Aziýa uniwersitetleriniň Assosiýasiýasyna girmegiňiz bilen gutlaýarys!

     2024-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlyk baýramynyň 33 ýyllygy mynasybetli professor-mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda “Türkmenistanyň­ Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni esaslandyryjydyr” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatda edilen çykyşlarda Garaşsyzlygyň beren miweleriniň, Watan mukaddesliginiň, bilim, ylym we saglyk ulgamlarynda ýetilen sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň ähmiýeti erş-argaç bolup geçdi.