Ders bäsleşiginiň netijeleri:

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Göz keselleri kafedrasy boýunça pediatriýa fakultetiniň 5-nji ýyl 8501-nji we arassaçylyk we keselleriniň ýaýramagyna garşy göreşmek iş hünäriniň 4-nji ýyl A-41-nji toparlarynyň talyplarynyň arasynda 2023-nji ýylyň Maý aýynyň 10-na “Göz keselleri” dersi boýunça Sanly bilim portaly arkaly ders bäsleşigi geçirildi.

Talyplar bäsleşige gowy taýýarlykly gelendiklerini görkezdiler. Bäsleşigi geçirenler Göz keselleri kafedrasynyň müdiri, assistentleri we kliniki ordinatorlary. Bäsleşik gyzgalaňly geçdi.


Ders bäsleşigiň netijeleri boýunça üstünlik gazanan talyplar:

1-nji orun 4-nji ýyl talyby: Mehmanow Sünnetjan. A-41-nji topar.

2-nji orun 4-nji ýyl talyby: Orazberdiýew Gadam. A-41-nji topar.

3-nji orun 5-nji ýyl talyby: Jumagulyýewa Ogulşat. 8501-nji topar.

3-nji orun 4-nji ýyl talyby:  Abdullaýew Kerwen. A-41-nji topar.