“El hünäri - il gezer“

2022-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda „El hünäri - il gezer“ atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu bäsleşige ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleri bilen birlikde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary hem işjeň gatnaşyp, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hormat hatyna mynasyp boldylar.