Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi 2026 — 2027-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary şu ýylyň 22-nji aprelinde we 8-nji maýynda sagat 14:00-da «Açyk gapylar» günlerine çagyrýar.
«Açyk gapylar» günlerinde ýaşlara Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek barada alyp barýan özgertmelerine laýyklykda, Mugallymçylyk mekdebinde taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, okuw-usuly, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, talyplaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin döredilen ähli şertler barada giňişleýin maglumat berler. Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň salgysy: Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň 124-nji jaýy. Telefon belgileri: 90-62-04, 90-63-96.
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi