
2024-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Bilim Ministrligi we “Emirates Environmental Group” guramasy tarapyndan geçirilýän “Ekologiýa meseleleri boýunça köpçülikde çykyş etmekde ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bäsleşige” Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň zehinli talyp ýaşlary hem gatnaşyp, “Klimaty aýawly saklamak boýunça işleri ýöredýän düşünjeli jemgyýet” we “Garaşylýan eko-syýahatlar: Tebigaty goramak we durnukly syýahatçylyk” atly temalar bilen üstünlikli çykyş etdiler. Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi, howanyň üýtgeýän döwründe, daşky gurşawyň durnuklylygyny gazanmak üçin çäreleri öňünden görmäge kömek berýär. Ekologiýa meseleleri boýunça ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky çykyşlaryň barşynda, howanyň üýtgemegi we tebigy betbagtçylyklaryň durmuşa edýän täsiri, daşky gurşawy goramak üçin çäreleriň geçirilmeginiň zerurlygy barada aýdylyp geçildi.