Hormatly Prezidentimiziň Sanly Bilim konsepsiýasyny durmuşa geçirmek hem-de talyp ýaşlaryň bilim derejesini kämilleşdirmek maksady bilen, sanly Bilim portalynyň üsti bilen “Ekologiýa we daşky gurşawy goramak” dersi boýunça olimpiada geçirildi. Olimpiada uniwersitetiň ähli fakultetlerinden 38 sany talyp işjeň gatnaşdy. Olimpiada testler we dürli meseleler çözmek görnüşinde geçirildi. Olimpiadanyň netijesi boýunça şu aşakdaky talyplar ýeňiş gazandylar:
Baş baýrak – Pediatriýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Setdar Setdarow, I orun – Kesel bejeriş fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Aýgül Mämmetgurbanowa, II orun – Kesel bejeriş fakultetiniň 1-nji ýyl talyplary Ýazmyrat Mazyýew we Jemşit Garaýew, III orun – Kesel bejeriş fakultetiniň 3-nji ýyl talyplary Şatlyk Tekäýew we Saparmuhammet Annageldiýew, Kesel bejeriş fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Muhammedaly Atabaýew.