Halkara hyzmatdaşlyk

2022-nji ýylyň 27-nji maýynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň “Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersiteti” bilen bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek barada öň gazanylan Ähtnamanyň çäklerinde, hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem güýçlendirmek maksady bilen, ady agzalan ýokary okuw mekdebiniň Deri we wenerologiýa kafedrasynyň müdiri, professor R.A.Satretdinow tarapyndan “Pigment kserodermiýa” atly tema boýunça uniwersitetiň mugallymlary we talyplary üçin umumy sapak geçirildi. Onuň dowamynda professor deri keselleriniň öňüni almakda we bejermekde häzirki döwürde ýetilen sepgitler barada giňişleýin maglumatlary berdi.