Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gezelenç

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň dowamynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ilkinji zenanlar guramasy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly açylan bir ýyllyk wagtlaýyn sergini görmek we tanyşmak maksady bilen uniwersitetiň talyp ýaşlary üçin syýahatçylykly gezelençleri gurnaýar.

    2024-nji ýyly “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi türkmen ýaşlarynyň aňynda milli mirasymyzyň nusgalyk görnüşlerini giňden ornaşdyrmakda, wagyz etmekde, ýaşlarymyzyň zehinli, edenli, ugurtapyjy bolmaklary ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň nyşanydyr. Ýaşlarymyzda görelde bolup duran her bir şahsyýetlerimizi öwrenmek, olaryň ykballary hem-de döredijiligi bilen tanyşmak her birimiz üçin gyzyklydyr. Türkmen tebigatymyzyň gözelligini, türkmen sährasyny, onuň gül-gülälekli meýdanyny, zenan waspyny, edep-ekramyny, görüm-göreldesini setirlerine siňdiren Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragy tebigat we ynsan durmuşyny baglanyşdyran şahyrlaryň biridir.

    Pederlerimiziň arzuwlan Berkarar döwletimizde Magtymgulynyň şygyrlar bossany dünýäniň dürli dillerinde terjime edilip, has giňden ýaýrady. Munuň aňyrsynda Pyragynyň dünýä nusgalyk paýhasynyň täsin syrlary diňe bir Gündogaryň öwrenijileri däl, eýsem, dünýä alymlaryny barha özüne çekýändigidir. Bu bolsa, Magtymgulynyň umumadamzat kalbynyň şahyry, akyldarydygynyň nyşanydyr.

    Döwlet muzeýinde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly şygar bilen gurnalan bir ýyllyk wagtlaýyn sergi talyp ýaşlarda uly täsir galdyrýar.

    Sergä syýahatçylykly gezelenje gelen talyp ýaşlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredilen mümkinçilikler üçin öz hoşallyklaryny beýan edip, janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny arzuw edýärler. Türkmen halkynyň has bagtly we röwşen geljeginiň hatyrasyna alyp barýan taýsyz tagallalary üçin çuňňur minnetdarlyk bildirýärler. Türkmenistan Watanymyzy gülletmek ugrunda alyp barýan döwlet ähmiýetli işlerinde rowaçlyklary arzuw edýärler.