ÝUNESKO Klubynyň işjeň agzalary onlaýn ylmy-usuly maslahata gatnaşdylar

2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” ÝUNESKO kafedrasynyň guramagynda “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimini öwretmekde zenan alymlaryň ylmy işleriniň dabaralandyrylyşy” atly onlaýn ylmy-usuly maslahatyna Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO klubynyň işjeň agzalary gatnaşdylar we çykyş etdiler.