“Gistologiýa, embriologiýa, sitologiýa” dersinden geçirilen bäsleşigiň netijeleri
![](https://tdlu.edu.tm/storage/app/uploads/public/656/5ce/e95/6565cee95bfae310483797.jpg)
2023-nji ýylyň 22-nji noýabrynda sanly bilim portalynyň üsti bilen Gistologiýa, embriologiýa, sitologiýa dersinden bäsleşik geçirildi.Bäsleşige kesel bejeriş, pediatriýa, keselleriň öňüni alyş, harby lukmançylygy,dikeldiş we sport lukmançylygy hem-de stomatologiýa fakultetleriniň 2-nji ýyl talyplary gatnaşdylar. Baýrakly orunlara kesel bejeriş we pediatriýa fakultetleriniň talyplary mynasyp boldular:
I orun – Mollaýewa Ogulsapar, Muzafarowa Aýlar.
II orun –Mekanmyradowa Güljemile, Sähedow Amantagan.
III orun –Agöýliýewa Gülhajar, Jepbarowa Sona, Jumagulyýewa Aýgözel, Ahmedowa Mähri.