Ders bäsleşiginiň netijeleri:

Dekabr  aýynyň  17-ne ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny”, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa ornaşdyrmagyň çäklerinde Biologiýa dersi boýunça Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan gurnalan döwlet  onlaýn ders bäsleşigine Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk  uniwersitetiniň 18 talyby gatnaşdy.  Olardan Kesel bejeriş fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Tekäýew Şatlyk, Annageldiýew Saparmuhammet I orna, Kesel bejeriş fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Nazarow Babajan, Kesel bejeriş fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Agamyradow Atamyrat, Pediatriýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Meredow Azat II orna,  mynasyp boldylar.