Iňlis dili ugry boýunça “Edward de Bono's 6 Thinking hats for working with texts and group discussions” temasyndan okuw sapagy geçirildi

2024-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanyp, ylymly-bilimli, giň gözýetimli, okatmagyň häzirki zaman innowasion usullaryndan oňat baş çykarýan, kämil hünärmenleri taýýarlamak baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, ýaş mugallymlaryň hünär taýýarlygyny artdyrmak we olaryň ylmy-döredijilik işine höwesli çemeleşmeklerini gazanmak, “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwrenmek we öwretmek maksady bilen  Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlary tarapyndan iňlis dili ugry boýunça “Edward de Bono's 6 Thinking hats for working with texts and group discussions” temasyndan okuw sapagy geçirildi.