,,El hünäri – il gezer”

2021-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde „Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany“ ýyly mynasybetli ýokary okuw mekdebiniň ilkinji zenanlar guramasy, kärdeşler arkalaşygy we Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasy tarapyndan ,,El hünäri – il gezer” atly bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik talyp gelin-gyzlar üçin ene-mamalarymyzdan galan gadymy däp-dessurlary, edim-gylymlary ýaýmakda ýokary terbiýeçilik ähmiýetine eýedir.