Täsirli geçen maslahat
31-nji martda uniwersitetimizde Türkmenistanyň täze konstitusion edarasy bolan Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň 28-nji martda ýekşenbe güni giň bäsleşik esasynda, aç-açanlykda, Türkmenistanyň saýlaw kodeksine laýyklykda geçirilen ilkinji saýlawlarynyň netijelerinde, hormatly Prezidentimiziň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlawçylar tarapyndan biragyzdan saýlanmagyna hem-de Belent Mertebeli Prezidentimiziň başlangyjy bilen Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegine we täze döredilen gazna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny dakmaklyga bagyşlanan maslahat geçirildi.