visibility 61

Bäsleşik

merkezi

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty 2026-njy ýylyň maý aýynyň 11-ine «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri – ýaşlaryň ýol-ýörelgesi» atly bilim bäsleşigini geçirmekligi meýilleşdirýär. Bäsleşik 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şan-şöhratyny dabaralandyrmak we Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly atalyk kitaplaryndan şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar Watanyň daýanjy», «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly – dünýäniň akyldary», «Türkmenistanyň Bitaraplygy parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaplarynyň çuň many-mazmuny açyp görkezmek we kitabynyň ähmiýetini düşündirmek, ahalteke bedewleri we mukaddes Garaşsyzlygymyz hakyndaky aýdan taglymatlaryny talyp ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmak, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň peýdaly endikleri özleşdirmegini gazanmak, olarda kitap okamak we beýleki peýdaly endikleri terbiýelemek, ýaşlarda kitaba bolan söýgüni döretmek, olary kitaphanalara giňden çekmek hem-de zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär.

Bäsleşigiň düzgünnamasy bilen https://disk.yandex.ru/i/KKCqLz1pG8NQ7A elektron salga salgylanyp tanşyp bilersiňiz. Mähriban talyplar, siziň ähliňizi «Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri – ýaşlaryň ýol-ýörelgesi» atly bilim bäsleşigine işjeň gatnaşmaklyga çagyrýarys!

Habarlaşmak üçin:

Telefon nomeri:+99364404606, +99362866483,

Elektron salgy:tdei@tdei.edu.tm, tdeimaralyashlar@gmail.com