“Talyp gözeli – 2025” atly gözellik bäsleşigi geçirildi

2025-nji ýylyň fewral aýynyň 26-na, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara zenanlar güni mynasybetli talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilişini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde ähli fakultetleriň talyp gyzlarynyň arasynda “Talyp gözeli – 2025” atly gözellik bäsleşigi geçirildi.
Ýeňiji bolan talyp gyz paýtagtymyzda şu ýylyň mart aýynyň başynda geçiriljek jemleýji bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandy.