Türkmen oba hojalyk institutynyň gurnamagyndaky onlaýn ylmy-okuw maslahatlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamynda kämil hünärmenleri taýýarlamak barada berýän anyk tabşyryklaryny durmuşa geçirmek maksady bilen Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyp ýaşlary 2024-nji ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda Türkmen oba hojalyk institutynyň gurnamagynda geçirilen “Sanly modeller we olary çözmegiň käbir usullary”, “Iri şahly mallaryň hroniki endometriti” atly onlaýn ylmy-okuw maslahatlaryna gatnaşdylar.