2024-nji ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň we Türkmenistanyň ÝUNESKO Klublarynyň we Kafedralarynyň ýolbaşçylaryndan ybarat wekiliýet köp ýyllardan bäri hereket edip gelýän öňdebaryjy Belarus Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň Klublar Assosiasiýasynyň we ÝUNESKO Kafedralarynyň tejribesini öwrenmek maksady bilen Minsk şäherinde iş saparynda boldular. Türkmen wekiliýetleri 1989-njy ýylda döredilen Belarus Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň Klublar Assosiasiýasynda, Minsk şäherindäki 161-nji orta mekdebiniň düzüminde açylan ÝUNESKO Klubynda şeýle hem Minsk Döwlet Lingwistiki uniwersitetiniň ÝUNESKO Kafedralarynda bolup, halkara hyzmatdaşlygyny ilerletmekde, forumlary alyp barmakda, proýektleri gurnamakda olaryň alyp barýan işleri bilen içgin gyzyklandylar.