Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda iňlis dilinde düzme ýazmak boýunça uniwersitetimiziň Kesel bejeriş fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Garlyýewa Gülhan 3-nji oruna mynasyp eýesi boldy

“Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany ýylynda” ýaşlaryň arasynda zehinleri ýüze çykarmak, döwletimiziň alyp barýan hoşniýetli daşary syýasaty babatda bilimlerini artdyrmak, ýaşlarymyzyň ata Watanymyza bolan söýgüsini çuňlaşdyrmak maksady bilen 2020-nji ýylyň oktýabr aýynyň 13-inden 27-si aralygynda online görnüşde, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Durnukly ösüş maksatlary biziň aňymyzda we hereketlerimizde” (Sustainable Development Goals are in our mind and actions) atly iňlis dilinde düzme ýazmak boýunça uniwersitetimizden Kesel bejeriş fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Garlyýewa Gülhan 3-nji oruna mynasyp eýesi boldy.