“Talyp gözeli -2024”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2024-nji ýylyň 26-njy fewralynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ähli fakultetleriniň talyp gyzlarynyň arasynda “Talyp gözeli -2024” atly gözellik bäsleşigi geçirildi. Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen bu bäsleşige gatnaşyjylar el işleri, milli naharlary taýýarlamak, şeýle-de özleriniň teatr döredijiligine we saz sungatyna bolan ukyplaryny görkezdiler.