar etrap (şäher) bilim bölüminiň üsti bilen degişli welaýat we Aşgabatşäher Baş bilim müdirliklerine 2026-njy ýylyň 11-nji apreline çenli iberilýär. Baş bilim müdirlikleri, Arkadag şäheriniň bilim müdirligi bolsa okuwçylaryň sanawyny hem-de beýleki maglumatlary resmileşdirip, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyna iberýär. Gerekli resminamalar: — okaýan mekdebindäki şahsy jiltiniň mekdep müdiriniň möhüri bilen tassyklanylan göçürmesi; — mekdep tarapyndan berlen hödürnama; — dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň göçürmesi; — ýaşaýan ýerinden kepilnama; — ata-enesiniň işleýän ýerinden kepilnama; — saglyk ýagdaýy hakynda kesgitlenen nusgadaky kepilnama (086-H belgili kepilnama); — 3x4 ölçegdäki 2 sany surat. Mekdep-internata okuwa girmäge isleg bildiren zehinli okuwçylar bilen türkmen dilinden diktant, matematika hem-de taryh dersleriniň her birinden 3 soragdan ybarat bolan soragnama ýazmaça jogap bermek arkaly synaglar geçiriler. Synaglaryň möhleti: Aşgabat, Arkadag şäherleri — aprel aýynyň 13-14-i (Aşgabat şäheri). Ahal welaýaty — aprel aýynyň 15-16-sy (Aşgabat şäheri). Lebap welaýaty — aprel aýynyň 17-18-i (Türkmenabat şäheri). Mary welaýaty — aprel aýynyň 20-21-i (Mary şäheri). Daşoguz welaýaty — aprel aýynyň 23-24-i (Daşoguz şäheri). Balkan welaýaty — aprel aýynyň 27-28-i (Balkanabat şäheri).
Türkmenistanyň Bilim ministrligi