“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe lukmançylyk ylmynyň gadamlary”

2024-nji ýylyň 6-njy iýunynda Ylymlar güni mynasybetli Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe lukmançylyk ylmynyň gadamlary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. 

Maslahatda edilen çykyşlarda ýurdumyzyň lukmançylyk ylymyny we bilimini ösdürmek, dünýäniň tehnologiýalar giňişliginde bäsleşige ukyply ýaş alymlary kemala getirmek, häzirki zaman ylmynyň ýeten sepgitlerini we ýaşlaryň ylmy-barlag işleriniň netijelerini jemgyýetçilige ýetirmek barada bellenip geçildi.