“Ýaşlaryň sesleri Darýa 2024”

Ýewropanyň Bilim gaznasynyň (ETF) gurnamagynda DARYA (Merkezi Aziýada zehinli ýaşlar üçin gepleşik we hereket) atly taslamanyň çäklerinde “Ýaşlaryň sesleri Darýa 2024” atly söhbetdeşlik hem-de sorag-jogap alyşmak çäresi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Bilim Ministrligi, Gazagystan Respublikasynyň Merkezi Aziýa boýunça koordinatory hem-de ýurdumyzyň onlarça Ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. “Ýaşyl başarnyklar” atly pikir alyşma görnüşinde geçirilen bu maslahat, talyp ýaşlaryň gözýetimini has-da giňeltmäge, olaryň bilimlerini çuňlaşdyrmaga giň mümkinçilikleri döretdi. Bu sorag-jogap görnüşinde geçirilen maslahat ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, howanyň üýtgemegi hem-de sebitiň ekologiýa meselelerini öz içine aldy.


Maslahatyň dowamynda, Howanyň üýtgemegi we tebigy betbagtçylyklar ýaşaýşa nähili derejede täsir edýändigi, daşky gurşawy goramak üçin haýsy çäreleri geçirilmeginiň zerurlygy barada, howanyň üýtgemegi we tebigy betbagtçylyklaryň döremeginiň esasy sebäpleri we beýleki birnäçe wajyp meseleler sorag-jogap arkaly maslahatlaşyldy.


Maslahata biziň uniwersitetimizden Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasy tarapyndan “Ekologiýa we daşky gurşawy goramak” gurnagyna işjeň gatnaşýan zehinli talyplarymyzyň 10 sanysy gatnaşdylar. Talyp ýaşlarymyz bu maslahatda ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça  pikirlerini dürli dillerinde beýan etdiler.