Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2024)

2024-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda «Ýyldyz» myhmanhasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady. Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän giň möçberli forumda ýurdumyzda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


Forumyň işine dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriň we ylmy merkezleriň wekilleri hem-de ýolbaşçylary gatnaşýarlar.


Halkara çäresiniň resmi açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly gutlag sözi bilen ýüzlendi.