Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygy bilen “Türkmenistan – Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzda ylmy – bilimi ösdürmek bilen bagly tabşyryklaryna laýyklykda ylym bilen bilimiň arabaglanyşygyny has-da pugtalandyrmak, talyplaryň, aspirantlaryň, ýaş alymlaryň we professor mugallymlaryň toplumlaýyn ylmy barlaglaryny geçirmek üçin ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda sanly tehnologiýa we innowasiýa merkezlerini döretmek bilen bagly işleri geçirmek, häzirki döwrüň wajyp meseleleri bolup durýar. Elbetde, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Ýaş alymlar Geňeşiniň döredilmegi bolsa talyp ýaşlaryň arasynda ýaş zehinleri ýüze çykarmak, ylmy açyşlara höweslendirmek, ylmy işgärleri taýýarlamak bilen bagly döredýän mümkinçilikleri ýurduň ylmy-tehniki we ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga ýardam edýär. Her ýylda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň we talyp ýaşlaryň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşiginde Hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolup gelýärler. Hut bular dogrusynda agzap geçsek, Ylymlar güni mynasybetli 2021-nji ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkezi tarapyndan “Ylymly ýaşlar-berkararlygyň binýady” atly ylmy taslamalaryň Sergi bäsleşigine 8 sany taslama işi hödürlenip, olardan 4-si baýrakly orunlara mynasyp boldy.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň keselleriň öňüni alyş fakultetiniň 6-njy ýyl talyby Kemal Hudaýberdiýewiç Allaberdiýew “Üzärligiň otundan (peganum harmala l.) tinktura almagyň tehnologiýasy we mikrobiologik derňewi” atly taslama işi bilen – himiýa ugry boýunça II baýrakly orun;
Ylmy ýolbaşçysy: Mikrobiologiýa kafedrasynyň müdiri Annaberdiýewa Mähri Kakajanowna; Farmasiýa kafedrasynyň müdiri Gurbanow Ilmyrat Gurbanowiç; Farmasiýa kafedrasynyň mugallymy Teşäýewa Aýsoltan Teşäýewna.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, pediatriýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Sylap Şatlykowiç Sylapow “Agaç-ösümlik galyndylaryndan arassalaýjy serişdesini almagyň usuly” atly taslama işi bilen – himiýa ugry boýunça III baýrakly orun; Ylmy ýolbaşçysy: Okuw bölüminiň hünär derejeli usulçysy Aşyrowa Jemal Hydyrowna.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kesel bejeriş fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Muhammedaly Döwranowiç Atabaýew “Adam bedeniniň ösüşini we gurluşyny öwrenmekde sanly bilim tehnologiýalarynyň tutýan orny” atly taslama işi bilen – programma üpjünçilik ugry boýunça II baýrakly orun;
Ylmy ýolbaşçysy: Adam anatomiýasy, topografiki anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň mugallymy Berdiýewa Merjen Abdykerimowna.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kesel bejeriş fakultetiniň 1-nji ýyl talyplary Döwrangeldi Bazarowiç Kasymow, Merdan Sapargeldiýewiç Pürliýew, Baky Begenjowiç Begençow “Adam anatomiýasyny özleşdirmekde innowasion çemeleşmeler” atly taslama işi bilen – programma üpjünçilik ugry boýunça III baýrakly orun.
Ylmy ýolbaşçysy: Adam anatomiýasy, topografiki anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň mugallymy Berdiýewa Merjen Abdykerimowna.