«AÇYK GAPYLAR» GÜNI
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty 2026 — 2027-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän orta mekdepleriň gutardyş synp okuwçylaryny, harby bölümleriň esgerlerini, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary şu ýylyň 16-njy aprelinde we 14-nji maýynda sagat 15:00-da «Açyk gapylar» gününe çagyrýar. Şol günlerde ýaşlar institutda we onuň ýanyndaky «Infokommunikasiýa» hünär-tehniki okuw mekdebinde alnyp barylýan okuw-usuly, ylmy-barlag, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, sport bilen meşgullanmak, dynç almak üçin döredilen şertler bilen tanşyp bilerler. Şeýle hem institutda we onuň ýanyndaky «Infokommunikasiýa» hünär-tehniki okuw mekdebinde taýýarlanýan hünärler, okamak isleýän ýaşlara bildirilýän talaplar beýan ediler. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýolunyň 68-nji jaýy. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 94-03-38.
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty