“Talyp gözeli – 2026” atly gözellik bäsleşigi geçirildi

2026-njy ýylyň fewral aýynyň 23-ne, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara zenanlar güni mynasybetli talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilişini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde ähli fakultetleriň talyp gyzlarynyň arasynda “Talyp gözeli – 2026” atly gözellik bäsleşigi geçirildi.

Ýeňiji bolan talyp gyz paýtagtymyzda şu ýylyň mart aýynyň başynda geçiriljek jemleýji bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandy.