visibility 22

Balkan welaýatynyň   Gyzylarbat etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebinde  “Dil bilen dünýäni gezer” atly açyk gapylar güni geçirildi

merkezi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe   Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bilim ulgamyndaky ösüşleriň hatarynda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebinde 2026-njy ýylyň 3-nji aprelinde “Dil bilen dünýäni gezer” atly açyk gapylar güni geçirildi. Oňa Gyzylarbat etrap häkiminiň orunbasary N.Hojamowa, etrap bilim bölüminiň müdiri M.Täçmämmedow, etrabyň  bilimedaralaryndan, jemgyýetçilik guramalaryndan wekiller gatnaşdylar.

Açyk gapylar gününde myhmanlar dabaraly açylyş bilen garşylandy. Mekdebiň binasynyň ähli gatlarynda dersler boýunça sergiler guralyp, onda mugallymlar we dürli bäsleşikleriň etrap, welaýat, döwlet derejesinde üstünlikler gazanan okuwçylar topary gyzykly maglumatlar bilen çykyş etdiler. Tebigy ugurly we takyk ugurly dersleriň sergisinde gyzykly tejribeler görkezildi.

 Soňra ähli dersler boýunça baý iş tejribeli halypa mugallymlar, ýaş hünärmenler döwrebap görelde sapaklary guradylar. Oňa gatnaşanlar sapaklaryň geçirilişi barada tejribe alyşdylar.  Sapaklardasanly ulgamyň, taryhy maglumatlaryň, dürli görkezme esbaplaryň ýerlikli ulanylyşynyň ýaş nesillere bilim bermekde netijelidigini bellediler. 

Açyk gapylar gününiniň ahyrynda mekdebiň çeper höwesjeňleriniň konsertine tomaşa edildi we dabaranyň jemijemlendi. Umuman, bu bilim çäresindemekdebiň gazanan üstünlikleri we mekdebiň durmuşy bilen tanyşmaga ähli mümkinçilikler döredildi. Ýokary  derejede guralan açyk gapylar güni   “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew Batly at- myradyň mekany” ýylynyň üstünlikleriniň biri boldy.

Açyk gapylar gününde işjeň çykyş eden mugallymlar we okuwçylar etrabyň bilim bölüminiň taýýarlan  Hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gyzylarbat etrap geňeşi tarapyndan sowgatlar bilen sylaglandylar.

Sylaglary Gyzylarbat etrap bilim bölüminiň müdiri M.Täçmämmedow gowşurdy.

 Açyk gapylar gününde oňa gatnaşanlar  Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary üçin döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza  müň kerem sagbolsunlary aýtdylar. Goý, Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň,Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belen başlary aman bolsun! Il bähbitli, halk ähmiýetli işleri rowaç alsyn!

Gyzylarbat etrap bilim bölüminiň Baş hünärmeni Äşe Hanalyýewa